Täjir we jyn hakynda

[justify]täjirler
arasynda bir täjir bolupdyr, ol biçak baý bolanmyş hem-de her dürli ýerlerde biçak köp
zatlary öwrüp-çöwrer ekeni. Bir gezek ol algysyny ýygnamak üçin haýsydyr bir ýurda
ugranmyş weli, ýolda biçak gaty yssylapdyr-da, bir agajyň saýasynda oturyp, horjunynyň
gözünden bir döwüm çörek hem hurma çykarypdyr-da, çörek bilen hurma iýmäge
başlapdyr. Ol hurmany iýip, şänigini zyňyp goýberipdir welin, bir görse, onuň garşysynda
uzyn boýly, eli-de ýalaňaç gylyçly bir jyn duranmyş.
Ol jyn täjiriň alkymyna dykylyp barypdyr-da: «Tur ýeriňden, sen meniň oglumy
nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýipdir. «O nähili men seniň ogluňy
öldürenmişim?» diýip, täjir ondan sorapdyr. Jyn oňa: «Sen ýaňy hurmany iýip, şänigini
zyňanyňda, ol meniň oglumyň petekesinden degdi weli, oglum şol pursatda öldi
ýatyberdi» diýip jogap beripdir. Onda täjir: «Eý, Allahym, biz seniň öz ygtyýaryňdadyrys
hem ahyrynda seniň dergähiňe dolanyp barmalydyrys! — diýip golun seripdir. — Beýik
hem belent Allatagaladan başga güýçli hem gudratly bir kimse ýokdur! Eger men seniň ogluňy öldürenem bolsam, atanlykda öldürendirin. Sen meni bagyşla!» Emma jyn: «Ýok,
men seni hökman öldürmelidirin» diýip, täjiriň ezeneginden dartaga-da, ýere ýykypdyrda, ony çapmak üçin gylyjyny belent göteripdir. Täjir aglap: «Eý, Allahym, saňa
sygyndym!» diýip seslenipdir soňra bolsa jyn oňa: «Sen gepiňi azalt! Eger walla, men
seni hökman öldürjek!» diýipdir. Onda täjir aýdypdyr: «Biler bolsaň, jyn, meniň ile
bergim köp, meniň pulum hem köp, onsoň-da meniň çagalarym bar, aýalym bar, iliň goýan
zatlary-da bar. Öýüme baryp gaýtmaga rugsat ber, men her kime bermeli bergimi bereýin,
onsoň men ýylyň başynda seniň ýanyňa gaýdyp geleýin. Men özümiň gaýdyp geljegimi
Alladan ant içip wada berýän, onsoň sen meni näme edesiň gelse ediber.
Meniň saňa şu aýdýanlarymyň dogrulygyna-da Allanyň özi şaýatdyr».
Ine, onsoň jyn oňa kasam etdiripdir-de, ony goýberipdir, täjirem öz ýurduna
dolanyp baryp, özüniň kime näme bergisi bolsa üzüp, ähli etmeli işlerini edip gutarypdyr.
Bu zatlaryň barysy bilen ol öz aýalyny hem çagalaryny habardar edipdir; onsoň
wesýetnama ýazdyrypdyr, özi-de maşgalasynyň arasynda ýylyň aýagyna çenli ýaşapdyrda, ondan soň täret kylyp, özüniň kepen donuny goltugyna gysyp, maşgalasy, goňşulary
hem ähli dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşyp, göwnemese-de, çykyp ugrapdyr.
