Musulmanlary iň köp musulmanlar öldürýär

MUSULMANLARY IÑ KÖP MUSULMANLAR ÖLDÜRÝÄR

Yslam taryhyny we pygamberimiziñ (s.a.w) ömür beýanyny göýä şol taryhy döwüri gözi bilen gören biri ýaly tolgunyp, duýgulanyp, dolup-daşyp gürrüñ berýän we diñleýjilerini bir rawynyñ ussatlyhynda şol günler bilen duşuşdyrýan professor Nihat Hatipogly bir makalasynda musulmanlaryñ ilkibaşda uçran kynçylyklaryny şeýle gürrüñ berýär: "Pygamberligiñ ikinji ýylyndan başlap berýän jebri-jepalaryny hasam artdyran mekgeli müşrikleriñ zulmy dördünji ýylda fiziki ýanamalara öwrüldi. Hususanam inen "Ýakyn garyndaşlaryña ýatlat" aýatyndan soñ agasy Ebu Lehep ýaly adamlaryñ kemsitmelerine-de uçrady... 7-9-njy ýyllarda bolsa müşrikler "tejrit" syýasatyny ýöredip, musulmanlary boýkot etdiler. Musulmanlar Mekgäniñ içinde alyş-beriş edip bilenokdylar, köplenç halatda öýlerinden çykyp bilenokdylar. Köplenç iýer-içere zat alyp bilmänsoñ, musulmanlaryñ çagalary Mekgede açlygyndan ölýärdi."[1]
Diñleýjide we okyjyda şeýle sözlerden soñ "müşriklere" garşy çäksiz ýigrenç döreýär hem-de jemagat ruhunyñ içinde agzasy bolup duran jemgyýetiniñ "duşmanyny" ýatdan çykarmaýar. Emma bärde üstünde durlup geçilmeli şu sowaly bermeli bolýarys: Hakykatdanam şol irki döwürde aglaba uly jebri-jepalary, yzalary we müñlerçe adamyñ ölümi bilen soñlanan wakalary şol "din duşmanlary", ýagny müşriklermi, ýa-da musulmanlaryñ özi çykardymy? Ýa-da şeýle soralyñ: musulmanlary köpçülikleýin ýagdaýda guran müşriklermi ýa-da ýene "yslam goşunlarymy"?
Sowallaryñ jogaby diýseñ möhüm. Taryh haýsy maglumatlar bilen gürrüñ berilýän bolsa, şu gün we gelejekde şol maglumatlaryñ binýadynda şekillenýär, has dogrusy taryha görä duşman döredilýär, dostlar şoña görä kesgitlenýär we taryhdan sapak alynmaly bolsa, olam bize gürrüñ berilen şol maglumatlar esasynda bolýar. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, onda taryhy maglumatlary gahrymançylyga, hekaýata, ertekipisint şekile bürendirmezden elden geldiginden ajysy-süýjüsi bilen bile bolşy-bolşy ýaly şu güne ýetirilmelidir. Özüne gürrüñ berilen taryhy maglumaty okandan soñ okyjy düýnki bolup geçenlere we elbetde olardan şu günki gün almaly sapaklara görä netijä gelmeli. Soragymyz şudy: Yslamyñ irki döwürlerinde musulmanlara galaba uly jebri-jepalary kimler berdi?
Rugsat berseñiz jogabyna geçeýin.
Bilşiñiz ýaly, pygamberimiziñ (s.a.w) döwründe Mekge ele geçirilýänçä ownuk-uşak çaknyşyklary we wakalary hasaba almasak, üç uly jeñ bolup geçdi. Bedir, Uhud, Hendek uruşlary diýilýän we heniz başlangyç bilim berilýän wagtyndan başlap yslam taryhyny öwredýän gollanmalaryñ başynda oturdylan bu söweşlerde näçe musulman wepat boldy? Müñlerçemi, on müñlerçemi? Ýok, bu söweşlerde wepat bolanlaryñ sany 100-denem geçenok. Taryhy çeşmeleriñ habar bermegine görä, Bedirde 14, Uhudda 73, Hendek söweşinde-de 8 musulmanyñ ömür tanapy üzülipdir.
