Ýok kişä aşyk bolmak

Salam oňatmysyňyz. Maňa siziň maslahatlaryňyz gerek. Adym Merdan. Men birine aşyk. Çynym bilen ony söýýärin. Ýöne ol kişi aslynda ýok. Tutuş dünýäde ýok. Diňe öz arzuwymda. Kellämdäki bir sypat. Ony öz-özüm döretdim. 2018 ýada 2019da başlady öýtýän kellämden çykanok. Ony çynym bilen söýýärin. Başga hiç kimem söýüp bilemok. Gözleşdirsem men ýalylar bar eken. Maslahat beräýiň men näme etmeli ?
11 лайков 479 просмотров
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
04 май 2022, 18:31
Heniz oňa duşmadygyň onuň asyl ýokdugyny aňlatmaýar. Köp adam şeýle. Aňasty aňyňda (подсознание) bir obraz ýasaýaň we uzak wagtyň dowamynda öz döreden obrazyňa öwrenişýäň, hatda, söýýäň. Ýöne bagtyň çüwüp, şol çeken suratyň hakyky durmuşda gabat geläýmesi hem bar... :))
Üstünlik arzuw edýän!
Aman
Автор 04 май 2022, 18:35
Pegas,
Minnetdar. Gabat gelse begenerdim. Ýöne edil şoňa meňzemelidä sähel üýtgeşigräk bolmasa. Ýöne meniň diýýänim has düýplidä nähili diýsem. Onuň häsýetleri, sypaty, näme gowy görýär, nämäni ýigrenýär, köp ulanýan sözleri. Ýagny oňa has öwrenşipdirindä gysgaça. Ony unudyp bilerinem öýdemok.
Şamuhammet
04 май 2022, 19:50
Bir kişini görmän ony gowy görmek diýilýän zat bar. Bu dogry. Meselem Pygamberimiz Muhammet s.a.w.-y görmezden ony gowy görmek ýaly...
Şamuhammet
04 май 2022, 19:53
@Senýorita, agzanyň Täşliýewiň bir goşgusyny ýazypdyr şu salgyda: http://islenen. site/16306-kim-sen.html

Şol goşgy hem hyýalyndaky gyza ýazan bolaýmasa...
Aman
Автор 04 май 2022, 20:01
Jeksparro,
Hawa. Görmän söýgi diýilýän zadyň bardygyna menem ynanýaryn.
Aman
Автор 04 май 2022, 20:02
Jeksparro,
Bu şahyrmy ?
Jennet
04 май 2022, 20:03
Doga oka yuregini gin tut. Beyle gitsen gowy dal gowlyga akitmeyar. Kellan bulashyp ugrarda son. Internetde kop dushyadym
Jennet
04 май 2022, 20:04
Menem tanyshym bardy seyle yone ol dine oikir edyan eken sheyle bolaysady diyp.
Şamuhammet
04 май 2022, 20:26
Ravzak,
hawa!
Удачливая
04 май 2022, 21:37
Her hili zat bar! Suratda gorsenem boljak o soyyan zadyny.
Aman
Автор 04 май 2022, 21:47
Fihruza
Doga oka yuregini gin tut. Beyle gitsen gowy dal gowlyga akitmeyar. Kellan bulashyp ugrarda son. Internetde kop dushyadym

Köp kişi şeý diýdi. Ýöne men dini garaýyşlara köp üns berip duramok. Meni gyzyklandyranok has dogrusy. Kellämiň şuwagdam gowy däldigini bilýän. Psihologiýamam ibaly däl.
Aman
Автор 04 май 2022, 21:48
Fihruza
Menem tanyshym bardy seyle yone ol dine oikir edyan eken sheyle bolaysady diyp.

Ýok meniňki beýle däl. Men şeýle bolaýsady diýemok, diýýän welin muny hemme kişi diýýär. Men ony bir adam ýaly görýän, edil kinolardaky ýaly ruhy zatlar bilen gürleşişleri ýalyda.
Aman
Автор 04 май 2022, 21:50
Удачливая,
Şoňa meňzeş barmyka diýip internetde köp gözledim. Ýöne meňzeşräkleri bar eken, gowy meňzeýän ýok ekendä. Belki bardyram welin men görýän däldirin, eger bar bolsa sypdyrmajagyma dogry.
Aman
Автор 04 май 2022, 21:50
Jeksparro,
Aý ol edil men ýaly däldirle. Men käwagt öz aklymyň ýerinde däldigini pikir edýärin.
GuljemilE
04 май 2022, 22:45
Bahh beyle hem bolyarov
@Jeksparro agzap dogry aydypdyr yone Pygamber (s.a.w.)yaşap geçen o barada eştyas dinleyas yone sizin soyen gyzynyz yok adam,ony nadip soyyaniz bilmedim
Удачливая
04 май 2022, 23:05
Ravzak,
Nädip sypdyrjakdäl? Ol seni halamasa şu bolup ýörşüñä puç bolar. Psihologa görünäýmeli ekeniñ.
Aman
Автор 05 май 2022, 00:06
payhasly
Bahh beyle hem bolyarov
@Jeksparro agzap dogry aydypdyr yone Pygamber (s.a.w.)yaşap geçen o barada eştyas dinleyas yone sizin soyen gyzynyz yok adam,ony nadip soyyaniz bilmedim

