Hyjap aýatynyň inmeginiň sebäbi
HYJAP AÝATYNYŇ INMEGINIŇ SEBÄBI
عَنْ عَائِشَةَ رَضِي الله عَنْهَا أَنَّ أَزْوَاجَ النَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم كُنَّ يخْرُجْنَ بِاللَّيلِ إذَا تَبَرَّزْنَ إلَى الْمَنَاصِعِ ، وَهُوَ صَعِيدٌ أَفْيحُ ، فَكَانَ عُمَرُ يقُولُ لِلنَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم: احْجُبْ نِسَاءَكَ ، فَلَمْ يكُنْ رَسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم يفْعَلُ ، فَخَرَجَتْ سَوْدَةُ بِنْتُ زَمْعَةَ زَوْجُ النَّبِيِّ صلّى الله عليه وسلم لَيلَةً مِنَ اللَّيالِي عِشَاءً ، وَكَانَتِ امْرَأةً طَوِيلَةً ، فَنَادَاهَا عُمَرُ أَلاَ قَدْ عَرَفْنَاكِ يا سَوْدَةُ- حِرْصاً على أَنْ ينْزِلَ الْحِجَابُ- ، فَأَنْزَلَ اللَّهُ آيةََ الْحِجَابَ.
Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nikaly aýallary gijelerine aýak ýoluna çykanlarynda Medinäniň bir çetinde ýerleşýän Menasy diýlip atlandyrylýan ýere tarap giderdiler. Menasy diýilýän ýer bolsa açyk bir ýerdir. Omar (r.a.): «Aýallaryňy gizle (ýagny öýden daşary çykmagy olara gadagan et)» diýse-de, Allahyň Resuly (s.a.w.) muny tassyklaýan wahyýa garaşýany üçin, onuň aýdanyny etmeýärdi. Iň soňunda musulmanlaryň eneleriniň biri bolan Söwde (r.a.) bir gije ýassy namazynyň wagtynda daş çykdy. Ol uzyn boýly bir zenandy. Omar hyjap emriniň inmegini şeýle bir isleýärdi welin, ol: «Ýa Söwde, biz seni tanadyk» diýip gygyrdy. Mundan soňra Allahü tagala hyjap aýatyny inderdi»1.
1 Hyjap aýaty üç gezekde üç derejä laýyklykda inendir. Birinjisi: يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ قُلْ لِأَزْوَاجِكَ وَبَنَاتِكَ وَنِسَاءِ الْمُؤْمِنِينَ يُدْنِينَ عَلَيْهِنَّ مِنْ جَلَابِيبِهِنَّ ذَلِكَ أَدْنَى أَنْ يُعْرَفْنَ فَلَا يُؤْذَيْنَ وَكَانَ اللَّهُ غَفُورًا رَحِيمًا = „Ýää-eýýühennebiýýü kul li-ezwäjike webenätike we nisäääää-il-mü’miniýne ýüdniýne aleýhinne min jeläbiýbihinne. Zälike ednäää en ýugrafne felä ýüzeýne. We länellahü Gafuwran Rahiýmen» (golaý manysy: «Eý Pygamber, aýallaryňa, gyzlaryňa we möminleriň aýallaryna bir zerurlyk üçin daşary çykanlarynda, daş örtgülerini (perejilerini) üstlerine atmalydyklaryny we sag we cep elleri bilen perejniň iç ýüzünden tutup, kükrekleriniň üstünde birleşdirip, ýüzlerinden başga ýerlerini ýapmalydyklaryny aýt. Olaryň tanalmagy we ynjydylmazlygy üçin iň amatly bolany şudur. Allah bagyşlaýjydyr, goraýjydyr» («Ahzab» süresiniň 59-njy aýaty) aýaty-kerimesi bolup, şonuň bilen zenanlar ýüzlerinden başga ýerlerini ýapmaga borçly boldular. Ikinjisi: يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آَمَنُوا لَا تَدْخُلُوا بُيُوتَ النَّبِيِّ إِلَّا أَنْ يُؤْذَنَ لَكُمْ إِلَى طَعَامٍ غَيْرَ نَاظِرِينَ إِنَاهُ وَلَكِنْ إِذَا دُعِيتُمْ فَادْخُلُوا فَإِذَا طَعِمْتُمْ فَانْتَشِرُوا وَلَا مُسْتَأْنِسِينَ لِحَدِيثٍ إِنَّ ذَلِكُمْ كَانَ يُؤْذِي النَّبِيَّ فَيَسْتَحْيِي مِنْكُمْ وَاللَّهُ لَا يَسْتَحْيِي مِنَ الْحَقِّ وَإِذَا سَأَلْتُمُوهُنَّ مَتَاعًا فَاسْأَلُوهُنَّ مِنْ وَرَاءِ حِجَابٍ ذَلِكُمْ أَطْهَرُ لِقُلُوبِكُمْ وَقُلُوبِهِنَّ وَمَا كَانَ لَكُمْ أَنْ تُؤْذُوا رَسُولَ اللَّهِ وَلَا أَنْ تَنْكِحُوا أَزْوَاجَهُ مِنْ بَعْدِهِ أَبَدًا إِنَّ ذَلِكُمْ كَانَ عِنْدَ اللَّهِ عَظِيمًا = «Ýäää-eýýühelleziýne ämenuw lä tedhüluw büýutennebiýýi illäää en ýüzene leküm ilä tagaamin gaýra näzyryýne inähü we läkin izä dügyýtüm fedhuluw, fe-izä tagymtüm fentnşiruw we lä müstenisiýne li-hadiýsin. Inne zäliküm käne ýüzinnebiýýe fe-ýestahýiý minküm, wellahü lä ýestahýiý minel-hakky. We izä