AGLATMADYMMY
Ilki söýýän diýip, bakyp gözlerňe,
Gollaryň gollarma baglatmadymmy.
A soňra söýemok, ýalňyşdym diýip,
Hatda ejeňden öň aglatmadymmy.
Bir gelip, soň gidip ýene-de gelip,
Mähirläp göwnüňi çaglatmadymmy.
Käteler öçürip edeňde jaňy,
Gijeden dagdana aglatmadymmy.
Bakmen diýip senden özge hiç güle,
Seredip ençeler allatmadymmy.
Sen özge däl, dostlaryňa baksaňam,
Gygyryp, sögünip aglatmadymmy.
Ýok diýen jogabyň bolmasyn diýip,
Ejizje göwnüňi daglatmadymmy.
Derdim bar, aglatma, senden haýyşym,
Deseňem ýene-de aglatmadymmy.
Nüçün dözümli sen, nüçün sabyrly,
Gahara mähirdir mydam jogabyň.
Meniňki o dünýe dowzah diýseler,
Bermäge taýynsyň alan sogabyň.
Nüçün meni eý görüp sen özüňden,
Söýýärsiň, söýýärsiň ýene söýýärsiň.
Güljek döwrüň gözleň ýaşlap meň üçin,
Mydam egne otly köýnek geýýärsiň.
Hatda diýemde-de mende soňky gün,
Bolaýsa nädersiň birden hamana.
Bagş edip ýekejäm uly dünýäňi,
Gujagym açaýsam gelermiň jana?
Jogap berdiň: -Yşk ummana gark eden,
Seniň gözleň, olarda bir jady bar.
Ýeke goýup gidäýseňem ezizim,
Sen deý dünýä galar maňa ýadygär.
Gollaryň gollarma baglatmadymmy.
A soňra söýemok, ýalňyşdym diýip,
Hatda ejeňden öň aglatmadymmy.
Bir gelip, soň gidip ýene-de gelip,
Mähirläp göwnüňi çaglatmadymmy.
Käteler öçürip edeňde jaňy,
Gijeden dagdana aglatmadymmy.
Bakmen diýip senden özge hiç güle,
Seredip ençeler allatmadymmy.
Sen özge däl, dostlaryňa baksaňam,
Gygyryp, sögünip aglatmadymmy.
Ýok diýen jogabyň bolmasyn diýip,
Ejizje göwnüňi daglatmadymmy.
Derdim bar, aglatma, senden haýyşym,
Deseňem ýene-de aglatmadymmy.
Nüçün dözümli sen, nüçün sabyrly,
Gahara mähirdir mydam jogabyň.
Meniňki o dünýe dowzah diýseler,
Bermäge taýynsyň alan sogabyň.
Nüçün meni eý görüp sen özüňden,
Söýýärsiň, söýýärsiň ýene söýýärsiň.
Güljek döwrüň gözleň ýaşlap meň üçin,
Mydam egne otly köýnek geýýärsiň.
Hatda diýemde-de mende soňky gün,
Bolaýsa nädersiň birden hamana.
Bagş edip ýekejäm uly dünýäňi,
Gujagym açaýsam gelermiň jana?
Jogap berdiň: -Yşk ummana gark eden,
Seniň gözleň, olarda bir jady bar.
Ýeke goýup gidäýseňem ezizim,
Sen deý dünýä galar maňa ýadygär.
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.