Pese düşmek

Ony ondan aýyrdylar bir günde,
Garşam bolup durmady ol boşluga.
Gaýgyranok, saýgaranok, oýlanok,
Irden gelen sagbollaşýar guşluga.

Olam razy, muzd tölenmez ýa kireý,
Oýnjak kimin oýnaýarlar keýpine.
Bir pursatlyk saýaly bir düşelge,
Ömürboýy kime gerek, aýt kime?..

Kalbym nagra dartdy, egildi başym,
Ýürek diýdi maña gerek, gelsene.
Namys diýdi haçan pese düşdüñ sen,
Egilme-de, gowusy bar ölsene...
2 лайков 96 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
21 май 2022, 05:23
mugallym mende beýle ýazar ýaly ukyp ýok, belki maňa öwredersiň
ýüreksözi
Автор 21 май 2022, 09:38
Remezan,
hehehehe men däl awtory