???
"Men Sizi söýenim üçin günäkär däl" diýip ýazypsyňyz soňky hatlaryňyzyň birinde! Emma meniň söýenim üçin welin Siz günäkärsiňiz, Ezizim! Gam-gussa batanym, jebir çekenim üçin millon mertebe ýazyklysyňyz! Dertsiz başymy derde goýduňyz, söýmegi öwretdiňiz-de, eýmenç gussa bilen meni jezalandyrdyňyz! Sizi bagyşlap bilmen. Gözlerimden akan her damja ýaşym üçin o dünýede jogap bermeli bolaýsaňyz, meni çagyryň, ýetip gelerin! Emma birenkä aýaklaryňyza özümi oklaýsam welin, saklajak bolmaň, meni öz derdim bilen goýuň, utanmaň! Çünki gözlerimde henizem dökülmedik ýaşlar bar! Şindi hak eýesine gowuşmadyk muhabbet bar!
Indi ömürboýy...
Men bu gün uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlandym. Ertir hem uzynly gün Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlanaryn! Indi men ömürboýy Sen barada oýlanmazlyk hakynda oýlansam gerek...
Hosiýat RUSTAMOWA.
Terjime: Orazmyrat MYRADOW.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.