Ýok kişä aşyk bolmak

Salam oňatmysyňyz. Maňa siziň maslahatlaryňyz gerek. Adym Merdan. Men birine aşyk. Çynym bilen ony söýýärin. Ýöne ol kişi aslynda ýok. Tutuş dünýäde ýok. Diňe öz arzuwymda. Kellämdäki bir sypat. Ony öz-özüm döretdim. 2018 ýada 2019da başlady öýtýän kellämden çykanok. Ony çynym bilen söýýärin. Başga hiç kimem söýüp bilemok. Gözleşdirsem men ýalylar bar eken. Maslahat beräýiň men näme etmeli ?
11 лайков 479 просмотров
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
05 май 2022, 01:56
Ravzak,
gowy maslahat bererdim welin gyzlaram giryada inin ... cilimkesh cilimkesh
DonMaxx
05 май 2022, 01:56
*inim
Waleryanka
05 май 2022, 07:29
Ravzak,
Şizofreniýe keselinede meňzeýär.
Margarita
05 май 2022, 09:38
Sen ýekeligi söýýän adam bolmaly we köp pikir edýänsiň, dymmasyň. Içiňdäki pikirdeşiňem saňa gyz bolup gözüňe gprünýänligi üçin daş-töwerekden ünsüňi sowýansyň. Köpçülikde köpüräk bolsaň, adamlar bn köp gürrüňdeş bolsaň ýa, kitap köpüräk okasaň, kino köpüräk serediberseň, meniň pikirimçe, aýňalşaýjak ýaly.
Pegas
05 май 2022, 09:46
Dynmaly bolýaň bu ahwaldan. Başga wariant ýok. Ol hyýalyňdaky çekip ýören keşbiň birden erkek bolup çyksa, waý halyňa! :D
Bahara
05 май 2022, 11:33
Edil Elisa menzeshmi. Elisa menzesh kop kishi bara. Menem sacym sary
Hiayress
05 май 2022, 11:35
Hakyky gatnaşygyň şowsuzlygyndan gorkup özüňe aklama bu. Başga hiç zat däl. Ilki biri bilen söýüş, soň ýene biri, onsoň ýene, ýene, ýene, şondan soň hyýalyňdaky ýadyňa düşse geläý ýanyma.))
Hiayress
05 май 2022, 11:37
Köp okaýan, okamany gowy görýän bolsaň haýsy ugurdaky kitaplary okamany gowy görýäň we gowy görýän iküç kitabyň adyny ýazsana.
Waleryanka
05 май 2022, 14:10
Hiayress,
"Hakyky gatnaşygyň şowsuzlugyndan gorkup özüňi aklama bu"

Ýada hakyky gatnaşygy hakykatdanam şowsuz gutaransoň ( göwün beren gyzy ikilik edensoň , eden tamasy puç bolansoň) hakykylygy äpberip hyýaly dünýäde ýaşap ýören hem bolup biler.
Waleryanka
05 май 2022, 14:18
Hiayress,
"Haýsy ugurdaky kitaplary gowy görýäň we gowy görýän iküç kitabyň adyny ýazsana"
Şuň jogaby bizede gyzykly.
Kalp doctory
05 май 2022, 14:36
swist yene soygumi
Senarist
05 май 2022, 14:54
Ravzak
Fihruza
Doga oka yuregini gin tut. Beyle gitsen gowy dal gowlyga akitmeyar. Kellan bulashyp ugrarda son. Internetde kop dushyadym

Köp kişi şeý diýdi. Ýöne men dini garaýyşlara köp üns berip duramok. Meni gyzyklandyranok has dogrusy. Kellämiň şuwagdam gowy däldigini bilýän. Psihologiýamam ibaly däl.

Dini garaýyş däl ol psihalogik garaýyş , dini garaýyşdyr asyl söýmäň manysy we sebäbi , Psihalogiýadan tapan dälsiň aşyk bolmany
Aman
Автор 05 май 2022, 14:56
Waleryanka,
Hiayress,
Şu meni edil maşgalamdan biri ýaly gürlemäňsene daýylarym agalarym. Siz kim men kim. Gatnaşyklarym boldy, digrymy aýtsama şuwagtam bar. Ýöne aklymdan çykanom ol hyýaly pikir düşündirip bilýänmi. Köp ol zatlar bilen işim ýok, bir hakyky adamy doly söýüp bilemok. Adam ýaly maslahat berenlere minnetdar. Men size maslahat beriň diýdim analiz ediň diýemok.
Aman
Автор 05 май 2022, 14:57
Waleryanka,
Şizofreniýa däl gözläp gördüm.
Aman
Автор 05 май 2022, 14:58
Margarita
Sen ýekeligi söýýän adam bolmaly we köp pikir edýänsiň, dymmasyň. Içiňdäki pikirdeşiňem saňa gyz bolup gözüňe gprünýänligi üçin daş-töwerekden ünsüňi sowýansyň. Köpçülikde köpüräk bolsaň, adamlar bn köp gürrüňdeş bolsaň ýa, kitap köpüräk okasaň, kino köpüräk serediberseň, meniň pikirimçe, aýňalşaýjak ýaly.

Bu dogry ine. Ýöne kitap okap telewizor gormek bilen geçer öýdemok bu zat. Ol zatlary tagam edýän. Ýekeligi gowy görýän sebäbi aýdyşym ýaly içe dönük biri men. Has gowsy men çyndanam köpçülikde köp bolmlaly dogry aýtýaň.
Aman
Автор 05 май 2022, 15:00
Bahar_Seyimowa
Edil Elisa menzeshmi. Elisa menzesh kop kishi bara. Menem sacym sary

Yaz onda nomeriňi ? Oýun edýänle, bardyr how ýok diýemok ýöne doly meňzeş däldä düşündirip bilýänmi.
Senarist
05 май 2022, 15:00
Ravzak
Pegas,
Gaty gowy goşgy eken. Gowy peýda edýär şular ýaly sözler. Dogry aýdýaň okaýam zatlarymyň täsiri bar. Meselem topluma degişli edebi tankytlar jemgyýetçilik meseleleri şular ýaly zatlar köp okap görýärin. Aýal erkek arasyndaky deňsizlik käbir gaty jahyl adamlar diýýän sözleri içgin meseleler we şeýledä. Dogrusy meniň bes etmegin gerek bu zatlary ýöne bolaýanokda

Okamagyň dälilige näme täsiri bar gardaş . Deňlik diýilýän zat SSSR-Den soň gutardy . Ýene bir Lenin tapylmadykça deňlik diýilýän zat bolmaz .
Aman
Автор 05 май 2022, 15:02
Hiayress,
Aý adaty Altynjan hatyn, başsyz atly, beden dili we türkmen talyplaryň ýada mugallymlaryň ýazan psihologiýa sosialogiýa degişli ençeme kitaplary, maşgala psihologiýasy we şeýledä gaty köp haýsyny sanaýynaý.
Aman
Автор 05 май 2022, 15:03
Senarist,
Men Lenin döwründäki deňsizlik diýemoga ?