Hendek söweşinde Mekge tarapdan 10 mün adamlyk leşger Medinäniñ alkymyna gelipdir diýilmegi mümkin, ýöne gorag halkasyny böwsüp bilmändikleri üçin uly ýitgiler çekilmedi. Bu garşylyk elbetde dogry. Emma şuny ýatdan çykarmazlyk gerek: bu maglumat şol bir wagtyñ özünde mekgeli müşrikleriñ güýjüni we isleseler uly gandöküşligiñ bolup bilme ähtimallygyny görkezýär. Hernä taryhda beýle gandöküşlik bolup geçmändir. Pygamberlik döwrüniñ 23 ýyldygyny göz öñüne tutsak, onda şol döwrüñ "din duşmanlaryndan" bize galan "uly ýitgiler", ine, şulardan ybarat.
Indi bolsa Bedir, Uhud we Hendek söweşlerinden beýleki söweşlere geçeliñ: meselem, musulmanlaryñ özara urşan uly söweşlerine.
656-njy ýyl. Basra. Söweşiñ bir tarapynda pygamberimiziñ ýakyn egindeşleri Talha, Zubeýr we pygamberimiziñ aýaly Äşe (r.a) bar, beýleki tarapda bolsa halyf Aly (r.a).
Talha we Zubeýr öldürilen halyf Osman (r.a) üçin tutluşyga çykýar. Käbir çeşmelere görä bolsa, düýp sebäp Talha bilen Zubeýre berilmedik häkimlik kürsüsi, ýagny häkimiýete şärikdeş edilmezligidir. Äşäniñ Ala bolan garşydaşlygy-da soñ çykan zat däl! Jeñ meýdanynda biri-birinden öçli iki tarap. Hezreti Alynyñ güýçleri 20 müñ, Zubeýr bilen Äşäniñ tarapynda bolsa 30 müñ adam bar.
Urşuñ ýitgileri-de şoñ bilen baglanyşykly şonça köp boljakdygy görnüp dur. Taryhy çeşmeler Jemel ýa-da Basra söweşiniñ netijesinde 10 müñ bilen 18 müñ aralygynda adam ölendigini aýdýar.[2] Şondan bir ýyl geçensoñ Siriýanyñ Syffyn diýen ýeri gan kölüne öwrüldi. Bu söweşiñ taryhda yz goýan gandöküşiklik ýüzi kem-kemden orta çykyp ugrady.
Tutuş ýaşlyk döwrüni diýen ýaly yslama garşy göreşip geçiren, diñe Mekge ele geçirilenden soñ musulman bolubilen we musulmqn bolandan soñam häkimiýet kürsüsinden aýrylmadyk Mugawyýa hem söweşiñ bir tarapynda ýerini alypdyr. Beýleki tarapyñ lideri bolsa ýene pygamberimiziñ (s.a.w) giýewsi we agasynyñ ogly halyf Aly ibn Abu Talypdy. Her iki tarapyñam esger sanynyñ ýüz müñlerden geçendigi aýdylýar. "Kyýamat gününi" ýatladýan jeñ meýdanyndaky çaknyşyklar dört aýa golaý wagt dowam edipdir. Netije bolsa howpurgadyjydyr. 70 müñe golaý adam bu söweşde wepat bolupdyr. Üstesinde böreñ-böreñ Akan bu gan derýasyndan hiç hili netije çykmandyr! Ahyrsoñy Mugawyýa ýeñiljegini syzyp, ýakyn adamlaryndan Amr ibn Asyñ teklibi bilen naýzalaryñ ujuna Kuranyñ sahypalaryny dakdyrypdyr we "Kuran bize araçy bolsun" diýip, urşy togtatmak isläpdir. Din şular ýaly derejede "perdeleniljek" ýagdaýa gelipdi. Iñ soñunda Alynyñ tarapynda bulaşyklyk döreýär we uruş hiç bir netije alynmazdan tamamlanýar.[3] Yslam dünýäsi diñe on dört sany musulmanyñ wepat bolan Bedir söweşinden on müñlerçe musulmanyñ öz "din dogany" tarapyndan öldürilen ýagdaýyna gelipdi. Üstesine heniz bu iki senäniñ arasyna ýarym asyram düşmändi!
