Okaň lezzet alyň

GORKMAK GEREK DÄL...

Gorkmak gerek däldir, gara dumandan,
Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy.
Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl,
Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy.

Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl,
Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden.
Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa,
Enäń gözýaşyndan heser et, her dem.

Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl,
Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan.
Heder et dosturap ýüzüñe gülip,
Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden.

Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden,
Içini pis basan, kiçijikden gork.
Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden,
Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork.

Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden,
Dirilerden hergiz ätiýaçly bol.
Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ,
Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol.

Ilkinji nobatda özüñe ynan,
Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde.
Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar,
Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde.

Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden,
Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek.
Çekinme urgudan, dogruçyllykdan,
Damja ýalan gepden, gork oña derek.

Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide,
Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem.
Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz,
Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden.

Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan,
Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan!

Kerim HALLY.
1 лайков 682 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
03 май 2022, 09:37
Не надо бояться густого тумана,
Не надо бояться пустого кармана.
Не надо бояться ни горных потоков,
Ни топей болотных, ни грязных подонков!

Не надо бояться тяжёлой задачи,
А надо бояться дешёвой удачи.
Не надо бояться быть честным и битым,
А надо бояться быть лживым и сытым!

Умейте всем страхам в лицо рассмеяться, -
лишь собственной трусости надо бояться!

1978г.


Евгений Евтушенко
Chelsea
Автор 03 май 2022, 09:43
Pegas,
Terjime edipdirdä türkmen diline?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 09:50
Käbir rus dilini bilmeyanler okamana gowy is edipdir. Buda bir peydaly is
Pegas
03 май 2022, 09:51
Chelsea
Pegas,
Terjime edipdirdä türkmen diline?

Terjime etse, "Terjime etdim" diýilýär. "Öz goşgym" diýlenok, üstesine çykaran kitabyňa hem ady dakylanok.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 09:52
Pegas,
Haýsy kitabyna nähili at dakypdyr
Pegas
03 май 2022, 09:55
Chelsea
Pegas,
Haýsy kitabyna nähili at dakypdyr

