Aýdylmadyk söz

Aýdylmadyk söýgimiziň yzasy,
Ýüregimde, ýatladyp dur geçeni.
Niçe ýyldyr gaýybana söýenim,
Kürte bilen goňşy oba göçeni.

Ykbal razy, synpdaş gözel sendenem,
Gözýaşlaryň syrykmasyn ýaňakdan.
Ejeňem däl, meň özüm-dä çekinip,
Çeýnelse-de, ötürmedim damakdan.

Ah, ýaşlyk ýyllarym, mekdep ýyllarym,
Göwün berip guwanardym daşyňdan.
Özüm gowşak hem-de ýene gögele,
Heý, bu söwda geçipmidir başymdan.

Belki-de göwnüňden turaryn diýip,
Baýramyňda bägül aldym ýeke tar.
Onaň saňa däl-de mollyma berdim,
Çekinipdim, erk ýetmedi söwer ýar.

Özüň ümläpdiňem bir däl iki däl,
Hem-de gözleriňden okapdym näler.
Heý-de seň ýanyňda sapakdan soňra,
Söýän galarmy ýa söýmeýän galar.

Oýlanmadym soňy näme bolar diýp,
Gezdim-ýördüm arzuw bilen yssalap.
Gyz-a gyzdyr, dillenermi heý özi,
Menem gezdim ömür ýanman tüsseläp...

Garyndaş ýigitden sawçy gelinçä,
Gyýa bakman edebiňi sakladyň.
Jogabyň alansoň ejeň diýipdir:
-Razy, balam, emen süýdüň hakladyň!

Senem gitdiň, aýdylmadyk söýgime,
Başlanmazdan kürsäp geldi kazasy.
"Käşgä..." diýip, ökündirýär kä mahal,
Aýdylmadyk söýgimiziň yzasy.
4 лайков 102 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
21 май 2022, 13:26
mlds