Täjir we jyn hakynda 2-nji bölüm

...Ol goja şol göläni öldürmekçi bolanda, ýüregi tolgunyp agzyndan çykara gelipdirde, çopany çagyryp: «Bu göläni äkit-de, mallaryň arasyna goýber» diýipdir. (Bu zatlaryň
barysyny ol goja şol jyna gürrüň berýär ekeni, jynam onuň bu geň gürrüňini haýran galyp
diňleýär ekeni.) Onsoň keýigiň eýesi gürrüňini dowam edipdir: «Hawa, onsoň jynlaryň
şahynşasy, hut şeýle hem boldy, meniň daýymyň gyzy, ynha, şu duran keýik meniň
edýänlerimi görüp hem synlap durşuna: «Öldür göläni, ol semiz göle!» diýýärdi. Emma
ony öldürmek meniň üçin gaty agyr degýärdi, şonuň üçinem men çopana göläni äkit
diýdim, çopanam ony alyp gitdi.
Ertesi güni bolsa, men otyrkam, birdenkä çopan ýanyma gelýär-de: «Baýar aga,
men saňa hoş habar aýtmaga geldim, sen ony eşitseň begenersiň, ýöne hoş habar getirenim
üçin, maňa-da bir söýünjijik bermeli bolarsyňyz» diýýär. Menem oňa: «Bolýar» diýdim.
Onsoň çopan aýtdy: «Täjir aga, meniň bir gyzym bar weli, ýaşlygyndan jadygöýligi
öwrenipdi, ony ol birwagtlar biziň öýümizde bolan bir garry kempirden öwrenipdi. Ine,
onsoň düýn, sen maňa şol göläni äkit diýeniňden soň, menem ony öýümize alyp bardym
weli, gyzym ol göläni gördi-de, birden iki elini ýüzüne tutup aglady, soňundanam jak-jak
güldi-de: «Aý, kaka, eger sen beýdip, meniň üstüme ýat erkek kişileri alyp gelýän bolsaň,
onda seniň ýanyňda meniň hiç bir gadyr-gymmatymyň ýok boldugy bolýar!» diýdi. Men:
«Hany, bu taýda ýat erkek kişi barmy, onsoň-da sen näme üçin bir aglap, bir gülüp
otyrsyň?» diýip soradym. Onda gyzym maňa: «Seniň ýanyňda duran göle biziň
baýarymyzyň ogly ahyry — diýip jogap berdi. — Ony jadylapdyrlar, özi-de ony enesi
bilen birlikde, atasynyň beýleki aýaly jadylady. Ana, men şonuň üçin güldüm. Aglanymyň
sebäbi bolsa, munuň atasynyň düýnki sygyr diýip öldüreni şu ýigidiň enesidi, men şony
ýatlap agladym». Men gyzymyň bu aýdanlaryna haýranlar galdym, ine-de, günüň
dogaryna mähetdel, men bu ahwalaty saňa habar bermäge geldim».
Çopanyň aýdan bu habaryny eşidip, ynan, jynlaryň şasy, men begenjimden hem
şatlygymdan ýaňa şerapsyz serhoş bolup, çopany ýanyma aldym-da, onuň öýüne bardym
weli, onuň gyzy maňa tagzym bilen salam berdi, eglip elimden öpdi, gölejik bolsa meniň
ýanyma geldi-de, maňa gysmyljyrap hem oýkanjyrap başlady. Onsoň men: «Seniň bu göle
hakynda aýdýan zatlaryň dogrumy?» diýip, çopanyň gyzyndan soradym. O gyz bolsa:
«Hawa, baýar aga, bu duran göle seň öz ogluň, öz ýüregiňden önen eziz perzendiň» diýip
jogap berdi. Onsoň men: «Eý, näzenin gyz, eger sen muny ynsan halyna öwrüp bilseň,
meniň bar-ýok malym, ähli emlägim seniňki bolsuň, seniň ataň bakyp ýören mallary-da,
hemmesi siziňki bolsun» diýdim. Onda gyz ýylgyrdy-da: «Eý baýar aga, men pula göz
gyzdyrýan däldirin, men bu ýumşy diňe iki şert bilenem berjaý ederin: birinjiden, meni şu
oglana äre beriň, ikinjidenem bolsa, bu oglany jadylanyň özüni jadylamaga hem ony
bendiwan etmäge maňa ygtyýar beriň, ýogsam ol meniň özümi bendiwan eder» diýdi.