"Gorkmak gerek däldir..." diýen kitaby bar. Meşhurlar bilen bolmajyn bolup okap, klibinem çykardy.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 09:57
Pegas,
Google -da klipleri köp eken. Men edebiýatdan başyma çykanok welin terjime etmek, öýkünmek diýip zat barmy edebiýatda?
Terjime etsede öz dilindäki terjime edilen goşgyň awtory özi bolýa dämi? Hemem üýtgeden ýeri bardyr, edil kopýa meňzeş bolmasa özüninki dp bioyamika diyyan?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 10:00
Pegas,
Bu temadan dasary(Kerim Hallyyewden dasary)
Gozel Sagulyyewa gaty okde yazyjymyka diyyan. Bey diysem yalnys dusunme. Zehin gaty guycli yaly men un. Yone su kosk sahyry bolanlygyndanmy stilini uytgedipdir yaly. Aslynda zehin gaty uly. Belki yalnysyandyryn. Ramkan icinde saklanan zehin goz onune getir
Pegas
03 май 2022, 10:03
Hemem niresi terjimä meňzeýär? Originaly 3 bent, muňky 9 bent. Beýle plagiatlygy etmek üçin halys wyždansyz bolmaly.
Pegas
03 май 2022, 10:03
Gözel - güýçli şahyr. Irki aýdyma öwrülen goşgulary hasam gowy.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 10:04
Pegas,
Sapa Hommadow şu Kerim Hally diyilyan bn yuzbe yuz geplesip gordunmi?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 10:07
Pegas,
Hawa, menem irki gosgularyny goz onune tutdym. Bir geplesikde okady irki gosgularyndan 2-3 sanysyny. Soygi temadady oytyan
Гость
03 май 2022, 10:54
Pegas,
Şul oglany poçti ýyldyz etdiler estrada ýyldyzlary.Bul oglan beter pullymy,tanyşlary güýçlimi ,nähili sebäbi bar, bul oglany şeýle goldaýalar?!
Chelsea
Автор 03 май 2022, 10:55
Гость,
Su sorag menem gyzyklandyryar?!
My life
03 май 2022, 12:05
Bah, terjime edilen goshga oz goshgym diyyarmikâ. ?
noname
03 май 2022, 12:11
Pacti özüninki. Remix edip cykarypdyr
Mümkin
03 май 2022, 12:55
Гость,
Bul oglanyñ beýle goldanylmagynyñ sebäbi çendenaşa halkysyrap ýazýar."Garyp şahyr" profilini ussatlyk bilen çekýär.Goşgularynda şahyrana inçelik,çeperçilik ýok.Bulam poeziýa düşünmeýän adamlaryñam oña düşünmegine getirýär.Şeýlelikde, Kerim Hally halkyñ poeziýanyñ "p" - syna düşünmeýän böleginiñ söýgüli "şahyryna" öwrülýär.Bu bölegiñ bolsa halkyñ aglaba köpçüligini eýeleýändigini göz öñünde tutsak bu geñ galarlykly ýagdaý däl.
Şuny şeýle pikir ediñ:Poeziýa düşünmeýänleriñem öz "şahyry" bolmaly ahyry :))
Chelsea
Автор 03 май 2022, 14:01
Mümkin,
Menem poeziya dusunemok. Yone muny soyguli sahyrym hasaplamok. (Ozume cekdim) Suny kop yerde tankytlayalar. Sebabini adamlar kopculoginden su yerde bilmek un acdym. Birini asa owseler ya birini asa dowseler gyzyklanmam sona tarap has kopelyar.
Mümkin
03 май 2022, 14:44
Chelsea,
Men bolsa tersine şu we şundan öñki açan mowzuklaryñdan şu köçe goşguçysyny halaýandygyñy duýdum.
Eger halamaýan bolsañ,diýmek,poeziýa düşünmeýänleriñem içinde ýek-tük ony halamaýanlar bar diýmekdir.Zelel däl."Istisnalar kaydeyi bozmaz".
Bu babatda gyzyklanmagyña gelsek,sen aýtmyşlaýyn,Kerim Hallyny aşa tankytlamagam bir reklama saýylyp bilner.
Tankytlanmagynyñ sebäbinem ýokarda düşündirdim.Bu köçe goşguçysyna "şahyr" diýilmegi meniñ ýaly intellektual poeziýa okyjylaryny (Öwünmek hasap etme!) bimaza edýär.
Pegas
03 май 2022, 14:52
Chelsea
Pegas,
Google -da klipleri köp eken. Men edebiýatdan başyma çykanok welin terjime etmek, öýkünmek diýip zat barmy edebiýatda?
Terjime etsede öz dilindäki terjime edilen goşgyň awtory özi bolýa dämi? Hemem üýtgeden ýeri bardyr, edil kopýa meňzeş bolmasa özüninki dp bioyamika diyyan?

Hiç hili bolanok. Ol-a käbir setirleriniň sözme-söz terjimesi eken, diňe äheň meňzeşligi bolsa-da, goşgyň, pikiriň eýesiniň ady getirilip, ýokarsyndan epigraf ýa perefraza alynmaly. Halys haýwan bolmadyk ýazýançy adamyň elementar etikasy şol.
Maksat
03 май 2022, 15:13
"Bul oglanyñ beýle goldanylmagynyñ sebäbi çendenaşa halkysyrap ýazýar."Garyp şahyr" profilini ussatlyk bilen çekýär.Goşgularynda şahyrana inçelik,çeperçilik ýok."

Halkysyramak näme? Garyp şahyr profili nähili çekilýär? Şahyrana, inçelik, çeperçilik nähili bolmaly?!
Maksat
03 май 2022, 15:19
"Şeýlelikde, Kerim Hally halkyñ poeziýanyñ "p" - syna düşünmeýän böleginiñ söýgüli "şahyryna" öwrülýär."

Kerim Hally ýa-da islendik bir kişiniň goşgusyny halamak, ony okamak poeziýanyň "p" harpyna düşünmeýändiklerini aňladýarmyka? Gep düşünmek bolsa, orta okuw mekdeplerinden ýarty kitaby çykaraýmaly. Poeziýa nähili düşünmeli? Poeziýanyň tutuş harplaryna düşünenleriň dünýagaraýşy, söýgüli şahyrlary, hemme kitaplara garaýşy nähilikä?! Hökman bir goşgyny ya-da adamy halamak üçin poeziýanyň hemme harplaryna düşünmeklige mätäçmikä adamlar?!
Maksat
03 май 2022, 15:22
"Tankytlanmagynyñ sebäbinem ýokarda düşündirdim.Bu köçe goşguçysyna "şahyr" diýilmegi meniñ ýaly intellektual poeziýa okyjylaryny (Öwünmek hasap etme!) bimaza edýär."

