Bermediň eje (şu günjik ýazan goşgym baha beriň saýtdaşlar)

Ýatlasam ýüregme sanjy bolup dur
Meni söýýänime bermediň eje
Geçen günler göz öňüme gelip dur
Meni söýýänime bermediň eje

Sözlesem gaýgylam soňlanmazmyka
Bolmanda agylam ýeňlenmezmikä
Heý menide birje diňlenmezmikä
Meni söýýänime bermediň eje

200 milýona meni satdyňmy
Meni satyp arzuwyňa ýetdiňmi
Indi bir gejeler rahat ýatdyňmy
Nüçün söýýänime bermediň eje

Sözüňden çykmadym diýenňi etdim
Sen mydama öz gepiňi gögertdiň
Juwan gyz halyma ömrümi ýakdyň
Meni söýýänime bermediň eje

Söýýänim ýuwaşdy ýigidiň güli
Arman gapjygynda az eken puly
Bir telpek azana satdyňla meni
Nüçün söýýänime bermediň eje

Indi zalym bilen ýaşaýyn nädip ?
Ryswa bolaýynmy aýrylşyp gidip?
Sözlesene indi ýüregmi gädip
Nüçün söýýänime bermediň eje

Gerçeknazar Amannazarow

bloglar.7wk.ru türkmençe bloglar
2 лайков 147 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ŞYH
13 сен 2022, 13:46
Soyyänim diyip soygi bamay
Oksimiron
13 сен 2022, 17:51
Boş manysyz goşgy. Ugur-utga ýok.
menembiri
14 сен 2022, 12:17
200million hey bir agzalarmy goshguda!? Biderek!!!! Goshgy dal bu bir özara gürrüň ýaly bir zat!