Otparazlykda ilkinji adamyň döreýşi bilen bagly rowaýat.

Awestada ilkinji adam "Adam ata" bilen baglanşykly rowaýat hem özüne çekiji.Bu ýerde Iýim ady bilen birinji adam we onuň durmuşy hakda gürrüň berilýär.Meselem,Ahuramazda ýerdäki ösümiklere we haýwanlara seretmek üçin adamy ýaradýar we ol ýer ýüzünde gyzyl şöhle saçýan ody köpeldýär.Ahuramazda oňa altyn naýza bilen altyn gamçy sowgat berýär.Ýerdäki adamlaryň sany köpelende, Iýim altyn naýzany ýere sanjyp,hudaýdan ýeri giňeltmegi soraýar.Ahuramazada adama uly bir doňakçylygyň boljagyny öňünden habar berýär we oňa ýerdäki ösümlikleri we haýwanlary saklap galmagy tabşyrýar.Iýim uly bir öý gurup,bar bolan ähli haýwanlaryň we ösümlikleriň iň gowusyndan bir jübütini saýlap alyp,olary betbagtçylykdan alyp galýar.Emma, Iýim azgynçylyga ýol berýär we hudaýyň iýmegi gadagan eden-uly şahly haýwanyň etinden iýýärijede,ol hudaýyň gazabyna duçar bolup,ebedi ýaşamak hukugyndan mahrum edilýär.
Adamzat döwrüniň bu birinji basgançagyndan soň,ikinjisi başlanýar.Bu döwür Zarduştyň dini göreşleri bilen baglanşykly.3000 ýyllyk göreşlerden soň,Zarduşdyň neberesiniň ýolbaşçylygynda dünýäde asudalyk we parahatçylyk ýola goýulýar,erbetlik güýçleriniň tymsaly bolan döw-Ahriman ýeňilýär.
Üçünji döwürde ahyrzaman bolup geçýär.Ölüler direlip,hudaýyň garşysyna öz etmişlerinden jogap bermäge barýarlar.Hemme işlerden habarly bolan we her bir işiň hasap-hesibini ýöredýän hudaýy hiç kim aldap bilmeýär.
Zarduştçylyga görä,ölen adamyň jany üç gün bedeninde durýar,dördünji günde ol öz mähremi-perişdesiniň ýolbaşçylygynda o dünýädäki "Çinwot" atly köprüden geçmeli bolýar.Ýagşy işleri eden adamlar üçin köpri,giňelen ýagdaýda durýar.Olar ondan arkaýyn geçip,ömürleri rahatlykda geçýär,ahyrýetde ölüler direlýän günde öz bedenlerine girip ýatýarlar.Erbet işler bilen meşgullanan adamlar üçin,köpri daralyp gyl ýaly bolýar we olar jähennem azabyna duçar edilýär.
4 лайков 465 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
04 июн 2022, 16:29
Erteki ;))
Öwreniji
04 июн 2022, 16:46
Nirden tapýaňa
Гость
04 июн 2022, 16:49
Yslam'am iş boldaý size. Başgarak zatlara güýmenip bolanokmy? Dini soraglamaly diýseler "gözüni" çykaraýýaňyz
Maksat
04 июн 2022, 17:05
Gowy maglumat, minnetdar!
Dowsypat
Автор 04 июн 2022, 17:07
Gost,yslam bilen baglanşykly ýeri barmy?Bu bir rowaýat.
Biohimik,ertekidigini menem bilyan.
Maksat
04 июн 2022, 17:08
Гость,
Tema/otparazlyk mifologiýasy.
Jogap/Yslam iş boldaý size.
:\
Dowsypat
Автор 04 июн 2022, 17:08
Remezan,ondan-mundan gozleshdiryan.
Dowsypat
Автор 04 июн 2022, 17:10
Teman adyndan ýalnyshlyk gidipdir.Bagyshlarsynyz!
Гость
04 июн 2022, 17:12
Dowsypat.
Gost,yslam bilen baglanşykly ýeri barmy?Bu bir rowaýat.
Biohimik,ertekidigini menem bilyan.

