Türkmençilik-1 / Esse

TÜRKMENÇILIK-1

Türkmençilik. Bu sözüň manysyna nähili düşünmeli? Belki, ol tutuş bir halka mahsus alamaty, häsiýeti aňladýandyr? Belki, ol milli artykmaçlykdyr? Ýa-da asyrlaryň dowamynda türkmenlere degişli däp-dessurlaryň şol millete häsiýetlidigini duýdurmak maksady bilen gabanjaňlyk garyndysy zerarly dörän düşünje bolmaly? Eger ol häsiýete dalaş edýän bolsa, psihologlaryň, pelsepä dalaş edýän bolsa, pelsepeçileriň, etnografiýa dalaş edýän bolsa, etnograflaryň akylly-başly derňewine garaşýandyr? Bu mahala çenli şeýle derňewiň bolmandygy anyk. Onuň sebäbini her kim her hiliräk düşündirse gerek. Men esasy sebäp hökmünde milletleriň özboluşlyklaryny öwrenmekde dowan edip gelen dogmatizmi görkezmekçi. SSSR-de ýaşaýan halklaryň sany ýüzden geçýär. Olaryň dili, dini, taryhy dürli-dürli. Olardan bir halk ýasajak bolmak islegi milletleriň aýratynlygy hakyndaky meselä göýä sowet internasionalizmine gelişmeýän synanyşyk hökmünde garaýardy. Sähel ýerde milletçi diýilen tagmanyň maňlaýa basylýany üçin jemgyýetiň süňňüne siňen aýylganç gorky milli aýratynlyklar hakdaky çuňňur derňewi başa barmajak zada öwrüpdi.
Biz bu gün şol gorkunyň süňňümizden çykmaýandygyny duýsagam, ony hökmürowan güýje öwren sütünleriň ýumrulýandygyna şükür edýäris. Ýöne meniň şu ýazga ýapyşmagymyň diňe amatly pursatyň dörändigine syrykdyrmaly däldir. Men bu ýerde alymyň wezipesine dalaş etmekçi bolamok. Türkmençilik diýen düşünjäniň asyl manysyny şänik döwen ýaly aýdyňlaşdyraryn öýdüp galama ýapyşmadym. Dogrusy, meni meseläniň ylmy tarapy gyzyklandyranok, ol alymlaryň işi. Meni ýazyjy hökmünde meseläniň durmuş bilen bagly taraplary gyzyklandyrýar, özem ed-dil şu pursat!
Häzir bütin ýurt ykdysady ösüşiň bazar syýasatyna geçmäge taýýarlyk görýär. Taýýarlygyň barşy ýerlerde birmeňzeş däl. Buýruk bilen iş görmäne endik edinen apparatyň penjesinden sypyp, demokratiýanyň datly tagamyndan tamşanmaga ýetişen ýerler, eýýäm belli bir derejede bazar gatnaşyklaryna ýüz urdular. Köne ýörelgä eýerlip, islendik başlangyjy, şol sanda demokratiýany hem şygara öwrüp, hakykatda býurakratik sistema wepaly bolnup galynan ýerlerde galmagal, boş söz höküm sürýär. Bu ýörelgä ygrarly adamlar başda-da üýtgedip gurmak syýasatyna ynanmandylar, häzirem ynananoklar, onuň başa barmazlygy üçin aşaklyk bilen elde baryny edýärler. Olara esasy gutalga häkimlik. Häkimlik elden giden pursaty olar läş. Söz bilen, delil bilen iş görmeli ýerinde olaryň bagty ýatjak.
Häzir biziň gürrüňimiz bu hakda däl, öz temamyza dolanalyň. Eger ykdysady ösüşiň bazar syýasaty bilen baglylykda türkmençilik hakynda gep gozgalýan bolsa, diýmek, bolmalydyr. Bah, bar-la!
Ýusup pygamberiň taryhyny ýatlalyň. Ony doganlary gul edip Müsüre satýarlar. Ol gulçulykdan patyşanyň wezirligine çenli göterilýär. Müsüriň hazynalaryny gyzyldan doldurýar. Ýedi ýyl bolçulykdan soň ýedi ýyllap gahatçylygyň höküm sürjegini öňden duýýar. Ýusup ýedi ýylky bolçulykda wagt ýitirmän, öňde duran gahatçylygyň gamyny iýýär. Urulary däneden doldurýar. Müsür açlykdan, gurakçylykdan diňe bir abat çykany bilen oňman, aç galan ýurtlara galla satyp diýseň gurplanýar.
Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly “Gurply wagtyň gazanawer” diýýär. Ýusubyň taryhynyň ykdysady tarapyny mundan gysga jemlemek mümkin däl.
Magtymgulyny döreden halkda ýene bir pähim bar: “Şu günlügiňi tapsaň, ertirligiňi gaýgy etme”. Ýeri, muňa näme diýjek? Beýle jähennemçilik türkmene mahsus boldumyka? Göroglyny okaýarsyň. Görogly ýaly türkmeniň häsiýetini özüňe siňdirip obraz entäk biziň edebiýatymyzda döränok. Türkmeniň mertligem, namartlygam, gönümelligem, ugurtapyjylygam, kellesiniň gyzgynyna gabahat iş edip, soňra ökünip oturşam, hilesem, rehimdarlygam, wäşiligem, keýpi-sapanyň gadyryny bilşem... garaz, ensiklopediýa häsiýetli obraz. Şu häsiýetleriň arasynda jähennemçiligem bar. Görogly ertirligini gaýgy edýän adam däl. Özem häli-şindi galandar, derwüşler bilen sataşyp ýör, derkar ýerinde olaryň lybasyna girýär gidiberýär. Derwüşlerde bir kada bar: şu gün tapanygy ertire goýmak bolanok.
Belki, ýokarky pähimiň ýüze çykmagynda, ertiriňi gaýgy etme, hudaýa sygyn diýen ýaly sopuçylygyň taglymatynyň täsiri bardyr? Şeýle sowallar ýüze çykan halatynda biz köplenç: Eý, türkmençilikdä – diýip oňaýýarys.
“Türkmençilik” diýen sözi agramlap görjek bolýarsyň. Oňa anyk many bermek juda çetin. Balyk ýaly eliňden sypyp dur. Umumy adamzat ahlagynyň ykrar eden kadasyna çapraz gelýän tutumy, etmişi türkmençilik diýen ülňä salyp, sülä getirjek bolmak ýa-da inkär etmek endigi bar ahyry. Eger biri goňşy köçede ýas tutup oturylandygyna garamazdan, toý tutsa, biz onuň etmişini türkmençilige gelişmeýän gabahatlyk hökmünde ýazgarýarys. Emma gös-göni ertirki bähbidimiz görnüp duran işi biagyrlyk bilen gaýra goýan halatymyz: Häk, türkmençilik edýäs-dä – diýip ökünýäris.
Türkmençilik türkmeniň özüni alyp normalaryna dalaş edýän düşünje bolmasyn?
Ol döwrüň emrine dahylsyz, üýtgemän duran zad-a däldir, döwür oňa täsirini ýetirmeli.
Bazar. Gündogar ýurtlarynda bazarlaryň meşhurlygyna beletsiňiz. Bazara garap, ýurduň ykdysady hem syýasy ýagdaýy, rowaçlygyny ýada ýetmezini kesgitläpdirler. Söwda ýollaryna ýurduň gan damarlary diýsek, bazar onuň ýüregi bolupdyr. Rowaç ýurtlarda tüçjarlar ilçiler bilen deň görlüpdir. Ýurtdaky adyllyk bazara bolan gatnaşykda duýulýan ekeni. Adyllykdan ýüz öwrüp, ýurduny edara edip bilmän, zorluga daýanyp gün görjek bolýan emelsiz häkimleriň jyny bazara düşüpdir. Söwdagärleri talapdyrlar, öz raýatlaryny kemsidipdirler.
Bazaryň öz kadasy, öz ýörelgesi bar. Oňa häli-şindi gatyşyp durmaga, zorluk ulanmaga häkimelere-de rugsat berlenok. Biz bazaryň asyl manysyny ýitirdik, sebäbi bizi şu günki gabahatlyklara alyp gelen ykdysady syýasatymyz bazary inkär edýärdi. Bazara peýdakeşleriň, alyp-satarlaryň bet iş görýän ýeri hökmünde garadyk. Onuň aýdyň şaýatnamasy – peýdakeşleri kowalap ýören milisionerler.