Çopanyň gyzynyň aýdan bu sözlerini eşidip, ynan, jynlaryň şasy, menem oňa şeýle
diýdim: «Seniň bu aýdýanlaryň üstesine-de, häzir seniň ataň elindäki mal-mülküň hem
barysy seniňki bolar. Meniň daýymyň gyzy hakyndaky aýdanyň bolsa, senden onuň
ganyny sorajak adam bolup bilmez».
Men şeýle diýenimden soň, çopanyň gyzy ýerinden turaga-da, bir jam suwy aldyda,
doga okap, suwa dem salmaga durdy, ondan soň bolsa: «Eger seni gudratly
Allahymyň özi göle edip ýaradan bolsa, onda sen şu keşbiňi üýtgetmän sakla, ýok, eger
sen jadylanan bolsaň, onda sen beýik Allahymyň emri bilen, ozalky keşbiňi kabul et!»
diýdi-de, ýaňky jamdaky suwy göläniň üstüne serpip goýberdi welin, ýaňky göle duran
ýerinde silkindi-de, birdenkä adam boldy duruberdi. Menem onuň üstüne gujak açyp
topuldym-da: «Allanyň haky üçin sen maňa aýdyp ber, meniň daýymyň gyzy saňa hem
seniň eneňe näme-nämeler eden bolsa, barysyny aýt!» diýdim. Ine, onsoň olam özlerine
edilen zatlary aýdyp berdi. Şol wagt men oňa: «Eý, oglum, özüňi beladan halas eden hem
seniň hak-hukugyňy gaýtaryp özüňe beren bendäni Allatagalanyň özi saňa miýesser etdi»
diýdim.
Eý, jynlaryň şahyn-şasy, şondan soň men çopanyň gyzyny şol ogluma äberdim, ol
bolsa meniň daýymyň gyzyny, ynha, şu keýigi jadylady-da: «Men ony, her niçigem bolsa,oňat keşbe öwürdim, onuň görki-de ýigrenji däl, örän owadan janawar» diýdi. Onsoň
çopanyň gyzy niçe günler hem gijeler, niçe gijeler hem günler, tä Allanyň özi ony öz
ýanyna alynça, biziň bilen bile ýaşady, ol aradan çykansoň bolsa, meniň oglum Hindistan
welaýatlaryna, ýagny seniň iş salyşýan täjiriň ýaşaýan ýerlerine gitdi. Şondan soň menem
ynha, daýymyň gyzy şu keýigi alyp çykdym-da, öz ogluma näme bolandygyny bilmek
üçin ser salyp, ýurtdan-ýurda aýlanyp ýörşümdi welin, takdyrym meni şu ýere getirip,
ynha, bir aglap oturan täjiriň üstünden eltdi. Ine, meniň hekaýatym».
«Bu örän geň gürrüň, şonuň üçinem men bu täjiriň ganynyň üçden birini saňa
bagyşlaýaryn» diýip, jyn oňa jogap beripdir.
Ondan soň ikinji garry, hälki iki tazyly goja beýläk çykypdyr-da, jyna ýüzlenip:
«Eger men özümiň iki doganymyň, ynha, şu iki tazynyň başyndan geçen ahwalaty aýdyp
bersem, senem meniň bu gürrüňimi has gyzykly hem geň görmeli zat diýip hasaplasaň,
onda şu täjiriň günäsiniň üçden birini meniň üçin bagyşlarmyň?» diýipdir. Jynam oňa:
«Eger seniň gürrüňiň has gyzykly hem has geň görmeli zat bolsa, onda, goý, seniň diýeniň
bolsun» diýip jogap beripdir.
