Okaň lezzet alyň

GORKMAK GEREK DÄL...

Gorkmak gerek däldir, gara dumandan,
Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy.
Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl,
Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy.

Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl,
Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden.
Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa,
Enäń gözýaşyndan heser et, her dem.

Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl,
Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan.
Heder et dosturap ýüzüñe gülip,
Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden.

Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden,
Içini pis basan, kiçijikden gork.
Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden,
Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork.

Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden,
Dirilerden hergiz ätiýaçly bol.
Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ,
Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol.

Ilkinji nobatda özüñe ynan,
Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde.
Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar,
Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde.

Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden,
Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek.
Çekinme urgudan, dogruçyllykdan,
Damja ýalan gepden, gork oña derek.

Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide,
Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem.
Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz,
Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden.

Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan,
Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan!

Kerim HALLY.
1 лайков 682 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:41
Keaip_begcon,
Bimaza etse, oňa garşy duýdurmagyň, goşgularyna edebi tankyt bermegiň, özi bilen gürleşmäge synanyşmagyň gerekmikä diýýärin, sizem olar ýaly "intellektual" bolsaňyz. Intellektual kişileriň aýratynlygy, umuman aýdanyňda siziň goşgularyňyzyň esasy aýratynlygy we içinde poeziýany doly taryplar ýazylan taraplar haýsyka?! Siziň ýaly okyjylaryň intellektual hasaplaýan zady näme?


Edil son un menem Pegas, -a Kerim Hally bn yuzbe yuz bolup gordunmi dp soradym. (seret yokara)
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:43
Keaip_begcon,
Mümkin, -e berilyan soraglaryn Pegas, -a hem bersene? Ya Pegas, sen jogaplasanam bolyar. Menem bir zatlara owrenerdim
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:45
Keaip_begcon,
Bir kişä gowy ýaraýan zat, başga kişä ýaramaz täsir edip biler, bu ýerde poeziýa düşünmeýärler diýip bu gepi has çylşyrymlaşdyrmak, "p" harp we ş.m zatlar diýip owadanlaşdyrmak gerek dälmikä diýýärin sebäbi okaýanlaryň näme köpüsi poeziýa gyzyklanýany üçin, ýa-da poeziýa düşünjek bolup okaýarlarmyka? Olar diňe gabat geldi, okadylar we haladylar. Mundan aňyryk gitjek bolsak ol goşgynyň jemgyýete zyýany we çenden çykan ýerleri bolmaly.

Poeziya menem dusunemok. Yone poeziyan p harpyna dusunenok dp kemsitmek maksatda aytsalar eyyam ozuninem bir basy cykmayan bolup biler. Sebabi poeziya dusunyan beyle diyermika?
Pegas
03 май 2022, 15:46
Keaip_begcon
"Tankytlanmagynyñ sebäbinem ýokarda düşündirdim.Bu köçe goşguçysyna "şahyr" diýilmegi meniñ ýaly intellektual poeziýa okyjylaryny (Öwünmek hasap etme!) bimaza edýär."

Bimaza etse, oňa garşy duýdurmagyň, goşgularyna edebi tankyt bermegiň, özi bilen gürleşmäge synanyşmagyň gerekmikä diýýärin, sizem olar ýaly "intellektual" bolsaňyz. Intellektual kişileriň aýratynlygy, umuman aýdanyňda siziň goşgularyňyzyň esasy aýratynlygy we içinde poeziýany doly taryplar ýazylan taraplar haýsyka?! Siziň ýaly okyjylaryň intellektual hasaplaýan zady näme?

Duýduryp gördük. Edebi tankydam etdik. Diňe bize däl, has sylagly, ýaşuly şahyrlaryňam tankydyna: "Siz kim? Maňa siziň tankydyňyz gyzykly däl! Siz meň abraýyma bahyllyk edýäňiz" diýen ýalyrak reaksiýalar bildirdi.
Maksat
03 май 2022, 15:47
Chelsea,
"Gaty soragcyl ekenin. Bilip sorayanmy (garsyndakyn diyyan zadyna ozi dusunyamika dp) ya bilman ona bilemok welin"