Bazar her kimiň halal zähmeti bilen öndüren harydyny satýan ýeri bolmaly. Şonuň üçinem halk oňa ak bazar diýipdir. Bijeden nadyl bolunmaýşy ýaly, ak bazaryň göteren nyrhyndan hiç kim närazy bolmandyr.
Häzirki bazarlarda satylýan harytlaryň aglabasy adamlaryň halal zätmetinden önen zatlar däl. Döwlet hem kooperatiw söwdany alyp barýan bihalal adamlar bilen hyzmatdaşlykda birgiden adam gyt harytlary üç-dört baha artyk satyp jenaýat edýärler. Biz bazary jenaýatyň mekanyna öwürdik. Ile göz üçin milisionerleriň hüjümini gurýarys. Şol wagtyň özünde-de jenaýatyň öňüni almajagymyzy aýnada ýaly görüp oturys. Bazary keselleden jemgyýetiň degerli dermanyny tapmazdan bazary toba getirmek akyla sygjak zatmy!
Biz ýene ak bazara ýüzümizi öwürmekçi bolýarys, ýöne soňky nesiller ak bazaryň nämedigini bilenoklar, olaryň göreni biynsaplygyň, jenaýatyň mekanyna öwrülen bazarlar. Şonuň üçin hem bazaryň ady agzalsa, eden-etdilik, aldaw-hile, talaňçylyk göz öňüne gelýär. Ak bazaryň eşretini olaryň özleri duýaýmasa, häzir söz bilen ynandyrmak juda çetin.
Türkmenistan Ýokary Sowetiniň awgustda geçen üçinji sessiýasynda Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Rejep Baýramow çykyş edip, biz häzirem bazar bahasynyň ýagdaýynda ýaşaýarys, ýöne ol gizlinlikde edilýär, ony aç-açýan ýagdaýa geçirmeli diýen ýaly bir pikir aýtdy. Biz hormatly akademigimiziň peýdakeşlere mahsus bahany göz öňünde tutup aýdanyna düşünýäris. Emma biz häzirki gizlin bazaryň aç-açanlygyna-da, onuň hyzmatyna-da bil baglap bilmeris, biz ony jenaýat hökmünde büs-bütin inkär etmeli bolarys. Zadyň gymmatçylygyndan gorkmaly däl, gorkmaly zat onuň haramlygynda. Haram zat bilen halky doýrup bolmaz.
Ak bazar halallykdan başlanýan bolsa, ykdysadyýetiň bazar syýasaty halallyga, erkinlige daýanmaly bolar, başga çykalga ýok. Halallyk her kimiň gara zähmetiniň, daban azabynyň miwesi. Şol miwe ynsap diýen gymmat zady döredýär. Hytaýlylarda şeýle bir söz bar: “Agşam otsuz at semremez, haram pulsuz adam baýamaz”. Haram pul bil agyrdylyp, zehin ýakylyp gazanylanok. Ony sowup-sowurtlamagam aňsat. Emma adam halal zähmet bilen näçe gazansada ony ölçäp sowar, her köpügi hasaplydyr. Tygşytly adama husyt diýmek aýypdyr. Entek biziň jemgyýetimiz tygşytlylyk diýen düşünjäniň hakyky peýdasyna düşünenok, sebäbi bu mahala çenli onuň zerurlygyny duýmadyk. Döwlet tarapyndan raýatlary tygşytlylyga çagyranyň bilen iş gutarmaýar. Tygşytlylygyň eşretdigini her bir zähmetkeş adam gündelik durmuşynda duýar ýaly, ony hususy bähbide öwrer ýaly ykdysady sistema döretmeli. Raýatlary biagyrlyk, hanaslyk, mätäçlik çekýän döwletde hiç mahal abadançylyk, rowaçlyk bolmandyr. Hakykatda, her bir raýatyň baýlygyndan, gurgunlygyndan döwletiň kuwwaty kemala gelmeli. Bu zerur düzgüni biz äsgermän geldik. “Senem köpüň birisiň, saýlanjak bolma-da, berleni iýde geziber, sen hakda döwlet alada edýär”. Ine, gödegräk aýdylanda, dowam eden ýörelge. Döwlet raýatlaryň, raýatlar döwletiň aladasyny etmeli dälmi! Ýöne döwletiň aladasy raýatlaryň şahsy aladasynyň miwesinden döremelidir. Raýatlaryň gazanjy artdygyça, ol şonça-da döwlete köp salgyt töleýär. Biziň täze ykdysady reformamyzyň özeni şu ýerden başlanýar.
