Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (02.05-08.05)
Howa maglumaty gullugynyň çaklamasyna görä, geljek hepde Türkmenistanda ýagynly howa bolup, temperaturanyň durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Temperatura hepdäniň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde biri-birinden düýpgöter tapawutlanar - bir sebitde +20 dereje bolsa, başga bir sebitde yssylyk +40 derejä ýeter.
Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni 2,2 mm-e çenli ygalyň düşmegine garaşylýar, temperatura bolsa +20 dereje töweregi bolar. Sişenbede ýagşyň ýagmasy güýçlenip, 9,8 mm-e çenli ygal düşmegi mümkin, howa +21 derejä çenli gyzar. Çarşenbe güni 4,7 mm-e çenli ygal düşmegi mümkin, termometriň sütünjigi bolsa şol gün +25-i görkezer. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni temperatura +29 dereje, howa üýtgäp durýan bulutly bolar diýip çaklaýar. Anna güni çabga ýagmagy mümkin - 2 mm-e çenli ygal düşer, temperatura bolsa +31 derejä çenli gyzar. Şenbe güni temperaturanyň ýokarlanyp, +34 derejä ýetmegine, az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ýekşenbede termometriň sütünjigi +28 derejä çenli aşaklar we gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagy mümkin.
Balkan welaýatynda duşenbe gününden çarşenbä çenli howanyň aňrybaş gyzgynlygy +22 - +23 dereje töweregi bolar, hepdäniň ilkinji güni az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Çarşenbe güni howa +28 derejä çenli gyzar we temperatura şol derejede şenbe gününe çenli saklanar. Anna güni az-kem ygalyň düşmegi mümkin. Ýekşenbede temperatura +24 derejä çenli aşaklar.
Daşoguz welaýatynda hepdäniň duşenbe güni güýçli ýagyş ýagyp, 16,9 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, temperatura bolsa şol gün +20 derejeden geçmez. Sişenbe güni howa birden +27 derejä çenli gyzar we anna gününe çenli howanyň aňrybaş temperaturasy şol derejede saklanar. Şenbe güni şemalyň güýçlenip, tizligi sekuntda 19 metre ýetmegine garaşylýar, howa bolsa şol gün +35 derejä çenli gyzar diýip çaklanylýar. Ýekşenbe güni hem güýçli şemal bolar, temperatura bolsa +31 derejä düşer.
Mary welaýatynda duşenbede temperaturanyň +28 dereje bolmagyna, wagtal-wagtal güýjäp durýan, tizligi sekuntda 18 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Sişenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasy +26 derejä çenli aşaklar we 2.8 mm-e çenli ygal düşer. Çarşenbe güni az-kem agyş ýagmagy mümkin, temperatura bolsa +29 derejä çykar. Penşenbede 4,1 mm ygalyň düşmegi mümkin, termometriň sütünjigi bolsa +29-y görkezer. Anna güni howa gyzyp, +35 derejä ýeter, şenbe güni bolsa gyzgynlyk +39 derejä çykar. Ýekşenbede howa +37 dereje bolar we tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal öwser.
Lebap welaýatynda howa maglumaty gullugy duşenbede 1,5 mm-e çenli ygal düşer we aňrybaş temperatura +31 derejede saklanar diýip çaklaýarlar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +24 derejä çenli aşaklar. Temperaturanyň çarşenbe we penşenbe günleri +29 dereje bolmagyna garaşylýar. Anna güni howa +33 derejä çenli gyzar, soňra şenbe güni termometriň sütünjigi +38 derejäni görkezer we ýekşenbede howa +40 dereje bolar.
@tmcars.info

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.