«Biler bolsaň, eý, jynlaryň hökümdary — diýip, goja gürrüň bermäge durupdyr: —
Ynha, şu iki tazyň ikisi-de meniň doganym, menem bularyň üçünjisi. Biziň atamyz ölende,
bize üç müň dinar galdyrypdy. Onsoň men söwda etmek üçin özüme bir dükanjyk
açyndym, meniň doganlarymyň-da her haýsy bir dükanjyk açyndy. Emma men dükanda
uzak oturyp bilmedim, sebäbi meniň uly doganym, ynha, şu tazylaryň biri, özünde bar
zatlaryň hemmesini müň dinara satdy-da, puluna hem her hili geçgel haryt alyp, başga
ýurda gitdi. Bütin bir ýyllap ondan habar bolmady. Ine, onsoň bir gün men dükanymda
otyrkam, ýanyma bir gedaý geldi. Men oňa: «Alla kömek etsin!» diýdim. Emma ol gedaý
meniň ýanymdan gitmän aglap durşuna: «Sen meni eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy
beýle!» diýdi welin, men oňa öwrülip seretsem, ol meniň doganym bolsa nätjek! Onsoň
men tarsa ýerimden turup, onuň bilen görşüp salamlaşdym, ony dükanyň içine salyp, oňa
näme bolandygyny soradym. Emma ol: «Sen sorama! Pullarym-da gitdi, bagtymam
ýatdy» diýip jogap berdi. Ondan soň men ony hammama eltdim, öz egineşiklerimden berip
geýindirdim, onsoň öz öýüme alyp bardym. Şonda men öz dükanymyň dolanyşyk puluny
hasaplap gördüm welin, görsem, men eýýäm bir müň dinar peýda gazanypdyryn, diýmek,meniň maýam iki müň bolupdyr. Men bu puly doganym bilen paýlaşdym-da, oňa: «Bar,
hamala, sen söwda-syýahat üçin hiç ýere gitmän ekeniň-dä» diýdim. Ine, onsoň meniň
doganym puly aldy-da, ýene özüne dükan açyndy.
Şondan soň aý geçdi, gün geçdi, gijeler öwrüldi, ynha, bir gün meniň ikinji
doganym, şu itleriň beýleki biri, özüniň bar-ýok zadyny satyşdyryp, aýry ýurda
söwdasyýahata gidermen boldy. Biz ony goýbermejek bolup, her näçe jan etsegem —
bolmady. Ine, ol hem bir topar haryt aldy-da, syýahatçylar bilen ýola düşdi. Ondan hem
bütin bir ýyllap habar-hatyr bolmady. Ine, onsoň ol hem bir gün, özünden uly doganynyň
bolşy ýaly bolup, meniň ýanyma geldi. Men oňa: «A-haw, dogan, men saňa gitme diýip,
şubela ýalbarmadymmy näme?» diýdim. Ol bolsa aglap: «Nädeýin ahyry, jan inim,
täleýimde bar eken-dä, ynha, indi men tüýs garyp galdym, jübimde kör köpügim galmady,
özümem ýalaňaç galdym, egnimde köýnegimem ýok» diýdi. Ine, onsoň, eý, jynlaryň şasy,
men ony-da hammama äkidip, öz egin-başlarymdan täzelerini saýlap, ony geýindirdim,
ondan soň ikimizem dükana baryp iýdik-içdik, soňundan bolsa men oňa: «Eý, agam, men
her gezsk täze ýyly gabatlap, öz dükanymyň maýasyny hem getiren peýdasyny hasaplap
görýärin. Ynha, bu gezegem hasaplap göreris, näçe girdeji giren bolsa, hemmesini ikimiz
deň paýlaşarys» diýdim. Ine, onsoň, eý, jynlaryň şasy, men hasaplap gördüm welin, iki
müň dinar bolup çykdy, Ýaradanyň özüne ýüz-müň şükür edip, oňa alkyşlar okadym!
Onsoň men ol puluň müň dinaryny doganyma berdim, özüme galany-da müň dinar boldy,
şondan soň bolsa doganym hem özüne dükan açyndy, şeýlelikde, biz ençeme günleri ýaşap
geçirdik.