Öňem bir alymdan "sen hemmelerden köp bilýäň, ýöne şonda-da näme üçin köp sorag berýärsiň" diýipdir. Olam eline bir taýajyk alyp ýere tegelek çyzyk çyzypdyr, soňam oň daşyndan ýene birini çyzypdyr. "Bu siziň bilýänleriňiz" diýip ilkinji çyzgyny, soňam "meniň bilýänlerim" diýip daşyndakyny görkezipdir. Bir ýerdenä ýa-da düşdi.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:48
Pegas,
Bolup biler. Sen yuze yuz bolup gordunmi. Gurlesip gordunmi Kerim bn?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:48
Pegas,
Sana yokarda gowy sorag berdim. Jogaplasana pikirimiz denmika?
Maksat
03 май 2022, 15:49
Chelsea,
Pegasa näme sorag bereýin?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:50
Millet menem 1 ay bosh. Name etmeli bolsa edip bilyandirisle hooww. Dine adam oldurmeli diymeseniz, gowy bolsun erbet bolsun 1 ay bos. Name diyjek bolyanyma dogry dusunewerinle hooooowww
Maksat
03 май 2022, 15:51
Pegas,
"Duýduryp gördük. Edebi tankydam etdik. Diňe bize däl, has sylagly, ýaşuly şahyrlaryňam tankydyna: "Siz kim? Maňa siziň tankydyňyz gyzykly däl! Siz meň abraýyma bahyllyk edýäňiz" diýen ýalyrak reaksiýalar bildirdi.c

Onda tankyda bolýan däldir, ol şeýle pikir etsin. Dogry mydama dogrudyr. Ýöne bu ýerde bu ýigidi has ulaltýarlar (artykmaç sözler bilen)
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:52
Keaip_begcon,
Öňem bir alymdan "sen hemmelerden köp bilýäň, ýöne şonda-da näme üçin köp sorag berýärsiň" diýipdir. Olam eline bir taýajyk alyp ýere tegelek çyzyk çyzypdyr, soňam oň daşyndan ýene birini çyzypdyr. "Bu siziň bilýänleriňiz" diýip ilkinji çyzgyny, soňam "meniň bilýänlerim" diýip daşyndakyny görkezipdir. Bir ýerdenä ýa-da düşdi.

Doly yazmansyna. Sonda soraglarynam sonca kopelyanini aytjak bolup bir zada diyya
Maksat
03 май 2022, 15:53
Chelsea,
Doly ýadyma düşenok öň okapdym welin.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:55
Keaip_begcon,
Menem birinden esidipdim
Chelsea
Автор 03 май 2022, 15:56
Millet indi Kerim Hally nahili sahyr?

Bolmanam biri ower biri dower. Yone haysam bolsa bir tarapa degisli bolmaly. Gowy yada gowy dal sahyr
Hiayress
03 май 2022, 15:57
Keaip_begcon,
Halkysyramak - bu halkyň häzirki wagtda özüne ýoň edinen adaty, köplençem maç zatlaryny öz goşguňda çuňňur mana gaplanan zatlar hökmünde görkezmäne çalyşmak.
Garyp şahyr profili - bu esasan pahyrsyramak, ýagny ýazyp bilmeseňem, ýazma talantyň, ideýaň, ukybyň bolmasa-da ýazmana mejburlygyň arkaly ýazýanyňy görkezmäne çalyşmak.
Şahyrana, inçelik, çeperçilik - bular goşgyny tasa getirýän faktlar. Dürli-dürli ajaýyp metaforalaryň ulanylmagy, söz artykmaçsyzlygy, labyzlygy, üýtgeşik söz düzümleri.
Maksat
03 май 2022, 16:02
Hiayress,
"Garyp şahyr profili - bu esasan pahyrsyramak, ýagny ýazyp bilmeseňem, ýazma talantyň, ideýaň, ukybyň bolmasa-da ýazmana mejburlygyň arkaly ýazýanyňy görkezmäne çalyşmak."

Munyň nämesi erbet zatka? Iň azyndan şu ýazgynyň aşagyndaky käbir teswirlere garap göz gezdireňde? Onuň islendik bir zat ýazmagy (şu goşgy) onuň ýazyp bilmeýändigini, şol sanda görkezmäne çalyşýandygyny aňladýarmyka?! Hiç kimiň içini görýän, ýa-da bir adama doly düşünip bilen islendik zat ýok. Ýazma talanty her şahyrda-da, azam bolsa bar.
Maksat
03 май 2022, 16:04
Hiayress,
Maç zatlary näme?!
Chelsea
Автор 03 май 2022, 16:05
Keaip_begcon,
Indi sen pikirince su Kerim nahili shahyr? Baha ber hany
Chelsea
Автор 03 май 2022, 16:07
Keaip_begcon,
Men soraglamdana gacyan oytyan?
Pegas
03 май 2022, 16:07
Chelsea
Pegas,
Bolup biler. Sen yuze yuz bolup gordunmi. Gurlesip gordunmi Kerim bn?

