...

Bir adam gark boljak bolyar, bir gami gelyar:
- size komek gerekmi?
- yok, sag boluñ, Huday komek eder...
Soñ bashga bir gami gelyar:
- size komek gerekmi?
- yok, sag boluñ, Huday komek eder...
Soñra yene bir gami gelyar:
- size komek gerekmi?
- yok, sag boluñ, Huday komek eder...
Ol adam gark bolup olyar we o dunyede Hudaya:
- Men saña ynanyadym, name sebapden komek etmediñ?
- MEN SAÑA 3 GAMI UGRATDYM...

"В Погоне За Счастьем" filminden
5 лайков 232 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
16 май 2022, 14:35
Ol adam nirede suwa gark boljak bolupdyr?!Bir adam gark bolyanca, yzgiderli 3 gami gecipdir.Acyk denizde bolsa,ol adamyn cydamlylygyna telpek goydum.Real durmuşda nähili bolýanyny bilýämiň?Gark bolýan adam bir gämi görenden,elinden gelenini edip özüni duýdurjak bolýar.Gämidäklerem ony soraga tutmazdan,haýal etmezden ony suwdan çykaryp alar.

Seniň bu hekaýaň arkaýyn ýaplanyp çaý içip ýatan adama kybap geljek eken.Özi suwa gark bolup barýar,ýene arkaýynlaşanyna näme diýjek?!
Soho
Автор 16 май 2022, 14:40
Dowsypat.,
filmden alynan, sen soraglaryny film gidip durka Jeyden Smit-den sorap bilmedim, ayyplashma
Ýüzlük turba
16 май 2022, 14:55
Bendam bendame sebap
Dowsypat
16 май 2022, 16:09
filmden alynan, sen soraglaryny film gidip durka Jeyden Smit-den sorap bilmedim, ayyplashma

Wah,sorap goräymeli ekeninda!
Ahmet
16 май 2022, 17:17
Soho,
Onsaňam, bu gämileriň üçüsem hatar-hatar bolup yzygider gelişi täsin. Her gämiň aralygy näçäräk?! Aslynda ol gark bolýan näçe wagt suwda durupdyr?
Soho
Автор 16 май 2022, 17:36
Ahmedik_97,
bratishka, sana:da yokarky teswirim, filmden alnan, doly maglumat uchin sholara yuz tutup bilersin :)
Dowsypat
16 май 2022, 18:47
Änewden Aşgabada bir gyz toýa gitjek bolup duran eken.Gyzyň söýüşýän oglanam ak enamarkaly baý oglan.Oglanam şol wagt Änewde bir iş bilen ýören eken.Gyz awtostansiýa baryp söýgülisine jaň edip görýär.Oglanyň eli öçük.Gyzyň ýanyna bir taksist gelip nirä gitmelidigini soraýar.Aşgabada bolsa alyp gitjegini aýdýar.Gyz:"Ýok,tanyş maşynym bar.Şoňa garaşýan"-diýip,jogap berýär.Şondan soň hem gyzyň ýanyna ýene iki taksist gelip gidýär.Gyz olarada şol jogabyny berýär.Söýgülisiniň elem öçük dur.Gyz eýdip-beýdip,Aşgabada baryp ýetýär.Birnäçe sagatdan söýgülisiniň özi jaň edýär.Gyz jaňy öçürüp, öýkeli ýagdaýda oglana sms ýazýar.Oglan ýagdaýa düşünenden soň, gyza şeýle sms ýazýar:
"MEN SAŇA ÜÇ TAKSIST UGRADYPDYMA!"
Dowsypat
16 май 2022, 18:53
Onsaňam, bu gämileriň üçüsem hatar-hatar bolup yzygider gelişi täsin. Her gämiň aralygy näçäräk?! Aslynda ol gark bolýan näçe wagt suwda durupdyr?

Onsonam ol gämidäkileri aýtsa,gark bolup barýan adamy taşlap gidiberipdirler.Suwa gark bolup barýan adamam geregini satypdyrda.
Hiayress
16 май 2022, 19:25
Bu aslynda metafora. Suw (deňiz, umman) - bu durmuş, gark bolýan - bu çykgynsyz ýagdaýa düşen adam, gämi - bu çykalga. Hudaý - bu umyt (adatdan daşary güýjiň kyn ýagdaýyňdan seni alyp çykjagyna ynam).