Okaň lezzet alyň

GORKMAK GEREK DÄL...

Gorkmak gerek däldir, gara dumandan,
Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy.
Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl,
Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy.

Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl,
Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden.
Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa,
Enäń gözýaşyndan heser et, her dem.

Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl,
Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan.
Heder et dosturap ýüzüñe gülip,
Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden.

Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden,
Içini pis basan, kiçijikden gork.
Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden,
Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork.

Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden,
Dirilerden hergiz ätiýaçly bol.
Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ,
Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol.

Ilkinji nobatda özüñe ynan,
Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde.
Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar,
Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde.

Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden,
Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek.
Çekinme urgudan, dogruçyllykdan,
Damja ýalan gepden, gork oña derek.

Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide,
Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem.
Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz,
Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden.

Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan,
Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan!

Kerim HALLY.
1 лайков 682 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 май 2022, 16:43
Keaip_begcon
Hiayress,
Ogurlygyna baha bermedimä men onuň. Elbetde ogurlanmagy ýalňyş, ýöne edebiýata we zähmete sarpa goýýan adamlar biraz kemsidiji gürlemese ýagşy.


Şahyr:
Gowa gowy diýeň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly söz — bir güýç bolar.

- diýýär. Bularam gowy zada dil çöwürmäne şek edip bilmezdiler. Gowunyň gadyryny bilýändirler. Birem hemme tankytlaýan bolsa ugrunda bardyr.
Maksat
03 май 2022, 16:46
Hiayress,
Tankytlamak başga kemsitmek başga.
Maksat
03 май 2022, 16:56
Hiayress,
"Birem hemme tankytlaýan bolsa ugrunda bardyr."

Bu ýerdäki "hemme" kim?! Görýärin welin instagramda we şu mediýalarda tankytlaýan 2-3 kişi bar bolaýmasa, tutuş "hemmäniň" tankydyny göz öňüne getirmek kyn.
Maksat
03 май 2022, 16:57
Hiayress
Keaip_begcon
Hiayress,
Maç zatlary näme?!


sam.sykmaç

Düşündim.
Hiayress
03 май 2022, 17:18
Keaip_begcon
Hiayress,
"Birem hemme tankytlaýan bolsa ugrunda bardyr."

Bu ýerdäki "hemme" kim?! Görýärin welin instagramda we şu mediýalarda tankytlaýan 2-3 kişi bar bolaýmasa, tutuş "hemmäniň" tankydyny göz öňüne getirmek kyn.


Agam her bir zady çeýnäp berip biljek däl.
Mümkin
03 май 2022, 18:29
Keaip_begcon,
Salam.Käşgä bu jedel mgbtym kän bolan wagty gozgalsady.Zelel däl.Bilenlerimi başardygymdan bir teswire sygdyrjak bolaýyn.
Halkysyramagyñ nämedigini bilmek üçin ilki eseri halky dilde ýazmagyñ nämedigini bilmeli.
Halky dilde ýazmak bu halk köpçüliginiñ durmuşyna mahsus bolan wakalary,pikirleri we ş.mleri beýan etmek.
Halkysyramak ýasama halkylyk.Kerim Hallyda ýasama halkylyk bar.
Garyp şahyr profili nähili çekilýär?
"Men seniñ iñ garyp aşygyñ keýgim" diýen setirinden başlap,özüniñ çopandygyna çenli aýdan "şygyrlary" bar.Munam nähili aýdýar bilýäñizmi? Ýörite nygtap,şu ýagdaýdan lezzet alyp aýdýar.
Şahyrana inçelik we çeperçilik diýlen zatlary duýmak isleseñ ýekeje mysal hökmünde Nobatguly aganyñ goşgularyny maslahat berýän.
Okaýanlaryñ köpüsi poeziýa düşünjek bolup ýa gyzyklanyp okaýarmyka diýipsiñ.Ana üstünden bardyñ.
Hakyky okyjy goşguny gözläp tapýar.Poeziýa düşünjek bolup we gyzyklanyp okaýar.Olar juda seýrek.
Köçe goşguçysy bolanda şygra dört setir we on bir bogundan ybarat zat hökmünde garaýanlar.
Köçe goşgusynda ýokardakydan üýtgeşik nähili sözler bolmaly diýipsiñ.Mesele onuñ agzaýan sözleridir öýdüpmidiñiz?! Mesele şol sözleriñ birleşeninde berip bilýän duýgusy,pikri,şahyrana inçeligi.
Poeziýa düşünýänler kimleri okaýar diýipsiñ.Poeziýa düşünýänler çeperçilige,şahyranalyga baý bolan goşgulary okaýar.
Men onuñ "goşgulary"hakda pikrimi ýüzüne aýtmaga borçlymy? Eger kämilleşmek niýetinde bar bolsa öz goşgularyna ýazylan teswirler bilen gyzyklanyp kämilleşip biler.
Ýöne ol huç haçanam özüni şu durkundan üýtgetmez.Sebäbi şeýtse,öz muşdaklaryny ýitirjeginden gorkýar.Muşdaklary bolsa şu zeýilli "goşgulardan" başgasyna düşünip bilenoklar gynansagam.Ýogsam olar bilmeýändir öýdýäñizmi Nobatgulyny,Seýitmyrady we ş.mleri okamagy.
Aý ýöne,olaryñ aglabasy bu şahyrlary tanaýanam däldir.
Maksat
03 май 2022, 18:37
Hiayress,
Çeýnäm bermegiň geregi ýok, men ýönekeýje zatlary dile getirdim.
Maksat
03 май 2022, 18:46
Mümkin,
"Okaýanlaryñ köpüsi poeziýa düşünjek bolup ýa gyzyklanyp okaýarmyka diýipsiñ.Ana üstünden bardyñ.
Hakyky okyjy goşguny gözläp tapýar.Poeziýa düşünjek bolup we gyzyklanyp okaýar.Olar juda seýrek."