Söýgi hökman bolan bir zada duýmaly diýip pikir edemok. Lýuboý zada, arzuwada söýgi berilip bolar. Bilemok birhili görmesemem söýýän şony. Ýöne ýetenok, söýgüni deň saklap bilmek üçin garşylykly bolmaly iki taraply. Olam ýok, şo sebäpli doýman ýöne şony pikir edip duryn hatda ony edil hakyky durmuşdaky ýaly arzuw edýän ýagny oňa duýgylarym gaty ýogyn.
Aman
Автор 05 май 2022, 00:14
Удачливая
Ravzak,
Nädip sypdyrjakdäl? Ol seni halamasa şu bolup ýörşüñä puç bolar. Psihologa görünäýmeli ekeniñ.

Arzuwda olam meni halaýar :) Biri birimiz bilen gürleşip degişip, aýlanýarys, öpüşýäris, ony bagtly edýärin, umuman arzuwda. Ýöne realda gabat gelse söýmesede bir zat edip bolarla, gürleşip öwrenişsek, maddy tarapdanam ýagdaýyn gowy bosla haýsy ýurtlam bolsa gün görüp bolarla. Şu bolup ýörşum çyndanam gowy däl bilýän, köp adamdan üýtgeşik men. Olara meňzäp bilemok.
Psihologom şol zatlary aýdarda. Dogrymy aýtsama men psihologiýadan köp zat bilyärin. Şolaryň berjek islendik pikiri özümde bar. Ýöne öz özüň bilen gürleşeňden maslahat alsaň gowyda. Aslynda bu arzuwlarymyňam şol köp zady bilmegimden bolýandygyny pikir edýärin doly bilemok. Meselem çagalygymyňam täsiri bardyr munda. Men köp realda gatnaşyklarym pes hemme kişi bilen, ýagny içe dönük diýýändir türkler şolar ýaly içimdäkiler bilen ýaşaýaryn. Wirtualda has köp wagt geçirýärin.
DonMaxx
05 май 2022, 00:33
Ravzak,
edere ish yok oytyan obaly
Aman
Автор 05 май 2022, 00:38
DonMaxx,
Näme hökman edere işiň az bolsa beýle pikir etmelimi. Bu meniň häsýetim, sen intek doly düşüneňok bu zatlara. Şo sebäpli saňa has geň gelýär bu zatlar.
Jennet
05 май 2022, 00:46
Nahili onun dash keshbi son
Pegas
05 май 2022, 00:50
Köp okaýaňmy?
Aman
Автор 05 май 2022, 00:55
Pegas,
Hawwa.
Aman
Автор 05 май 2022, 00:56
Fihruza,
Edil şu ömrün sen hekaýasyndaky ýaly. Toçna şol. Sary saçly gök gözli. Sary saçly we saryýagyz gyzlary halaýan
Pegas
05 май 2022, 00:58
Ravzak,
Okaýan zatlaryň täsirem bolup biler. Soň kelläme geldi. Şeýle tanaýanym bar.
Pegas
05 май 2022, 00:59
DOKUZY DÜZÜWLIK

Gezende göwnüme ýurt borsuň diýip,
Gurdumy gündizem uwlatjakdan men.
Bilseň, kanagatly suratkeş deýin
Aňasty aňymda surat çekdim men.

Suratdaky gözler hut seň gözleňdi,
Gaşlar gaşlaryňdy, zülpleňdi zülpler.

(Sen deý gyzlarynyň edebi bilen
Mydam il içinde ýüzlüdir Türkmen.)

Men seni däliräp-düwläp söýemok
Ýa gezemok aýdymlara zowladyp.
Men seni alawlap-güwläp söýemok,
Ýaşaýan ýüregmi goşga gowzadyp.

Duşan günüm baryp gaýdýan asmana,
Duşuşmasak, intizar men, girýan men.
Ahyrsoňy sekizimi düz edip,
Dokuzynjym, seň ýanyňa barýan men.


✏Sapa HOMMADOW
Удачливая
05 май 2022, 01:19
Ravzak,
Daşary çyk adam gör .
DonMaxx
05 май 2022, 01:20
Ravzak,
bu aytyanynam inniki aytjagynam dogry
Aman
Автор 05 май 2022, 01:24
Pegas,
Gaty gowy goşgy eken. Gowy peýda edýär şular ýaly sözler. Dogry aýdýaň okaýam zatlarymyň täsiri bar. Meselem topluma degişli edebi tankytlar jemgyýetçilik meseleleri şular ýaly zatlar köp okap görýärin. Aýal erkek arasyndaky deňsizlik käbir gaty jahyl adamlar diýýän sözleri içgin meseleler we şeýledä. Dogrusy meniň bes etmegin gerek bu zatlary ýöne bolaýanokda
Aman
Автор 05 май 2022, 01:25
Удачливая,
Dogry söz, daşarygam köp çykmaly dostlarym bilen has köp gatnaşmaly.