Bedir söweşinde Allanyñ perişdeleriniñ üsti bilen musulmanlara kömek edendigi baradaky aýatlar Kuranda şeýle ýer alýar: "Ant bolsun, siz juda ejiz ýagdaýdakañyz Alla size Bedirde ýardam edipdi. Şonuñ üçinem Allaha garşy gitmekden saklanyñ, şükür ediñ". ("Aly Imran" süresi, 123) Dowamynda 124-nji aýatda şeýle setirler bar: "Hany, sen möminlere "Rebbiñiziñ inderilen üç müñ perişde bilen ýardam edendigi size ýeterlik bolmadymy?" diýýärdiñ. Onuñ yzyndaky aýat bolsa şeýle dowam edýär: "Hawa, sabyr edip, Allaha garşy gitmekden saklanan ýagdaýyñyzda, olar duýdansyz üstüñize geläýende-de, Rebbiñiz nyşanly bäş müñ perişde bilen size ýardam eder".[4] Birem Bedir babatda şuny ýatlatmak gerekmikä diýýärin: Mugawyýanyñ kakasynyñ dogany, atasy we ýakynlary Bedir söweşinde mekgeli müşriklerin hatarynda ýerini alýar we musulmanlar tarapyndan öldürilýär!
Aýratynam Syffyn söweşiniñ gidýän wagtynda musulmanlaryñ hatarynda orta çykan ýene bir topar hem harijilerdir. Söweşden soñ Ala-da Mugawyýa-da garşy söweşmegi niýetine düwen harijilerem bu döwürde uly ýitgileri çekýär. Mysal üçin, Nehrewan söweşi diýlen söweşde 3 müñe golaý hariji esgeri Alynyñ goşuny tarapyndan öldürilipdir. Beýleki bir tarapdan Alynyñ janyna kast edenem ýene bir harijidir. Mugawyýa we onuñ ýakyn adamy Amr ibn As bolsa harijileriñ kast edişliklerinden ýaralanmazdan aman sypypdyr.
Gelinen sepgit bolsa sözüñ doly manysynda diýseñ howpurgadyjy. Tutuş pygamberlik döwründe (23 ýyl) müşrikleriñ elinden ölen musulmanlaryñ sany ýüze golaý bolan bolsa, pygamberimiziñ (s.a.w) ölüminden soñky 30 ýylda musulmanlaryñ arasynda bolan söweşlerde 80 müñ adam wepat bolupdyr. Ýazgymyzyñ başynda beren "musulmanlary köpçülikleýin gyran müşriklermi, ýa-da özleriniñ "yslam goşunlarymy"? sowalymyzam bu maglumatlaryñ çäginde jogabyny tapandyr diýip pikir edýäris.
Hususanam Mekge döwründe musulmanlaryñ başdan geçiren kynçylyklary we hasratly wakalary hakda nijeme makalalar ýazylyp, radiolarda we teleýaýlymlarda sagatlap gürrüñ berilýän bolsa, on müñlerçe adamyñ wepat bolan Syffyn, Jemel ýaly söweşleri bolsa diñe "pitne" diýip geçilýän bolsa, bärde ne-hä bize gürrüñ beriljek taryhdan nam-nyşan bolar, ne-de şu günüñ musulmanlarynyñ şol taryhdan aljak sapagy. Galyberse-de, guk ýanymyzda bolup geçýän on müñlerçe adamyñ ömür tarapynyñ üzülmegine sebäp bolan Siriýa ekspansiýasyny şu günüñ häkimiýet sürýän yslam dünýäsi goldaýar, hut özi basybalyjykly operasiýalara gatnaşýar we dünýäniñ iñ uly ýadro ýaraglary bilen ýaraglanan ABŞ-ny Siriýada mundanam köp gan dökmäge çagyrýan bolsa, aslynda ne yzda Syffyn galypdyr, ne-de Jemel...