Aradan birnäçe wagt geçensoň, meniň doganlarym ýanyma geldiler-de, özleri bilen
birlikde meniňem söwda etmek üçin çet ýurtlara syýahata gitmegimi islediler, emma men
olaryň diýenini etmedim, «Men gidip peýda görer ýaly, siz syýahata gidip ozal näme
gördüňiz?» diýdim-de, olaryň gepine gulak hem asmadym geziberdim. Şeýdibem, biz öz
dükanlarymyzda alyş-beriş edip galyberdik. Ýöne welin meniň doganlarym meni söwdasyýahata äkitjek bolup, her ýyl maňa ýalbarýardylar, emma tä alty ýyl geçýänçä olaryň
diýenine razylyk bermedim. Diňe alty ýyl geçensoň, men teýahyr razylyk berdim. Şonda
men olara: «Doganlarym, menem siziň bilen bile gideýin welin, ýöne siziň näçe puluňyzyň
bardygyny bir hasaplap göreliň» diýdim-de, olarda hiç zadyň galmandygyny bildim. Olar peýda görenlerinden-ä geçen, asla ähli küý-pikirlerini gara bokurdaklaryna, pýançylyga
hem keýp çekmäge berip, bar zatlarynyň ýoguna çykypdyrlar eken. Şeýle-de bolsa men
olara ýagşydan-ýamandan zat diýmän, sesimi-de çykarman, öz dükanymyň zatlaryny
hasap edip gördüm, onsoň özümde galan-gaçan harytlaryň hemmesini pula öwürdim,
şondan soň görsem, meniň alty müň dinarym bar ekeni. Men muňa hezil etdim, onsoň
pullary iki deň paýladym-da, doganlaryma: «Ynha, üç müň dinar, üçimiziň aramyzda bary
şu pul, ine, şu pul bilenem biz söwda ederis» diýdim. Galan üç müň dinary bolsa men
gömüp goýdum, sebäbi ozal gidenlerinde doganlarymyň gedaý galyşy ýaly, meniň hem
gedaý galaýmagym mümkindi, şoňa göräde, üç müň dinary gömüp goýsak, biz gaýdyp
gelemizde ýene dükan açynyp bileris diýdim. Meniň doganlarym muňa razy boldy, onsoň
men olaryň her haýsyna müň dinar berdim, öz elimde-de müň dinarym galdy. Onsoň biz
özümize gerek harytlary satyn aldyk, ýol şaýymyzy tutduk. Onsoň kireýne gämi tutundykda, oňa zatlarymyzy ýükledik. Ine, biz bir gün ýöredik, iki gün ýöredik, bir aý ýöredik,
ahyry öz harytlarymyz bilen bir şähere baryp ýetdik. Biz söwda edip, bir dinarymyzy on
dinar etdik. Ine, onsoň biz ol ýerden ugramakçy bolanymyzda, deňziň ýakasynda üsti-başy
sal-sal bolup duran bir gyza gabat geldik. Ol gyz meniň elimden öpüp: «Eý, ýagşy ýigit,
sen haýyr-sahawat edip bilmezmiň, seniň eden ýagşylygyňy menem ýerde goýmaryn,
gaýtararyn» diýdi. Menem oňa: «Meniň halaýan zadym haýyr-sahawat etmekdir, sen
yzyna gaýtarmasaňam, men saňa kömek edip bilerin» diýdim. Onda ol gyz maňa: «Ýagşy
ýigit, sen meni özüňe aýal edip al-da, ýurduňa alyp git. Men özümi seniň ygtyýaryňa
berýärin, sen meni horlama, maňa ýagşy niýet bilen gara, sebäbi men ýagşylyk hem
hormat edilýänleriň hilindendirin, onsoň menem saňa ýagşylyk ederin. Men seni hiç wagt
aldawa salmaryn, hatyrjem bolaýgyn» diýdi. Men gyzyň aýdan bu sözlerini eşiden
badyma, ýüregim oňa maýyl boldy, keramatly hem merhemetli Allatagalanyň özi kalbyma
salandyr-da, men ol gyzy alaga-da geýindirdim, bezäpbesledim, gäminiň üstünde oňa
ýumşak düşek düşäp, ýer salyp berdim, oňa uly hormat hem hyzmat etdim. Ondan soň biz
ýene aňyrlygyna ýola rowana bolduk, onsoň ýüregimde uly söýgi oýanyp, men bu gyzyň
hak aşygy boldum. Gijede-gündizde onuň ýanyndan aýrylmadym. Men bu gyzy öz
doganlarymdanam gowy gördüm. Olaram kemsindiler. Meniň bagtymyň getirişine-de,
meniň baýlygymyň artyşyna-da, harydymyň köplügine-de olaryň gözi gitdi. Biziň
pulumyzy görüp, gözlerine uky gelmedi. Ine, onsoň doganlarym şeýtan päline gidip, meni öldürip, pullarymy almagyň kastyna düşüpdirler, olar biri-birine: «Gel şu doganymyzy
öldüreli, onsoň onuň ähli puly bize galar» diýip dilleşipdirler. Ine, onsoň, men öz
aýalymyň ýanynda uklap ýatyrkam, olar meniň ýanyma gelipdirler-de, ikimizem birlikde
göteräge-de deňziň içine taşlap goýberipdirler. Şol wagt hem meniň aýalym ukudan
oýanyp, bir silkinende, aýal jyna öwrüldi-de, meni göterip, bir ada eltip, suwdan çykardy.