Yzyndakylar ala-zenzele bolşup aglaşypdyrlar, gygyryşypdyrlar. Emma täjir tä şol jeňňele
ýetýänçä gidip oturypdyr, gidip oturypdyr (şol gün bolsa täze ýylyň başy ekeni). Ine,
onsoň ol öz başyna düşen ahwalata gynanyp aglap otyrka, birdenkä onuň ýanyna bir
garryja goja gelipdir, onuň ýanynda bolsa boýny zynjyrly bir keýijegi bar eken. Ol goja
gelip, täjire salam berip, oňa uzak ömür dileg edip, soňundan bolsa: «Bu ýerleri
arwahjynlaryň mekany ahyry, näme üçin sen bu taýda ýeke özüň beýdip otyrsyň?» diýip
sorapdyr. Onda täjir jyn bilen öz arasynda bolan ahwalaty oňa aýdyp beripdir, ýaňky
keýijekli goja muňa haýran galyp: «Üstümde Alla bar, inim, seniň öz wadaňa
wepalylygyň, hakykatdan-da, uly hormata mynasyp ekeni, seniň beren gürrüňiňem tüýs
haýran galdyrýar, onuň özi gözüň gabagynyň içine iňňe bilen ýazylan bolaýanlygyndada,
tälim alýanlar üçin öwüt bolup bilerçe bar!» diýipdir.Ondan soň ol garryja goja täjiriň gapdalynda oturyp aýdypdyr: «Üstümde Alla bar,
inim, şol jyn bilen seniň nähili boluşýanyňy görýänçäm, men seniň ýanyňdan aýrylyp
gitjek däl!» Ine, onsoň ol onuň ýanynda şol oturyşyna-da oturypdyr, onsoň ikisi gürrüň
edişip başlapdyr. Täjiriň ýanynda keýijegiň eýesi otyrka-da, ol uly gaýga batyp, biçak
gorkup, ejir çekip oturan ekeni. Birdenkä olaryň ýanyna ýene bir gojaman garry gelipdir,
onuň ýanynda bolsa iki sany gara tazysy bar ekeni, ol hem gelip salamlaşypdyr. Amanlyksaglyk soraşandan soň, ol garry: «Bu ýerler arwah-jynlaryň mekany ahyry, siz bu taýda
näme işläp otyrsyňyz?» diýipdir. Oňa hem bolan ahwalaty başdan-aýagyna çenli gürrüň
beripdirler. Bu goja oturyp-oturmanka, olaryň ýanynda üçünji bir goja peýda bolupdyr,
onuň ýanynda bolsa ala-mula gatyry bar ekeni. Bu goja hem olara salam berip, bu taýda
näme üçin oturandyklaryny sorapdyr, oňa-da hemmesini başdanaýagyna çenli aýdyp
beripdirler (muny gaýtalap oturmakdan bolsa peýda ýok, eziz agalar), onsoň ol hem aşak
oturypdyr. Ine, birdenkä çola meýdanda biçak uly tüweleý turup, onuň tozany al-asmana
göterilipmiş, tozan ýatyşansoň, görseler, ol tüweleýiň özi şol gürrüňi edilýän jyn bolup
çykypmyş, onuň elinde şol ýalaňaç gylyjy barmyş, gözlerinden bolsa ot syçraýarmyş. Ol
jyn aňyrdan gele-gelmäşe, täjiriň elinden çekip süýreýär-de: «Tur ýeriňden, sen meniň
ýüregimiň örküni, eziz balamy nädip öldüren bolsaň, menem seni şeýdip öldürjek!» diýip
arlaýarmyş. Ine, onsoň täjir horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr, onuň
ýanyndaky üç gojanyň üçüsi-de horkuldap hem möňňürip aglamaga başlapdyr.
Onsoň garrylaryň birinjisi, hälki ýany keýijeklisi beýlekilerden saýlanypdyr-da,
jynyň elinden ogşap: «Ähli jyn patyşalarynyň başlarynyň täji sen! Eger men özümiň
şujagaz keýigimiň başyna düşen zatlary saňa gürrüň edip bersem, meniň şol hekaýatymyda sen gyzykly diýip hasap etseň, şonda sen şu täjiriň bir katra ganynyň üçden birini meniň
üçin bagyşlap bilermiň?» diýipdir. Onda jyn: «Bolýar, goja, eger seniň aýdyp berjek
rowaýatyň meniň göwnüme geň hem gyzykly zat bolup görünse, onda men ol täjiriň
ganynyň üçden birini saňa bagyşlaýyn» diýip jogap beripdir.