se-eltümuwhünne metägan fes-eluwhünne min weraaaa-i hyjäbin. Zäliküm etherü li-kuluwbiküm we kuluwbihinne. We mä käne leküm en tüzuw resuwlellahi we läää en tenkihuwww ezwäjehuw min bagdihiýý ebeden. Inne zäliküm käne yndellahi azyýmen» (golaý manysy: «Eý iman edenler! Tagam iýmek üçin rugsat berläýmese, tagam iýiljek wagtyndan öň Pygamberiň öýlerine girmäň. Diňe çagyrylan wagtyňyz giriň. Nahar iýip bolup hem, söhbete başlamazdan, derrew dagaň. Çünki bu hereketiňiz Pygambere agyr degýär, ýöne ol muny size aýtmaga ejap edýär. Emma Allahü tagala hakykaty aýtmakdan çekinmez. Pygamberiň aýallaryndan bir zat soramak isläniňizde, perdäniň aňyrsyndan soraň. Bu, hem siziň kalplaryňyz üçin, hem olaryň kalplary üçin has tämiz bir hereketdir. Siz Allahyň Resulyny ynjalykdan gaçyrmaly dälsiňiz we ondan soňra onuň aýallaryny nikalap almaly dälsiňiz. Çünki, bu Allahü tagalanyň öňünde uly bir günädir». «Ahzab» süresiniň 53-nji aýaty) aýaty-kerimesi bolup, onuň inmegi bilen salyhatlylyk hijaby emr edilip, öýde aýallaryň ýaşaýan otaglary erkekleriň ýaşaýan otaglaryndan aýrylandyr. Üçünjisi: وَقَرْنَ فِي بُيُوتِكُنَّ وَلَا تَبَرَّجْنَ تَبَرُّجَ الْجَاهِلِيَّةِ الْأُولَى وَأَقِمْنَ الصَّلَاةَ وَآَتِينَ الزَّكَاةَ وَأَطِعْنَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ إِنَّمَا يُرِيدُ اللَّهُ لِيُذْهِبَ عَنْكُمُ الرِّجْسَ أَهْلَ الْبَيْتِ وَيُطَهِّرَكُمْ تَطْهِيرًا = «We karne fiý büýutikünne we lä teberrejne teberrüjel-jä-hiliýýetil-uwlä we akymnessaläte we ätiýnezzekäte we etygnallahe we resuwlehuw. Innemä ýüriýdüllahü li-ýüzhibe ankümürryjse ehlel-beýti we ýütahhyraküm tathyýran» (golaý manysy: «Öýleriňizde oturyň. Öňki jahylyýet adatynda bolşy ýaly, bezenip-beslenmäň. Namaz okaň, zekat beriň, Allahü tagala we Resulyna boýun egiň. Eý Pygamberiň aýallary! Allah sizden, onuň maşgalasyndan hapalyklary daşlaşdyrmak we sizi tämiz etmek isleýär». «Ahzab» süresiniň 33-nji aýaty) aýaty-kerimesiniň inmegi netijesinde bolsa, şerigatyň rugsat berýän işlerini ýerine ýetirmek zerurlygy bolmasa, zenanlara öýlerinden çykmak gadagan edildi. Hatda hezreti Muhammet alaýhyssalamyň nikaly aýallarynyň käbiri (musulmanlaryň eneleri hezretleri) ile garalaryny görkezmekden hem saklanardylar. Musulmanlaryň eneleriniň täret kylmak zerurlygy ýüze çykanda nähili geýinmelidikleriniň düzgünleri-de üç gezekde mälim boldy. Ilkibaşda (bu hadysdan görnüşine görä) bu iş üçin Menasy (Gaçybatalga) diýilýän ýere çykardylar, ýöne gijäniň garaňkysy goýalýança çykmazdylar. Hyjap aýaty ineninden soňra bolsa, gijäniň garaňkysynda-da şol ýere geýnip çykardylar. Ýöne (ýene şu kyssadan-da görnüşine görä) garaňkyda-da uzakdan görnen sudurlaryndan käte kimdikleri bildiräýýärdi. Bu bolsa hezreti Omara örän agyr degerdi. Has soňra öýlerde tärethanalar gurlup, olar daşary çykmakdan büs-bütin ýüz öwürdiler.
Hezreti Omar (r.a.) gaýratynyň çäksizligi sebäpli, Allahyň Resulyndan (s.a.w.) musulmanlaryň enelerini daşary çykarmazlygyny we Bagtyýar öýüne gelen adamlaryň olary görmezlikleri üçin aladalanmagy ýalbaryplar haýyş ederdi. Ahyry hyjap aýatlary indi. Omaryň islän zatlarynyň biri-de şudy. Omaryň islegi ýokarda gürrüňi edilen we has soňra inen wahyýa we çäklendirmäge laýyk gelen işlerden bolup, şeýle ýagdaý on bir, käbirleriniň aýtmagyna görä bolsa ýigrimi iki gezek ýüze çykypdyr.
Muhammet ibn Ysmýyl Buhary "120-nji hadys"

20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.