Tygşytlylyk hakdaky gürrüňi dowam etmekden ötri bir gören zadymy ýatlaýyn.
- Bäş-alty ýyllykda başga şäherler bilen telefonda gepleşilýän ýere bardym. Adam köp ekeni, aglaba-da ýaşlar. Bir gyz üç manadyny şaýa böldürip, meniň öň ýanymda kabina girdi. Gepleşýänleriň sesi eşidilip durdy. Ýaňky gyz ilki ejesi bilen gepleşdi. Onuň ýagdaýlaryny, jigilerini atma-at sorady, soňra howa geçdi. Awtomat yzly-yzyna on bäş köpük şaýylary ýuwdup dur. Gyz Aşgabadyň howasyny aýtdy, öten agşam telewizorda berlen satira-ýumary gördüňizmi diýip sorady. Soňra gelnejesi bilen gürleşdi. Hal-ýagdaý soraşmak täzeden başlandy. Garaz, onuň böldüren puly gutardy, ýene bir manat böldürip dowam etdi, ahyrynda-da çaltrak pul iberiň diýdi. Şu sargydyny aýtmak üçin ol dört manadyny sarp etdi. Ony on bäş, aňry gitse, otuz köpükde aýdyp boljak.
Eger şol gyz her köpügi gazanmagyň aňsat däldigini bilýän bolsady, bihuda gürrüň üçin awtomata dört manat berermidi, elbetde, bermezdi.
Men ertiri ýoldaşlarymyň ýanynda şujagaz epizody aýdyp berdim welin, olaryň biri: “Türkmençilik-dä” diýdi.
Men bu pikiri tassyklamadym, inkärem etmedim. Öz ýanymdan Moskwadan öýüme til edýänleriň bolşy bilen deňeşdirip gördüm. Salam-salam. Şu sözden soňam bada-bat esasy meselä geçerler! Howanam soranoklar, agşam telewizorda näme göreniň bilenem işleri ýok. Her minudyň bahasy bar. Adamyň ömrem minutlardan emele gelýär. Heý, biz şu hakda häli-şindi pikir edýärismi? Ömrüň dowamy beýlede dursun, bir günüň dowamy hakda-da pikir edemzok. Nijema wagtymyz bihuda oturylyşyklarda, gybatly gürrüňçiliklerde geçýär. Şu ýerde uzagragam bolsa, wagt hakynda Italýanyň beýik şahyry Petrarkyň sözüni getirmäge rugsat ediň. Ol: “Men her günüň gymmatlydygyny bilsemem, onuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygyny bilmändirin, özem aýny bilmeli mahalym, maňa juda zerur hem peýdaly mahaly bilmändirin. Hawa, ol mahal wagtyň hakyky gymmatyna gözüm ýetmän ekeni. Men süňňümi argynlykdan goradym, paýhasymyň dury bolmagy üçin çalyşdym, her şaýy pulumyň hasabyny ýöretdim, ýöne meniň üçin wagt hemişe soňky orunda bolupdyr. Wagtyň birinji orunda bolmaly ekendigini diňe indi bilip galýan. Dynç alyp ýadawlygy aýryp bolýar, sowlan puly ýene gazanyp bolýar, wagty welin dolap getirjek gümanyň ýok”.
Beýik Petrarkyň ökünjine düşünmäne ukybymyz çatsady!
Balyň süýjüdigini öwüp oturman dadyryp göräýmeli. Wagtyň gymmatlydygyny tükeniksiz gaýtalap oturanyň bilen iş bitmez. Adam onuň gymmatyny duýar ýaly zerurlyga duçar bolmasa, öwüt-nesihat gury sözdür. Zerurlygy duýar ýaly ykdysady şerti döretmeli. Tomusda Sakarçäge baranymda giç öýlän gowaçanyň içinde kätmen urup ýören iki sany şlýapaly adamy gördüm. Bular şäherde işleýärler, işden gelişlerinede bärik eňendirler, olaryň maşgalasy bu kartany kärendesine aldy diýdiler. Olara indi wagtyň gymmatlydygy barada leksiýa okamagyň derkary ýok. “Türkmençilik edýäs, wagtymyzy bihuda geçirýäris” diýip zeýrenýänlerede köp duş geldim. Gep türkmençilikde dälmikä diýýän, gep biziň türkmençilik diýýän ahwalatymyzy döredýän sebäbleri aradan aýyrmakda. Gazananyňy diňe zeruryňa sowup, artykmaç senetlerden halas bolup bilse, türkmen maşgalalaryna uly ýeňillikler dörärdi. Gerek ýerini bilip, puly tygşytly sowmagam wagtyň ähmiýetinden kem däldir. Adamyň elindäki puluny sowşuna garap, onuň medeniýet derejesini, ykdysady garaşlylygyny, durmuş şertlerinden baş çykaryş ukybyny kesgitläp bolýar.