Hawa. Kän gezek.
Pegas
03 май 2022, 16:08
Keaip_begcon
Pegas,
"Duýduryp gördük. Edebi tankydam etdik. Diňe bize däl, has sylagly, ýaşuly şahyrlaryňam tankydyna: "Siz kim? Maňa siziň tankydyňyz gyzykly däl! Siz meň abraýyma bahyllyk edýäňiz" diýen ýalyrak reaksiýalar bildirdi.c

Onda tankyda bolýan däldir, ol şeýle pikir etsin. Dogry mydama dogrudyr. Ýöne bu ýerde bu ýigidi has ulaltýarlar (artykmaç sözler bilen)

Goldaýan.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 16:08
Pegas,
Tankytlap gordunmi yuzune? Edebi dilde. Name jogap berdi?
Maksat
03 май 2022, 16:09
Chelsea,
Men bahara berer ýaly edebiýata, poeziýanyň hemme harpyna düşünýän kişi däl. Ýöne islendik kişini tankytlasalar, bu esasanam çynlakaýrak bir mesele bolsa, onda artykmaç sözleri, kemsitmeleri, oňa garaýan we onuň ýüzlenýän toparlaryny kemsitmek we ş.m zatlar dogry zat däl. Meniň pikirimçe o diýen erbet däl, ýöne elbetde teswirlerde aýdyşlary ýaly köp tarapdan pesdigini görüp bilýärin.
Pegas
03 май 2022, 16:11
Chelsea
Pegas,
Tankytlap gordunmi yuzune? Edebi dilde. Name jogap berdi?

Hawa, ýüzüne aýdyp gördüm belliklerimi. "Agam, meni köpçülikde abraýdan düşürjek bolma, Lebapda okap ýöreniňi unutma, üstüňe bir maşyn tat ugradaryn" diýdi. Kontaktyň bar bolsa, aýdaý özüne. Oňarýaň beýle zatlary.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 16:11
Keaip_begcon,
Edebiyata poeziya doly dusunyan adam bar bolmaly. Sen kimler dp hasaplayan seyle adamlar? Atlandyrsana?
Chelsea
Автор 03 май 2022, 16:18
Pegas,
Hawa, ýüzüne aýdyp gördüm belliklerimi. "Agam, meni köpçülikde abraýdan düşürjek bolma, Lebapda okap ýöreniňi unutma, üstüňe bir maşyn tat ugradaryn" diýdi. Kontaktyň bar bolsa, aýdaý özüne. Oňarýaň beýle zatlary.

Bah hehe. Asyl ol kicimi yasy? Men bizden uludyr dp yorn. Uly gorunyar. Degisip diyen bolaymasyn how senem wara
Ozume gerek bolsa kop zady onaryan onarmasamam owrenip etyanle.
Hiayress
03 май 2022, 16:19
Keaip_begcon,
Her bir zatda kada-kanun bar. Iliň azap edip, zehinini siňdirip döreden zadyny öz bähbitiň üçin, öz tanymallygyňy artdyrmak maksat bilen häzirki ýaşlaryň arasynda satyp boljuk şekilli rifma getirip, hakyky eýesiniň adyny tutman, azabyny basgylap, goşgusumak bir zat döretseň elbetde edebiýata şol sanda çekilen zähmet sarpa goýýan adamlaryň arasynda dogry düşünilmez.
Hiayress
03 май 2022, 16:27
Ogurlyk arkaly şahyr bolmana synanyşýan edebiýat ogrusyny tankytlamak üçin edebiýata ýada poeziýa gowy düşünmeklik gerekdäl. Diňe siňdirilen zähmete sarpa goýýan bolmagyň özem ýeterlik.
Maksat
03 май 2022, 16:29
Hiayress,
Ogurlygyna baha bermedimä men onuň. Elbetde ogurlanmagy ýalňyş, ýöne edebiýata we zähmete sarpa goýýan adamlar biraz kemsidiji gürlemese ýagşy.
Hiayress
03 май 2022, 16:40
Keaip_begcon
Hiayress,
Maç zatlary näme?!


sam.sykmaç