ATANYÑ OGLUNA BOLAN ÖKÜNJI!!!
"Gulak as, oglum, men bu sözleri sen süýji ukuda ýatan wagtyñ
aýdýaryn: sen çepiksije eliñi ýañajygyñ aşagynda goýupsyñ, mymyjak
mele saçlaryñ bolsa çygjaran mañlaýyña ýelmeşipdir. Men bir özum
seniñ ýatan otagyña daraklygyma basyp girdim. Birnäçe minut mundan
ozal, kitaphanada gazýet okap otyrkam biçak gaty ökünç aladasy
meniñ üstüme labyryny atdy. Häzir günämi boýun alyp seniñ krowadyñ
ýanyna geldim.
Gör, men nämäñ pikirini etdim, oglum. Men gaharymy senden çykarjak
bolan ekenim. Mekdebe gitjek bolup geýnip durkañ, öl palatensany
ýañy yüzüñe ýetiren wagtyñ, men saña gaty käýýedim. Kõwşüñi
arassalamanyñ üçinem yüzüńi aldym. Eşikleriñden bir zady ýere taşlan
gezegiñem üstüñe herrelipdim. Çaý dökeniñ üçin, çörege mesgäni juda
köp çalyp, açgözlük bilen iýýäniñ üçin, tirsegiñi stola diräniñ sebäpli,
ertirlik naharyñ başynda-da men saña igendim. Onsoñ sen-ä oýnamaga
ugradyñ, menem otla ýetişjek bolup alñasadym, sen şonda maña tarap
öwrüldiñ-de , eliñi bulaýlap: "sag bol, kaka!" diýdiñ, men weli ýüzgözümi çytyp : " egniñi gysma!" diýip, gygyrdym.
Soñra, günüñ ahyrynda, bary ýene täzeden başlandy. Ýol bilen öýe
barýakam, seniñ dyzanaklap şar oýnaýanyñy gördüm. Joraplaryñ
deşilen eken. "jorabyñ bahasy gymmat- ony der döküp öz gazanjyña
satyn almaly bolaýsañ, onda ony aýap geýerdiñ!" diýip, hüñürdäp,
öñüme salyp alyp gaýdanymda, men seni ýoldaşlaryñ arasynda
kemsidipdim. Bir pikir et, oglum, bu zatlar atanyñ ogla diyjek
sözlerimidir?!
Ýadyñdamy, bir gezek sen kitaphana girdiñ, ol ýerde men gazýet okap
otyrdym, sen çekinýärdiñ, ýygrylýardyñ. Men okap oturan gazýedimiñ
üstaşyry gözümi alardyp seretmek bilen maña päsgel berenligiñi
añdyrdym, sen ýaýdanyp, iç işikde saklandyñ. Menem: "saña näme
gerek?" diýip, azmly soradym.
Sen hiçzat diýmediñ-de, maña tarap topulyp, boýnumdan gujakladyñ-
da, ogşadyñ. Seniñ eljagazlaryñ hudaýyñ yüreğiñe guýan mähri bilen,
hat-da meniñ saña ýowuz daramagym zerarly-da öçmedik mähir bilen
boýnuma oraşypdy. Soñra, aýajyklaryñy basgançaklara basyp , ýokary
çykyp gitdiñ.
Hawa, oglum, ana, şondan soñ, elimdäki gazýet syrylyp ýere gaçdy-da,
meniñ kalbymy eýmenç yürekgysdyryjy gorky eýeledi. Ýaramaz gylyk
meni nä günlere salypdyr?! Kiçijik oglanlygyñ üçin meniñ saña bar eden
sowgadym - gaharlanmak, igenmek, daşyñy galdamak boldy. Men seni
gowy göremokdym diýip bilmen, gep başga zatda, men çagadan has
köp zada garaşypdyryn, SENI HEM ÖZÜM ÝALY ETJEK BOLUPDYRYN.
Seniñ hüý-häsiýetiñde weli ajapdan-ajap zatlar, ýürekdeşlik gaty köp.
Seniñ kiçijik yüregiñ baýyrlaryñ añyrsyndan dogup gelýän şapak ýaly,
uly hem tämiz. Ýatmaga gitmeziñ öñ ýany meni gujaklap hem ogşamak
üçin topulañda bu zatlara gowy göz ýetirdim. Men garañkyda utançly
halda seniñ krowadyñ ýanyna gelip, dyzyma çökdüm! Bu gün başga hiç
zadyń ähmiyeti ýok oglum.
Elbet-de, bu günäni ýuwan kişi bolmak. Oýanan wagtyñ saña bu zatlary
gürrüň bersem, düşünmejegiñi bilyän. Ýöne men ertirden başlap
hakyky ata bolaryn! Men indi seniñ agzybir boljak, sen ejir çekseñ seniñ
bilen çekerin, begenen yeriñde-de begenerin. Nähili gaharym gelse-de,
indi dilimi dişlärin. Men hemişe doga sanan ýaly: "ol entek çaga, kiçijik
oglan ahyry" diýen sözleri gaýtalaryn.
Dogrysy, seni öz añymda uly adam hökmünde görüpdirin. Ýöne, häzir
krowadyñ süýji ukuda ýatyrkañ görenimde, seniñ entek çagadygyña
düşündim. Sen dek düýnem ejeñ elinde, başyñy onuñ egnine ýaplapjyk
durduñ ahyry. MEN SENDEN JUDA KÖP ZADY, UÇURSYZ KÖP ZADY
TALAP EDIPDIRIN."

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.