Ondan soň ol birentek wagtlap gözden ýitdi-de, daňa golaý meniň ýanyma dolanyp gelip
aýtdy: «Men seniň aýalyň, şonuň üçinem, gudraty güýçli Allatagalanyň emri bilen, seni
ölümden halas edip alyp çykdym. Biler bolsaň, men musulman jyndyryn. Men seni gören
badyma, Alla hatyryna tüýs ýürekden söýdüm, men bolsam Allahyma hem onuň resul
pygamberine ten berýändirin, Allahymyň özi oňa keremini eçilsin hem nury-rahmetini
saçsyn! Men seniň ýanyňa, şol ilki gören wagtyňdaky ýaly, gyz keşbimde geldim, senem
meni özüňe aýal edinip aldyň, ine, onsoň menem seni suwda gark bolmakdan halas etdim.
Ýöne welin doganlaryňa meniň gaharym geldi, şonuň üçinem men olary hökman
öldürmelidirin».
Men onuň bu aýdanlaryny eşidip haýran galdym, özümem onuň bu eden ýagşylygyna köp
hoşallyk bildirdim-de: «Ýöne welin meniň doganlarymy öldürseň-ä bolmaz!» diýdim.
Ondan soň men öz doganlarym bilen aramyzda bolan ahwalatlaryň hemmesini başdanaýak oňa aýdyp berdim. Ol meniň aýdanlarymy eşidip: «Men şu gije olaryň ýanyna uçup
baryp, olaryň gämisini gark edip, özlerini-de heläk ederin» diýdi. Men oňa
«Allanyň haky üçin, sen beýtme! «Ýagşylyga ýamanlyk her kişiniň işidir, ýamanlyga
ýagşylyk är kişiniň işidir!» diýen tymsal bar ahyry. Her zadam bolsa, olar meniň
doganymdyr» diýdim. Emma ol jyn: «Men olary hökman öldürmelidirin!» diýip, şol bir
aýdanyny aýtdy durdy. Menem oňa ýalbarmaga durdum, onsoň ol meni uçuryp äkitdide,
edil öz öýümiň depesinden düşürdi. Menem işigimi açyp girdim-de, şol gömüp goýan
pulumy çykardym, onsoň ýene haryt satyn aldym, täzeden dükan açyndym-da, uly iliň
parahatçylygyny dileg edip, dükanjygymy ýöredip başlaberdim. Ine, onsoň agşam öýüme
gelsem, howlymda iki sany tazy daňylgy dur, ynha, şu tazylar. Olar meni gören batlaryna,
ýerlerinden turup, boýunlaryny burşup aglamaga başladylar.
Men aňk-taňk bolup, eýläme-beýläme garamaga hem ýetişmänkäm, aýalym maňa:
«Bu tazylar seniň şol doganlaryňdyr» diýdi. Men ondan: «Bulary kim beýdip goýberdikä?» diýip soradym. Onda aýalym: «Men öz aýal doganymy çagyryp getirtdim,
ol hem bulary şeýdip goýberipdir, indi bular on ýyldan bärde adam keşbine öwrülip
bilmezler» diýdi. Ynha, bular on ýyldan bäri şu hili ýagdaýda bolup gelenlerinden soň,
indi bulary ozalky keşplerine getirtmek üçin şol aýalyň ýanyna gidip barşymdy welin, şu
ýerde-de bu täjire gabat geldim, ol hem öz başyna düşen zady aýdyp berdi welin, tä seniň
oňa näme edeniňi görýänçäm, bu ýerden gidesim gelmedi. Ynha meniň gürrüňim».
Ondan soň jyn: «Seniň bu aýdan zadyň örän geň zat, şonuň üçinem men bu täjiriň
günäsiniň hem ganynyň üçden birini saňa bagyşlaýaryn» diýipdir.
Ondan soň üçünji goja, gatyryň eýesi orta çykyp: «Men saňa bularyňkydanam geň
wakany aýdyp bereýin, eger göwnüňden tursa, eý, jynlaryň şasy, sen bu täjiriň galan
günäsini hem ganyny meniň üçin bagyş eýle» diýipdir, jynam: «Bolýar» diýipdir.
«Biler bolsaň, eý, jynlaryň täji-soltany — diýip, goja kişi aýdyp başlapdyr: —
Ynha, şu duran gatyr meniň aýalymdy. Men bir gezek syýahata gidip, ýylboýy öýümde
bolmadym. Onsoň işlerimi gutaryp, yzyma gaýtdym-da, bir gün gijäniň birwagty öýüme
dolanyp geldim. Gelsem, meniň aýalym bir gara (negr) gul bilen çolaşyp ýatan ekeni.