Aýdyn TONGA.

Odatv.com, 11.04.2017 ý.

• Edebiýat

[1] http://www.hurriyet.com.tr/gok-ehli-gelecek-elciyi-beklerken-15200170
[2] Kenan AYAR, Hâricîlerin Hz. Ali’den Ayrılış Süreci,
[3] Minkarî, Vak„atu Sıffîn, s. 156, 558; Halîfe,Târîh, I, 193; İbn Kuteybe, el-İmâme, I, 93; Belâzurî, Ensâb, III, 97-98; Dîneverî, Ahbâr, 166-167; İbn A‟sem, Futûh, I, 557, 564; İbn Abdirabbih, el-Ikdü‟l-Ferîd, IV, 337; Mes„ûdî, Murûc, II, 384- 385; el-Makdisî, Mutahhar b. Tâhir (355/964), Kitâbu‟l-Bed‟, Mektebetu‟l-Müsemmâ, (Paris 1916 baskısından ofset basım), Bağdat ty., V, 217; İbnu‟l-Esîr, el-Kâmil, III, 279; eş-Şemmâhî, Ebû‟l-Abbâs Ahmed b. Ebî Osmân b. Sa„id b. Abdulvâhid (928/1522), Kitâbu‟s- Siyer, thk. Ahmed b. Seûlâ es-Siyâbî, I-II, Umman 1987, I, 45.
[4] http://www.islamquest/tr/archive/question/fa8191


Çeşme: kitapçy.com
4 лайков 216 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
30 май 2022, 01:20
Ol'a çyn (Musulmanlary iň köp "musulmanlar" öldürýär)
Maksat
30 май 2022, 08:40
Tapýaňaý @Hiairess senem, bolmanam süýde siňe seretseň gan görner. Bolmanam musulmanlar gyrlyşandyr, häzirem gyrlyşýalar, o wagtky söweşlere näme sebäp bolanyny çaklap ýazýalar. Häzirkileri mysal alsak Siriýada hökümediň arkasynda Russiýa bar, kürtleň syýasy partiýasynyň arkasynda abş we ýewropaň ösen döwletleri bar, bular biri birini we bigünä halky gyrýalar, türkler bar bularam serhediniň howpsuzlygyny gorajak bolup bir tarapdan gidip otyrlar. Musulmany musulmana gyrdyrýalar.
Maksat
30 май 2022, 08:49
Yragy mysal alsagam ýok atom üçinmi ýa biologolik ýarag bar diýipmi abş kül etdi gan köp akdy, aslynda hiçzat ýogam ekenlaý. Häzirem düzedip bilenoklar sebäp ol ganhorlaň jylawy Günbatarda . Aý bolýada ýalňyş bolsada meňä pikirim şo.
Maksat
30 май 2022, 10:38
Musulmanlara iň köp ýamanlygam musulmanlar edýär. Jahyl ynsanlary yzyna tirkäp ýören akylsyz ymamlar, halyň aşagyndaky tozanlar deýin, gaty bolgusyzlyklar edýärler. Köpüsi gürletseň seždeden başyny galdyrýan däldir welin, iliň kiçijek gyz çagasyna, aýal-gyzlara göz gyzdyryp, pul sokup, ýalan sözlemänä bilýärlär. Aýtsagam olar hakyky ymam dälmiş.
Maksat
30 май 2022, 10:45
Bayker,
Merkezi Gündogar taryhyny bilmeýäniňiz belli. Siriýada uruş başlamagynyň (hemme arap döwletlerinde "arap bahary" diýip atlandyrylýan gozgalaňyň) sebäbi arap medeniýetiniň yza galak, ösmedik aňy sebäpli. Demokratiýa ýok, adalat, deňlik, hukuk ýok. Birini zyna etdi diýip oka tutup durkalar, ýene biri diňe model bolany üçin maşynda içalylyk bilen öldürildi. Diňe daşary ýurtly bolany sebäpli ençeme adamyň, žurnalisdiň kellesi kesildi. Atlaryny agzap oturmagyma gerek ýok. Hökümediň esgerleri toparlara goşulyp ýör, toparlaryň esgerleri hökümediň içinde gezip ýör. Araplar 2019-da öýtýän, aýallaryň maşyn ulanmagyna rugsat berdi. Siz onsaň nädip musulmanlaryň adalatlydygyny, birek-birege gowlyk edýändigini pikir edip bilersiňiz?! Biri düýnjek aýallara örtük dakmak zerurlygyny gaýtadan dikeltdi. Adamlary gaçyp ýör gorkujyndan.
Hiayress
Автор 30 май 2022, 10:45
Bayker,
Sen agam mowzugyň ündeýän pikirine doly düşünmänsiň. Mowzukda: Yslamçylar Bedirde (14adam şehit), Uhudda (73adam şehit), Hendek (8adam şehit) ýaly az sanly adamlaryň şehit bolan söweşlerini aşa mukaddesleşdirip, aşa tarypyny ýetirip, olaryň gahrymançylygyny dillerinden düşürmän, müşrükleri ýazgarýarlarda, musulman bilen musulmanyň söweşindäki 18müň ýada 70müň adamyň wepat bolan uruşlaryny adaty pitne hökmünde görkezip taryhy ýoýmana çalyşýanlaryny belläp geçýär. Müşrükleriň öldüren musulmanlary, musulmanlaryň öldüren musulmanlarynyň ýanynda deňize damjadygyny, öwreniljek bolsa bu söweşleriň ählisiniň doly derejede öwrenilmelidigini, öz uly hatalaryň gizläp, iliň kiçi hatalaryny gižželäp ýörmeli däldigini ündeýär. Kapyrlaryň musulmanlara eden zulmundan taryhda musulmanyň musulmana eden zulmunyň köpdügini ýatdan çykarmaly däldigini, diňe hemme zatda kapyrlary günäkär saýyp, musulmanlary akja jüýje etmeli däldigini görkezýär.
Maksat
30 май 2022, 10:52
Bayker,
"Siriýada hökümediň arkasynda Russiýa bar, kürtleň syýasy partiýasynyň arkasynda abş we ýewropaň ösen döwletleri bar, bular biri birini we bigünä halky gyrýalar, türkler bar bularam serhediniň howpsuzlygyny gorajak bolup bir tarapdan gidip otyrlar."

