Pikirlen, nähili başarmaly?

Nähili başarmaly? "Ýedi ölçe, bir kes" Haýsy hem bolsa bir maksadyň eýesi bolanyňdan soňraky ikinji ädim ol maksadyňa ýetmek üçin gerek ýollary saýlamakdyr. Bu ýollaryň iň gysgasyny, iň amatlysyny, iň dogrusyny häsiýetlendirýän ulgama "strategiki planlama" diýilýär. Strategiki planlamanyň maksady üstünlik üçin dogry bir ýol kartasyny häsiýetlendirmekdir.
Bir planyň eýesi bolmak näme üçin peýdaly? Plan, pikiriň dolandyrylmagy diýmekdir. Ol ynamy artdyrmak bilen bir hatarda barlag duýgusyny oýandyrar. Näbelliligiň emele getirijisini ortadan ýoklaýar. Planlama ýalňyşlyk goýbermegiň üstüne düşen paýyny azaltýar. Planly hereket etmek, başda pikirlenip, soňra herekete geçmek diýmekdir.
Käbir kitaplarda dürli milletleriň planlamaga bolan garaýşy şeýle beýan edilýär.
" Ýewropalylar bir işi etmekden ozal ilki pikirlenýärler we soňra ol işi ýerine ýetirýärler. Olarda şonuň üçin öňe gidişlik bolýandyr. Emma Afrikalylar işi başda ýerine ýetirýärler we soňra pikirlenýärler. Şonuň üçin hem yza galýarlar. Biz türki milletler bolsa "Kerwen ýolda düzüler" düşünjesi bilen bir işi ol işi ýerine ýetirýän pursatymyzda pikirlenýäris. Şonuň üçin hem ne öňe gidişlik bar ne-de yza galmak"
Planly ýaşamak: başda pikirlenip soňra herekete geçmek diýmekdir.

Üstünligiň_Syrlary
5 лайков 100 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.