AŞGABAT — KAZAN UGRY BOÝUNÇA YZYGIDERLI HOWA GATNAWLARY AMALA AŞYRYLYP BAŞLANAR
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary üçin petekleri satyp başlady. Bu barada awiakompaniýa «SalamNews-a» habar berdi.
Habara görä, 1-nji iýundan Aşgabat — Kazan ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlanar. Bu ugur boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrmak göz öňüne tutulýar. Gatnawyň bir tarapynyň bahasy 8020 manat.
Uçar Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 14:55-de uçup, Kazan şäherine ýerli wagt bilen 16:30-da barar. Gaýdyşyn 19:00-da Kazandan Aşgabada uçup, 00:00-da (çarşenbeden penşenbä geçilýän gije) Türkmenistana geler.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlaryň ýolagçylary üçin çäklendirmeleri baradaky maglumatlar bilen web saýtymyzda tanşyp bilersiňiz.
Çeşme: SalamNews

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.