Bolman özleri oňuşman, bir ýurdy böljek bolup durkalar, başga ýurtlaram ýumup oturarmy? Nirde bolduka beýle hadysa? Häzir Russiýa girmedik bolsa Siriýany durşuna DEAŞ alýardy. Olar alsa dagy, musulmanlaryň barja abraýam ýer ýüzünde galmaýardy.

"Musulmany musulmana gyrdyrýalar."

Nädip?! Birinji ýazan teswirimdäkilere hijem daşary güýçler günäkär däl. Dünýä biraz göz aýlasaň, musulmanlaryň birek-biregi gyryp oturandygyny görersiňiz, görmänede dowam edersiňiz.
Maksat
30 май 2022, 10:56
Bayker
Yragy mysal alsagam ýok atom üçinmi ýa biologolik ýarag bar diýipmi abş kül etdi gan köp akdy, aslynda hiçzat ýogam ekenlaý. Häzirem düzedip bilenoklar sebäp ol ganhorlaň jylawy Günbatarda . Aý bolýada ýalňyş bolsada meňä pikirim şo.

Saddamyň diktatorlygyny bilmeseňiz, şeýdip pikir beýan edersiňiz. Saddam barka Yragyň uruşdan gözi açylmada, birtopar obalary kül edip, adam gyrdy. Eýran bilen ýok ýere 8 ýyl uruşmadymy? Boş uruş boldy. Soňam bular ýetmeýän ýaly, Kuweýte gir, ol ýeri basyp al? Şunça zatlar bolup durka daşary güýçler çydap oturdy. Soň bolmajagyny bilensoňlar, girip Saddamy öldürmekden başga çäre galmady. Basyp almakdan başga çäre galmady.
Maksat
30 май 2022, 11:20
Keaip_begcon,
Şu ugurdan institut okaýaň öýdýän.) Garaz mowzuga teswir ýazman okap geçibermeli welin menem, öz düşünjämi ýazaýdym. Saddam hakdada azajyk bilýän Kuweýtden gaçyp çykanda nebit guýularny otlap weýran edennem bilýän. Ýöne meň pikir düşünjäm düýbünden başga, okuwly adamlaň ýanynda jahyl bolýas, diňe dinimiz imanymyz üçin ýaşaýas.
Maksat
30 май 2022, 11:27
Bayker,
Ýok beýle ugurdan okamok, ýöne gözläp öwrendim. Pikiriňizi beýan ediň elbetde, bizem pikirimizi beýan edýäris. Diniň imanyň üçin ýaşamaly, ýöne bolup duran zatlaram görmeli.
noname
30 май 2022, 16:39
Olaryñ dine ady musulmandyr.. hakyky musulman nahak yere adam oldurmez