Synag üçin üç adamyň eline bir möçberdäki puly berip, şuny agşama çenli öz islegiňize görä ýerleşdirip geliň diýseňiz, soňky netije ýokarky pikirimizi tassyklar. Biri puly kassa goýar, erte çagalarym okanda kösenmesinler diýer. Ikinji biri maşyn alamda bergi edipdim, şoňa berdim diýer. Üçünjisi bäş bahasyny töläp panbarhat mata alandyr, gyzym geýsin, joralaryndan kem galmasyn diýer. Şol maşgalada puly harç etmäne ondan has möhüm islegler, zerurlyklar bardyr. Panbarhata derek dört-bäş goýun alyp gapysynda daňsa, çagalary kösenmez. Emma ony etmez. Ýeri, muňa näme diýjek? Islegi gurbuna görä däl, syrty kül üstünde, göwni kap dagynda. Ýa muňad-da türkmençilik diýip oňaýmaly bormy? Ýo-ok, bi türkmençilik däl, bi hadysa öz başyny jemgyýetde hemmeleriň gyradeňdikleri hakyndaky pagtabent şygarlardan alyp gaýdýar. Her kim öz ornuny kesgitläp bilenok, bilse-de, boýun almagy kiçilik bilýär. Jemgyýet: bizde baýam ýok, garybam ýok diýip onuň gulagyny gazalap geldi, hemmemiz gyradeň, azat raýatlar. Her kimiň pes bilen gyradeň bolasy gelenok, deňleşip bolsa, barly bilen deňleşjek bolmaly! Ine, saňa kösenç, horluk!
Şeýle ynanja uýýan adamlar bilen dil tapmak, ylalaşyga gelmek kyn bolýar.
Gyradeňlik adamyň şahs hökmünde ösmegini islänok. Onuň inisiatiwasyny ýok etmäge çalyşýar. “Sen buýrulan işi ýerine ýetirdejik geziber, galan ýagdaýy döwlet oňarar, ol seni işsiz, owkatsyz, goragsyz goýmaz, neneňsi ýagdaý bolanda-da çagalaryň ajyndan ölmez” diýen ynanja ýaşlykdan uýan adam sözüň doly manysynda şahsy azatlygyň nämedigini bilenok. Ol azatlyk talap edenok, jemgyýetde deňlik bolsun diýýär. Deňlik diýibem döwletiň gyradeň hossarlygyna düşünýär. Öz günüňi özüň gör diýilse, başyna ahyrzaman inäýjek ýaly. Öz güýjüne, öz tutumyna ynananok. Goý, kimem bolsa biri onuň depesinde dursun, oňa näme etmelidigini gündelik görkezip dursun! Ine, dolandyryşyň býurokrat-buýruk sistemasyny döredenleriň kemala getiren ynanjy, psihologiýasy. Olar şu ynanja tutaryk edibem ykdysadyýetiň bazar ýoluna garşy göreşýärler.

Tirkiş JUMAGELDIÝEW

Çeşme: kitapçy.com
0 лайков 196 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
26 май 2022, 21:44
Shu Tirkish aga haýatmy?!
Hiayress
Автор 26 май 2022, 22:03
biohimik.,
Haýat diýip, "zabor" manyda göz öňüne tutýaňmy?!
#B.S
26 май 2022, 22:08
Hiayress,
Tirikmi (dirimi) diyjek bolýatyr ;)))
Hiayress
Автор 26 май 2022, 22:19
Khanture,
Beh, "Dirimi, ýaşap ýörmi" diýip her hili soralanyny eşdipdim welin, edil bular ýaly soralananyny ilkinji sapar görýän. :))
Oglanlar aýtmyşlaýyn "diri".