Başgarak niýetde paýlaşansyň öýtdüm.
Baglanşdyryp bolýa Yslam dini bilen seň bu temaňy. Ateistlere taýýar olja edipsiň garaz...
Гость
04 июн 2022, 17:13
Keaip_begcon
Гость,
Tema/otparazlyk mifologiýasy.
Jogap/Yslam iş boldaý size.
:\

Ýazylşy ýaly düşünen bolsaň men şat
Maksat
04 июн 2022, 17:14
Гость,
Etmeli däl diýen zat kanunda ýok. Siz çykarsaňyz diňläris.
Гость
04 июн 2022, 17:16
Keaip_begcon,
Nämäni "etmeli däl" diýen kanun ýok agam, düşünmedim?
Hiayress
04 июн 2022, 17:19
biohimik.,
Niri erteki munuň?!
Hiayress
04 июн 2022, 17:21
Dowsypat.,
Adyndaky "riwaýat" sözünem "rowaýat" sözüne dogrulap göýber.
Maksat
04 июн 2022, 17:22
Гость,
Biz dünýewi döwlet, bulam sosial bir saýt.
Гость
04 июн 2022, 17:28
Keaip_begcon,
Dünýewi döwletde hemme zada rugsat barka bu dagy nämejik, isleýşiňizçe soraglaň. Ýöne niýetiňiz soraglap anygyna ýetmek bolsa,bärde dälde bilýänleň arasynda soraglasaňyz soragyňyza jogap alyp bilersiňiz. Bärde soraglajak bolmaňyz birhili adamlaň göwnüne müňkürlik salmak niýetinde edýän ýaly bolup dur. Hakykatdan bilesiňiz,anyklasyňyz gelse din ugrundan ýörüte okuwly adamlatdan anyklasaňyz gowy bolmazmy, bärde degerli jogap alyp bilmejegiňizi bilibem şol bir aýdanňyzy gaýtalap oturanňyzdan
Maksat
04 июн 2022, 17:35
Гость,
Beýle pikirimiz ýok. Meniň "dini subut et" diýmegim, "aýaz babany subut et" diýmegim bilen deň. Niýetiňiz gowy däldir-dä.
Biohimik
04 июн 2022, 17:38
Hawa bir rowayat yalana yakyn...
Гость
04 июн 2022, 17:51
Keaip_begcon
Гость,
Beýle pikirimiz ýok. Meniň "dini subut et" diýmegim, "aýaz babany subut et" diýmegim bilen deň. Niýetiňiz gowy däldir-dä.

Ýokdugny anyk bilýän zadyň bardygyny subut etdirjek bolmagyň seň niýetiň nämedigni görkezenokmy aslynda?!
Maksat
04 июн 2022, 17:52
Гость,
Meniň soramagymyň sebäbi anyk bilmezligim.
Гость
04 июн 2022, 17:54
Keaip_begcon
Гость,
Meniň soramagymyň sebäbi anyk bilmezligim.

Munyňa birhili boldy. Onda sen Aýazbabaňam ýokdugny anyk bilenokda?!
Ötegçi
04 июн 2022, 17:59
 Гость  on № 16Şu gün, 17:28

Keaip_begcon,
Dünýewi döwletde hemme zada rugsat barka bu dagy nämejik, isleýşiňizçe soraglaň. Ýöne niýetiňiz soraglap anygyna ýetmek bolsa,bärde dälde bilýänleň arasynda soraglasaňyz soragyňyza jogap alyp bilersiňiz. Bärde soraglajak bolmaňyz birhili adamlaň göwnüne müňkürlik salmak niýetinde edýän ýaly bolup dur. Hakykatdan bilesiňiz,anyklasyňyz gelse din ugrundan ýörüte okuwly adamlatdan anyklasaňyz gowy bolmazmy, bärde degerli jogap alyp bilmejegiňizi bilibem şol bir aýdanňyzy gaýtalap oturanňyzdan

Jogap    


brawo brawo brawo
Maksat
04 июн 2022, 18:08
Ötegçi,
Anonim - Muhammet we din barada ýiti soraglar berer, jogap ýok.
Biri maslahat berer - Jogap diýip begener. :)
Lillipop
Lillipop
04 июн 2022, 19:45
Гость,
Bilyanlerden gidip soran barde soraman diyyan. Onda yslama degisli zatlaryny anygyna yetman doly bilman barde nm un paylasyalar? Jogap ber hany
Гость
04 июн 2022, 20:09
Lillipop,
Men seň diýjek bolanňa düşündim weli, ýöne näme üçin muňa meň jogap bermelidigme düşünmedim