Psihologik test#1

Suratda ilki näme gördüňiz?
1) Aý.
2) Arça.
3) Pil.

Ilki suratda aýy gören bolsaňyz: Onda siz introwert bolmagyňyz gaty ähtimal. Özüňizi ýapyk alyp barýaňyz, ýöne şol bir wagtyň özünde-de sabyrly we tutanýerli. Kiçi zatlara uly üns bermegi halaýaňyz we göz öňüne getirijiligiňiz (hyýaly fantaziýaňyz) ösen.

Ilki suratda arça gören bolsaňyz: Onda siziň pikirlenşiňiz beýleki adamlaryňkydan tapawutly. Hemme zada öz şahsy garaýşyňyz bar we köplenç şol garaýşyňyz esasly beýleki adamlar size düşünmeýär. Size ýoluňyzdan azaşmazlygyňyz üçin özüňize ynamyňyzy artdyrmagyňyz zerur.

Ilki suratda pili gören bolsaňyz: Onda siz öz köňlüňize garap bilýän çuň adam. Maýda zatlara wagtyňyzy sarp etmägi halaňyzok, sebäbi siz uly zatlaryň planlaryny biçýäňiz we ünsüňizi şol ugra gönükdirýäňiz .
6 лайков 403 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
28 май 2022, 14:51
2) arca gordum
Annadursun
28 май 2022, 14:52
1.Ay
ajy
28 май 2022, 14:53
Aý gordum
wordless
28 май 2022, 15:17
Pil
Soho
28 май 2022, 15:43
3sinem bile gorsen nahili bolyaka?
Hiayress
Автор 28 май 2022, 15:48
Surat köp gowy ýerleşenok eken..
Gulinur
28 май 2022, 15:49
Soho
3sinem bile gorsen nahili bolyaka?

Menem ucisinem goryan shu vagt sholan
GeçerGeldi
28 май 2022, 15:52
Arça aý pil bile
Hiayress
Автор 28 май 2022, 16:11
GeçerGeldi,
Soho,
"Ilki" diýip ýazylan sözi görmediňizmi jora?! Hemmesi gören bolsaňyzam has ilki haýsyny gördüňiz?!
Hiayress
Автор 28 май 2022, 16:13
Ilki sözüni okap bilmeýän, ýada manysyna düşünmeýän ýalaý. Surat erbet çykýar eken. Şonda-da dowam etjek. Ýene iki sany surat bar.
Maksat
28 май 2022, 16:18
Ilki aý gördüm soň arça (surat ýokardan aşak ýuwaşjadan açyldyda). Pilä maňa görünmedi.
Maksat
28 май 2022, 16:19
Surat doly görünmedi öýdýän.
Hiayress
Автор 28 май 2022, 16:29
Bayker,
Hawa, surat real ölçeginde çykanok eken.
Soho
28 май 2022, 16:41
ay,pil,archa diyp yazypsyn, eyyam beynide sho 3 si bolaymaly diyip habar berilyan yaly, surat achyldy welin, 3 sem bile gorundi, haysyny ilki gordum diyjegimi blmk
Hiayress
Автор 28 май 2022, 16:43
Soho,
Beh, ony ýazmasaňam siziň nämeliri görjegiňizi bilip bolmaz. :D
Soho
28 май 2022, 16:46
suratda name goryaniz diyen bolsan gowy boljak eken :)
Gulinur
28 май 2022, 16:49
Soho
suratda name goryaniz diyen bolsan gowy boljak eken :)
Shony aytsana
Öwreniji
28 май 2022, 17:21
Men hiç haýsynam göremok, ýöne aşakdaky görkezmeleriň üçisem meň häsiýetlemme gabat gelýä
Öwreniji
28 май 2022, 17:48
Remezan
Men hiç haýsynam göremok, ýöne aşakdaky görkezmeleriň üçisem meň häsiýetlemme gabat gelýä

Surat açmady
Pegas
28 май 2022, 19:06
Pil eken.
Hiayress
Автор 28 май 2022, 19:29
Pegas,
Aşakdaky häsiýetnamany okap aýdaýdyň öýdýän. :D