Olar gürleşip, gülşüp-oýnaşyp, öpüşip-guçuşyp, keýp edişip ýatyrlar. Aýalym meniň
gelenimi gördi-de, hasyr-husur ýerinden turdy, suwly kündügi eline alaga-da, bir zat-bir
zatlary pyşyrdap, suwa dem saldy. Ol: «Öz keşbiňi üýtget-de, ite öwrül!» diýdi-de, ýaňky
kündükdäki suwy meniň üstüme serpip goýberdi. Menem şol sagadyň özünde ite
öwrüldim, ana, onsoň aýalym meni öýden kowup goýberdi. Menem howludan çykdymda,
gidiberdim, şol gidişime-de et satan gassabyň dükanynyň gapysyna bardym. Ine, onsoň
men şol ýerde süňk-saňk gemren bolup ýördüm welin, et dükanynyň eýesi meni gördi-de,
öz ýanyna çagyryp, öýüne alyp bardy. Gassabyň gyzy meni göreninden iki elini ýüzüne
tutup: «Kaka, sen erkek kişi bilen gelýärsiň-de, ony biziň ýanymyza getirýäň-le!» diýip
käýindi. Gyzyň atasy: «Hany, bu taýda erkek kişi barmy näme?» diýip geňirgendi. Onda
gyzy: «Ynha, bu getiren itiň erkek kişi ahyryn, ony öz aýaly jadylapdyr, isleseňiz, men
ony öňki keşbine getirip bilerin» diýdi. Atasy öz gyzynyň bu aýdanlaryny eşidip: «Allanyň
haky üçin, gyzym, sen ony halas et!» diýip ýalbardy. Ine, onsoň ol gyz suw küýzejigini
aldy-da, bir zatlar pyşyrdap, suwa dem salaga-da, maňa: «Sen häzirki keşbiňi ozalky
görnüşiňe öwür!» diýdi-de, suwy meniň üstüme serpip goýberdi welin, men ozalkylygym ýaly adam boldum duruberdim. Men ol gyza alkyş okap, elinden öpüp: «Öz aýalymyň
meni jadylaýşy ýaly, senem ony maňa jadylap bersene» diýip ýalbardym. Onsoň ol gyz
maňa şol suwdan bir jamjagaza guýup berdide: «Aýalyň uklap ýatan wagty baraga-da, şu
suwy onuň üstüne serpip, pylan zat bol diýersiň weli, onsoň ol sen näme bol diýseň bolar
durubiýr» diýdi. Ine, onsoň menem şu suwly jamy aldym-da, aýalymyň uklap ýatan
wagtyny aňtap bardym hem jamdaky suwy onuň üstüne serpip goýberip: «Bu keşbiňi
taşla-da, gatyra öwrül!» diýdim weli, ol dessine gatyr boldy duruberdi; onuň nähili gatyr
bolandygyny bolsa ynha öz gözüň bilen görüp dursuň, älem jynlarynyň şasy-soltany, ine,
meniň gürrüňim».
Jyn gatyra bakyp: «Dogrumy?» diýipdir.
Gatyr bolsa «Dogry» diýen terzde baş atyp: «Hawa, Allahymdan ant içýärin, bu
meniň başymdan geçen zatlaryň hekaýaty, hemmesem dogry!» diýen görnüşde yşarat
edipdir.
Üçünji gojanyň hekaýatyndan soň, jyn haýran galmak bilen titräp-silkinjiräp, täjiriň
günäsiniň üçden birini şol goja üçin bagyşlapdyr...»....(dowamy bar)
Dowamyny isleseňiz +++++++ goýun.
Näçe köp Like bilen ++++++ gelse şonça hem çalt dowamy goýular
++++++ goşmagy teswir gornuşinde ýazyp bilersiniz
8 лайков 170 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 09 май 2022, 18:22
Müň bir gijeden
Kitapcy
09 май 2022, 21:08
Oran gowy dowamyna garasyan like hem de +++++++
History
09 май 2022, 21:11
Like +++++
History
09 май 2022, 21:12
gyzyklyja eken dowamyny hacan goyarsyn
History
09 май 2022, 21:12
like ++++++
Arheolok
09 май 2022, 22:48
Mendenem like
Maksat
10 май 2022, 08:08
++++++