Dogry, aslynda edebiýat bilen gyzyklanýan az.

"Köçe goşgusynda ýokardakydan üýtgeşik nähili sözler bolmaly diýipsiñ.Mesele onuñ agzaýan sözleridir öýdüpmidiñiz?! Mesele şol sözleriñ birleşeninde berip bilýän duýgusy,pikri,şahyrana inçeligi."

Bu ýerde şeýlebir gürleýäňiz welin, özüňiz şu zatlaryň hemmesini edip, edebiýadyň doly agasy ýaly garaýaňyz meniň pikirimçe. Siziň bu diýenleriňiziň ylmy dilde ýazylýan, çäreler-de okalýan daklatlardan tapawudy ýok. Mesele şol sözleriň birleşip döredýän inçeligi bolsa, ol inçeligi özüňiz doly beýan edip bilermisiňiz?

"Poeziýa düşünýänler kimleri okaýar diýipsiñ.Poeziýa düşünýänler çeperçilige,şahyranalyga baý bolan goşgulary okaýar."

Munyňyz şuwagt dowam edip Amerikan, beýne çip dakylmak filmindäki ýaly bir zat bar. Näme etýärlerkä, eýleki goşgulary görende tankyt dälisi bolup, ýa-da elleri bilen gözlerini ýapýarlarmyka? Poeziýa düşünýänler hökman şahyrana baý bolan goşgulary okamalymy?
Maksat
03 май 2022, 18:53
"Men onuñ "goşgulary"hakda pikrimi ýüzüne aýtmaga borçlymy? Eger kämilleşmek niýetinde bar bolsa öz goşgularyna ýazylan teswirler bilen gyzyklanyp kämilleşip biler."

Siziň onuň ýüzüne gürlemegiňiz gerek däl, ýöne meniň bärde diýýän zadym hiç kimiň ýüzlenýän agzasyny, eger zyýanly bolmasa beýdip kiçi görkezmäň, "poeziýa düşünmeýänleriň şahyry bolmaly" we ş.m diýip. Aýdyşym ýaly okanlaryň aglabasy diňe okaýar, şahsyna däl-de şonda-da içindäki ýazylan zatlara üns berýär. Içindäki ýazylan zatlarda bolsa "ur, öldür, kak" ýaly XVIII asyr türkmenleriniň düzgünleri ýok, diýmek bu işi ulaldar ýaly bir sebäp ýok. Poeziýa diýilýän zada filosofiýa intägem doly düşünilmeýşi ýaly, oňa-da doly içgin düşünen ýokdyr. Siz bolsa özüňizi "intellektual" diýip, has artykmaç sözler ulandyňyz meniň pikirimçe.

"Muşdaklary bolsa şu zeýilli "goşgulardan" başgasyna düşünip bilenoklar gynansagam.Ýogsam olar bilmeýändir öýdýäñizmi Nobatgulyny,Seýitmyrady we ş.mleri okamagy"

Özüňiz aýdýaňyz, "men onuň ýüzüne aýtmaga borçlymy?" diýip, onsaň olar (okyjylar) başgalaryna düşünmäne, okamaga borçlumy?
Mümkin
03 май 2022, 19:48
Şol inçeligi beýan edip bilermisiñiz?
Goşgudamy? Beýle bolsa munuñ bahasyny men bermen okan okyjy berer.
Ýok,sözde düşündir diýseñiz,muña düşünmek üçin ýekeje mysaly şahyr getiripdim ýokarda.
Poeziýa düşünýänler hökman şol pisint goşgulary okamalymy diýipsiñ.
Olar şol pisint goşgulara okamaga "Men hökman şuny okamaly"diýip garanoklar.Şeýle goşgulardan ýürekden lezzet alyp okaýarlar.
Bu işi ulaltmakmy? Siz tankyt kitaplarynda her bir şahyryñ her bir jümlesiniñ neneñsi seljerilýändigini bir görsediñiz.Eýse,bolmalysam şol.Bu şahyryñ kämilleşmegi üçin gerekli faktor.
Kemsitmek diýipsiñiz.Biriniñ düzedip biljek aýratynlygyny aýtmak kemsitmek däldir.Kerim Hally köçe goşguçysyndan kämil şahyra öwrülip biler eger yhlas etse,şonuñ ýaly ony okaýanlaram poeziýa düşünmeýän okyjydan intellektual okyja öwrülip bilerler.
Ýok,olaram borçly däl düşünmäge men diñe ýagdaýyñ şeýledigini düşündirýän.
Içinde "ur,kak" ýaly sözler bolmasa ulaltmaga gerek ýok diýdiñizmi?! Bir goşguny,ýa şahyryñ döredijiligini düýpli tankytlamak üçin onda hökman "ur,kak" diýen sözler bolmalymyka?! Onda olar "Ur,kakdan" bärde näme diýse diýibersinler,şeýlemi?!
Maksat
03 май 2022, 20:19
"Olar şol pisint goşgulara okamaga "Men hökman şuny okamaly"diýip garanoklar.Şeýle goşgulardan ýürekden lezzet alyp okaýarlar."