Bimaza etse, oňa garşy duýdurmagyň, goşgularyna edebi tankyt bermegiň, özi bilen gürleşmäge synanyşmagyň gerekmikä diýýärin, sizem olar ýaly "intellektual" bolsaňyz. Intellektual kişileriň aýratynlygy, umuman aýdanyňda siziň goşgularyňyzyň esasy aýratynlygy we içinde poeziýany doly taryplar ýazylan taraplar haýsyka?! Siziň ýaly okyjylaryň intellektual hasaplaýan zady näme?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:25
Mümkin,
Men "halayanlygym dal" diysem, "yok halayaň" diyyanlay. Halasam halayanlygymy aytmakdan utanmazdym. Her kimin wkusy bolyar. Aytmakdan cekinmezdim. Ozumi ozumden gowy tanayan yaly bolsalar halamokda.
Men dine bir ony halamazlyk dal, umuman edebiyaty halap baramok (duypli dal) sebabi Kawagt dasary yurt edebiyat yazyjylarynyn yazanlaryny okaymasam. (Elifin paylasyanlaryndan we sona menzes eserler.
Mana Kerim Hally ya basga birini dowsunler, reklama etsinler tonnasy 1 kopugede dal yone diýýänä "bir zady asa tankytlasalar ya asa owseler gyzyklanmam artyar. Bir hili show goryan yaly tipa. Bilesigelijilikmi ya basga zatmy seylerakda
Maksat
03 май 2022, 15:25
"Bu köçe goşguçysyna"

Meniň pikirimçe, poeziýa gowy düşünýän, ony doly saýgaryp, öz aňynda sazlaşdyryp bilýän, ussat kişi islendik bir goşgada, ýa-da "islendik" bolmasa-da adaty bir goşga beýle diýmez.
Köçe goşgysy bolmaýan goşgularda şu goşgulardaky sözler däl-de, nähili sözler bolmaly?!
Maksat
03 май 2022, 15:25
Köçe goşgy näme?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:26
Keaip_begcon,
Gaty soragcyl ekenin. Bilip sorayanmy (garsyndakyn diyyan zadyna ozi dusunyamika dp) ya bilman ona bilemok welin
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:30
Pegas,
Men su edebiyata parhsyzlygymmy namemi edebiyatam (yazyjy sahyrlar, howesekler, howes edip okayanlar) ozuce bir ozara politikay wara.
Epigraf we perefrazaly gosgulara gabat gelyan aram aram makalalarda ya kabir kitaplarda. Onda seyle edilende awtory kim bolya?

Mun maksady namedir dp pikir etyan? Onsan menem aydayyn. Belki dendir pikirimiz. Sen edebiyaty menden gowy bilenson ilki ayday
Maksat
03 май 2022, 15:31
Chelsea,
"Her kimin wkusy bolyar"

Bir kişä gowy ýaraýan zat, başga kişä ýaramaz täsir edip biler, bu ýerde poeziýa düşünmeýärler diýip bu gepi has çylşyrymlaşdyrmak, "p" harp we ş.m zatlar diýip owadanlaşdyrmak gerek dälmikä diýýärin sebäbi okaýanlaryň näme köpüsi poeziýa gyzyklanýany üçin, ýa-da poeziýa düşünjek bolup okaýarlarmyka? Olar diňe gabat geldi, okadylar we haladylar. Mundan aňyryk gitjek bolsak ol goşgynyň jemgyýete zyýany we çenden çykan ýerleri bolmaly.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:34
Keaip_begcon,
Meniň pikirimçe, poeziýa gowy düşünýän, ony doly saýgaryp, öz aňynda sazlaşdyryp bilýän, ussat kişi islendik bir goşgada, ýa-da "islendik" bolmasa-da adaty bir goşga beýle diýmez.
Köçe goşgysy bolmaýan goşgularda şu goşgulardaky sözler däl-de, nähili sözler bolmaly?!

poeziýa gowy düşünýän, ony doly saýgaryp, öz aňynda sazlaşdyryp bilýän, ussat kişi islendik bir goşgada, ýa-da "islendik" bolmasa-da adaty bir goşga beýle diýmez yaly adam barmyka bu saytda?