Islenençilere içdökme

Salam, dostlar-doganlar! Birhili şuýere girip göwnüm giñedi. (Nik adymdan başga zada) her temada her tanyş Nige lak atyp ýörmänem birhili gördüm! Sizi görüp (dogrusy niklerñizi) ÇYN DOST gören ýaly boldum... ýazasym gelýän zat kän, derdinesim gelýänleri ondanam kän... atlarñyzy sanasam, biri ýatdan çykar dp ýaýdanýan. Aslynda bu möhüm zadam däldir belki...
...Şunça ýyl ýaşadym ýeriñ ýüzinde. Şunça kişi göwnümi ýykdy... şunça kişi sähel-mähel kynçylykly günimde, ýeñselerni tüññerdişip gitdiler... wezipe. Pul. Iş. Täze tanyşlar. buýsançly baş. Birwagtky ýeñsesini tüññerdenler bn ýylgyryp baş atyşmak. Badak atanlañ haýrany hekgerip saña seretmegi... ufff.... käwagt hemme zatdan ýadaýañ... albassy ala ýatanlardan köp zat ýok ýaly käte...
Bärde welin başgaça! Siziñ hiçiñiz bn şo duýgulary ýaşamadym. Diñe ýazgylarñyzdan bir zatlar öwrendim... özümçe.. käbiriñizi içimden dost tutundym özüme. Käbiriñizi görmäge şäher-welaýat-ýurt aşyp gitdim...heriñzie özümçe göz-gaş goýdum... özümçe derdinişdim... Pylankese diýen ýazgy bolýar kä goşgudyr hekaýalañ öñünde... näme ücin ýazýanlarna kän bir añym ýetmese de, ýeke-ýeke atlarñyzy ýazsam diýdim.. barmaklam her gezek, bir ady ýazyp klawişlerden çekilende, her ýazylan at hakynda, oýa batasym geldi... ýöne gapdalymda kompýuter...işler...
Garazam ömrüñiz  uzak bolsun!

Awtor: Ozalky @Ötegçi bende häzirki @GeçerGeldi
23. Maý. 2022ý 23:10
17 лайков 363 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
23 май 2022, 23:15
Ine, muňa hakykatdanam içdökme diýse bolar)
GeçerGeldi
Автор 23 май 2022, 23:17
Teswiriñi okabam uuluudan dem alyp ýylgyrdym. Ýazamsoñ gaty ýeñledim. Sögünibem, içimi ýakanlañ içini ýakybam, badak atanlañ aýagyndan böküp geçip, aññalak gapdyrybam giñap bilman ýordüm, agam...
Nazar
23 май 2022, 23:19
Giñediñ dami indi ?? Ozuñ nikiñe gora bolsaň gulyaly bolar ozi :)
Hiayress
23 май 2022, 23:27
Adyň ýaly özüňem ýat bolduňaý jora. Nikden ejir çekýän bolsaňam aýdaýmaly ekeniň, bir nikimi bererdimdä. :))

Hoş gördük!
Nurmuhammet
23 май 2022, 23:36
GecerGeldi
icini dokup gowy etdin. hemise tukat gownuni gin tut.
Elmydama baydagyn belentde parlasyn
ajy
23 май 2022, 23:39
Osañ öýlendiñmi şony aýtsana?)
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 00:28
Fanb, Hiayress, Nurmuhammet köp sagboluñ!
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 00:29
garaburc tanamadym?! Önki nigiñ name?!
DonMaxx
24 май 2022, 05:16
gowy oglanlar kandir inim barde men yaljak bolyaa
Mümkin
24 май 2022, 05:46
GeçerGeldi,
Salam!Meñ öñki mowzuklarymyñ birine teswir ýazypsyñ,jogap berendirin.
Wiý,hoş geldiñ.Küýsetdiñ özüñi.
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 06:09
@Mümkin, köp sagbol! @DonMaxx sizem başdan bari iñ halaýan agzalarmyñ biri shlyapa
Pegas
24 май 2022, 08:57
Hemedany
Geçenler-de birini ýatladýaň welin kimdigiňi çykaryp bilemok?

Öňki @Ötegçi agza.
Gulinur
24 май 2022, 09:31
Otegci kaka sen Bayker kakamyyyyy
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 13:24
Gulinur ýok men Baykerä dal, gornenok şolam.

Ýok Hemadany agam! Mañaha uzim berjek diymediñ, diýseñ ýok diýmerin ýone;-))
Aýnur
24 май 2022, 13:53
Wertualda şeýle oýlanmalar meññem başymdan gečýar kawagt))
@Ötegçi Salam. Hoş geldiñiz!
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 15:12
Sagbol @Mona Songz shlyapa (yssy howada buzgaýmak uzadyp duran smaýli:))
Maksat
24 май 2022, 15:28
Salam öňki @Ötegçi agza. Menem şu ýere gelsem göwnüm açylýa, okaýan käwagt ýazýan.
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 16:58
Guk diýme kyn dälle, Gokdepede daş däl) Nira guk diymeli?!) Gokdepe diýeñde.. maska uçin Gokdepeli biri sakladaý..maşyn nomerne seredip Gokdepelimi diysem howwa diyen bolup dur... borda gruzin
GeçerGeldi
Автор 24 май 2022, 17:20
Aşgabatdan, bir gezek mentler saklap nireli diýende: Aşkabatdan! Diýdim mölerlip, mün, gaýtmaly welaýatyña diýdiler. Name ucin diýsem ýene nireli diyyaler:) şiwelerde gürlänim bn Aglymy üýtgetmeýär diýdim. Pylan obadan, şaheriñem pylan yerinde bolyan, pylanyñam yegeni diysem... onsañ ynandylar..
Margarita
24 май 2022, 17:21
"Ruhuňyz tug deýin belentde bolsun!" )
Mümkin
24 май 2022, 18:46
Hemedany,
Siz Gökdepäñ niresinden?
Mümkin
24 май 2022, 19:17
Bagyşlañ.Bilemok-da.Özüñiz aýdaýyñ.
Mümkin
24 май 2022, 20:31
Wiýý.Daýzamlañ obasy.Könesimi täzesi?
Mümkin
24 май 2022, 21:10
Howwa.Näçenji ýyldygyñam aýdyp goýber (garyndaş çykmasagam biri :))
Mümkin
24 май 2022, 21:14
Hemedany,
Siz "liçniý dannyñyzy" bermeýän halyñyza men size daýzamlaryñ "liçniý dannysyny" bereýinmi?!