Eziz hanyň ölüminiň öň ýanynda aýdan sözleri

Göni ýürekden atyň,
Gaýdaýyn çynar ýaly,
Ýöne ýüzüme degmäň,
Hossarym tanar ýaly.

Il bilen el uzatdym,
Orta goýlan okara,
Degmändim degirmändim,
Naçar bilen pukara.

Ynha, indi gutardy,
Eý hudaý ýalan ýaly,
Şundan atyň!-Görkezýar
Bir okda alar ýaly.
6 лайков 426 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 08 май 2022, 21:35
Ýazyjy: Baýram Jütdiýew
Şamuhammet
08 май 2022, 22:23
Şuny başda okamda, Eziz han Aklaryň özüni atjak bolýan esgerleriniň garşysynda şu goşgyny aýdandyr öýdýärdim welin Baýram Jütdiňkidigini soň bilip galdym. Baýram Jütdi diýip familýaň dagy näteňedaý!
Maksat
08 май 2022, 22:27
Nähili ölendigine degişli bir ýiti informasiýa ýokmyka?
Hiayress
08 май 2022, 22:55
Keaip_begcon,
Rahym Esenowyň "Eziz han hakynda hakykat" kitabynda bar. Eziz hany Baýramaly şäherine aklar bilen gürrüňdeşlige çagyrýalar we aldap tutup häzirki Türkmenbaşy (Krasnowodsk) şäherine äkidip sud edip atuw jezasyny berip atyp öldürýäler.
Maksat
08 май 2022, 23:51
Hiayress,
Köp sagbol.
Resul
Автор 09 май 2022, 13:40
Hemedany nireli Bayram Jutdiyew