«Biler bolsaň, şu keýik meniň daýymyň gyzy, jan-jigerim, göz-guwanjym — diýip,
goja gürrüň bermäge başlaýar. — Bu heniz ýaş gyzka, men muny gelin edinip aldym,
şeýdibem munuň bilen otuz ýyla golaý är-heleý bolup ýaşadyk, emma mundan asla çaga
önmedi; onsoň başga bir heleý aldym weli, ol maňa bir ogul dogrup berdi, ýüzi on dördigijäniň aýy kimin, onuň gözüniň-gaşynyň owadanlygy-da dünýe malyna barabardy! Ol
ulalyp-ösüp, on bäş ýaşyna ýetdi, şol wagtlar hem men aýry bir şähere gitmeli boldum,
özümem her dürli harytlar alyp gitdim. Meniň daýymyň gyzy şu keýik bolsa ýaşlygyndan
başlap jadygöýligi hem gözbagçylygy öwrenipdi. Ine, onsoň men gidenimde, bu keýik ol
oglany göle sypatyna öwrüp, onuň enesi biçäränem sygyr edipdir-de, olary çopana goşup
goýberipdir. Men, aradan birentek wagt geçenden soň, giden ýerimden dolanyp gelip, öz
oglumyň hem onuň enesiniň nirededigini sorasam, daýymyň gyzy: «Seniň aýalyň-a öldi,
ogluňam gaçyp gitdi, onuň nirä gideninem men bilemok» diýip jogap berdi. Ine, onsoň
men arly ýyl, tä Allatagalanyň beýik baýramy — Gurban baýram gelip ýetýänçä, ýüregim
gaýgy-hasrat içinde, gözlerimden sil kimin ýaş döküp oturdym. Gurban baýramy gelende
bolsa, çopany çagyrtdym-da, bir semiz sygyr alyp gelmegi buýurdym. Çopanam semiz bir
sygry alyp geldi (ol sygyr bolsa meniň soňky alan gyrnagym eken, ony, ynha, şu keýik
jadylapdyr), men bolsam bu zatlardan bihabar, syýymy çyzňap, elime pyçagymy alyp, ol
sygry öldürmäge girişdim welin, sygyr biçäre bar-bar bagyryp hem möňňürip aglamaga
durdy; men muňa haýran galdym, asla ýüregim awap, haýpym geldi. Onsoň men ony
öldürmämi goýdum-da, çopany çagyryp: «Maňa başga bir sygyr getirip ber» diýdim.
Emma daýymyň gyzy: «Ýok, sen şuny öldür! Bizde şundan gowy hem şundan semiz sygyr
ýok!» diýip heňkirdi. Onsoň menem ýene şol sygry öldürmekçi bolup, onuň ýanyna
bardym welin, ol ýene aglap başlady, onsoň men ony öldürip soýmagy çopanyň özüne
tabşyrdym. Çopanam sygry öldürip, hamyny soýdy weli, ondan ne et, tapdy, ne-de ýag —
hamydyr süňkünden başga hiç zat tapmandyr. Men ol sygry öldürenime soň puşman
etdimem welin, soňundan meniň puşman edenimiň peýdasy bolmady, onsoň men ony
şonlugyna çopanyň özüne berdim-de, oňa: «Maňa bir semiz göläni getirip ber!» diýip
buýurdym. Çopan bolsa maňa öz oglumy getirip berdi. Göle meni gören badyna, dyzynyp
bagyny üzdi-de, meniň ýanyma ylgap gelip, aglaýa-aglaýa, maňa oýkanmaga durdy.
Meniň oňa haýpym gelip, ýene çopany çagyrdym-da: «Sen bu göläni goý-da, maňa bir
sygyr getirip ber» diýdim. Emma daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik, meniň üstüme
heňkirip: «Şu gün hökman şu göläni öldürmek gerek, bu gün haýyr-sahawat hem sadaka
edilýän, diňe iň gowy mallaryň öldürilýän güni, biziň mallarymyzyň arasynda bolsa şu
göleden gowy hem semiz malymyz ýok!» diýdi.«Seniň emriň bilen öldürilen sygryň nähilidigini bir gör — diýip, men muňa
aýtdym. — Nähili aldanandygymyzy görýäň gerek, ony öldürmekden çigit ýaly-da peýda
bolmady, men ony öldürenime puşman edip aňyrsyna ýetip bilemok, indi bu gezek seniň
aýdanyňa gulak gabardyp, bu göläni öldürjek däl». Onda meniň daýymyň gyzy:
«Keramatly hem merhemetli eziz Allanyň haky üçin şu mukaddes gün sen şu göläni
hökman öldirsiň, eger-de öldürmeseň, onda sen meniň ärim däl, menem seniň aýalyň däl!»
diýip gygyrdy. Men onuň bu zeýilli agramly sözlerini eşidip, munuň maksadynyň
nämedigine-de düşünmän, elime pyçagymy aldym-da, göläniň ýanyna bardym... (dowamy bar)
Dowamyny isleseňiz +++++++ goýuň
6 лайков 125 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 08 май 2022, 18:37
Müň bir gijeden...
ESSALAMUNALEÝKUM
09 май 2022, 07:44
yzyny ýazaý gaty gyzykly eken like