Men hökman şuny okamaly diýip okaýarlar diýemoga. Bu gep eýýäm nirden çykdyka?

"Kemsitmek diýipsiñiz.Biriniñ düzedip biljek aýratynlygyny aýtmak kemsitmek däldir.Kerim Hally köçe goşguçysyndan kämil şahyra öwrülip biler eger yhlas etse,şonuñ ýaly ony okaýanlaram poeziýa düşünmeýän okyjydan intellektual okyja öwrülip bilerler."

Diýen zadyňyzyň kemsitmekdigini boýun almany hem başaraňzok. Gaýta has erbedi, bu diýeniňizi goldajak bolýaňyz. Belki Kerim Hally gelen tankytlara siziň garaýşyňyz ýaly düşünişmezçilik bilen garaýandyr.

" Bir goşguny,ýa şahyryñ döredijiligini düýpli tankytlamak üçin onda hökman "ur,kak" diýen sözler bolmalymyka?! Onda olar "Ur,kakdan" bärde näme diýse diýibersinler,şeýlemi?!"

Ýene-de başga zatlar gürleýäňiz. Aslynda-da bu kişini şahyr hasap edeňzok, siz ýaly intellektual adamlary bimaza edýär, onda näme üçin düýpli tankytlamana mätäçlik duýýaňyz?! Intellektual adamlar, poeziýa düşünýän adamlar şeýle artykmaç sözleri ulanyp ýörýärmikä?! Ur kakdan başga näme diýse diýsin diýemoga, ýöne gaty ulaldar ýaly, adamlary erbet zada ýöretjek zat ýok.
Mümkin
03 май 2022, 20:57
Keaip_begcon,
Hökman şony okamalymyka intellektual okyjylar diýeniñize jogap hökmünde ýazdym ýokarkyny.
Men kemsitmek däldigini añryýany bilen düşündirdim.Düşünmek islemeýän bolsañyz,baş üstüne.
Näme üçin tankytlamana mätäçlik duýýañ diýipsiñiz.
Üns berseñiz men bu mowzukdaky ilkinji teswirimi Gost daýyñ "Şony näm üçin şeýle goldaýalarka?" diýen soragyna jogap hökmünde aýtdym.Ýagny,oturyp men şuny tankytlaýyn diýip edilen tankyt däl.Men diñe onuñ näm üçin şeýle halanylýandygyny düşündirdim.
Edebiýatyñ dünýäsinde ýaşaýan üçin goşguny tankytlamaga sebäp diñe adamlary erbet zada ugrukdyrmagy bolup bilmez.Ondan bärde ýüzlerçe zat bar.
Intellektual adamlar, poeziýa düşünýän adamlar şeýle artykmaç sözleri ulanyp ýörýärmikä?! diýipsiñiz.
Hany artykmaç söz?
Mende başga dürli geplemek bolmaz.Sözüm birdir.
Maksat
03 май 2022, 21:02
Mümkin,
Hm düşündim.
Chelsea
Автор 03 май 2022, 21:16
Mümkin,
Taze mb alsan ayt. Seni guymejek betje meseleler gozgayyn
Osman
04 май 2022, 01:03
Kim name diysede osdi shol oglan. Guya tuykur at gazan diyleni. Esasy zat halkyn unsuni chekmegi bashardy ozune.
Resul
04 май 2022, 01:19
Keaip_begcon
Mümkin,
Hm düşündim.

Sheydip goymasan bolmsz agam ol gepci bilen jedelleshsen ??
Resul
04 май 2022, 01:19
Goroglyyew Dalidomrul Jelaleddinowic,
Hawa osdi yone birhiljek hasyetleri bar
Mümkin
04 май 2022, 03:29
Chelsea,
Şu hepdäñ dynç gününde açylýar täze mgbtym.Gozgaber şonda meñ halaýjak jedelli meselelerimi.
Chelsea
Автор 04 май 2022, 08:51
Mümkin,
Şu blogymda Vlad -yň ysyny aldyňmy?
Mümkin
04 май 2022, 11:05
Chelsea,
Ysyny almag-a añyrda dursun,kimdiginem çaklaýan.Senem şo pikirdemi?
Chelsea
Автор 04 май 2022, 11:17
Mümkin,
Duygurlygyn guyclidigini bilip soradym. Ayt caklamany;)?
Mümkin
04 май 2022, 17:49
Chelsea,
Wlad - voyvoda.