Kerim Hallyýew-"Pul ber oglum!" (Atanyň nadan ogluna aýdan sözleri)

Käbäň ýatyr keselhanada dertli,
Ýygýan döwri geçdi, bugdaý hoşasyn,
Lukman, ömrün saklap biläýjek şertli,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasia talap, edip dur jany,
Gerek bolsa satyp, bar dünýe maly,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Elli müň dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Pul baýlygy ejeden eziz görme!
Ýaýdanma perzendim, boýnuňy burma,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Ulaldypdy seni, ysyy mähirläp,
Beýgeldiň, han bolduň, şäherde ýerläp,
Derde üçräp, käbäň hor ýatyr derläp,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

On ýyl ýygnasamam, pensiam ýetmez,
Karz alsam üzmäge, ömrüm milt etmez,
Bir ýyl başyň sypap, hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Ynha, otuz ýyldyr öýden gaýdanyň,
Bizi ýeke goýduň, etmän aýdanyň,
Wah, dert tapaýdyda ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiamyza iýdik, ýyrtyjak geýnip,
Geldim çäre tapman, öňüňe eglip,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Diýdi ogul: "Mende pul barmy näme?"
Münýän mersedesi, alty müň däne,
Maşyna dözenin, dözmedi jana,
Ýöne bir janam däl, Eje ol Käbe!
Gynanýan, pul söýmek öwrülýär däbe,
Ataň bu haýyşy uçdy asmana,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!
0 лайков 1 633 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
06 авг 2022, 22:39
Gaty gowy gosgy Like
Apples
06 авг 2022, 22:43
Tuwelem sayty gosgy tutayypdyra goshgy
Apples
06 авг 2022, 22:44
Gosga like
Mahri
Автор 06 авг 2022, 22:47
thanks sps
Perman Izakow
06 авг 2022, 23:00
Okar yaly normalny zat yok sonky dowurde herkim dine ozine mahsus bolan gosgulary goyya.Hemmanin gownine yarayjak mowzuklara acylanok sonky wagtlar.Saytyn manysy gacyp baslady men ozim kop.mowzuk acmasamam halan mowzuklarymy okayadym indi olaram yok.Ya dine mana seyle bolup duyulyamyka.
Mahri
Автор 06 авг 2022, 23:02
PROLIGA

Gosgy gowy dalmi?
Perman Izakow
06 авг 2022, 23:06
Umumy sayt barada aytyan mowzuk edip oturman teswirde yazaydym pikirmi.
Mahri
Автор 06 авг 2022, 23:07
PROLIGA
Umumy sayt barada aytyan mowzuk edip oturman teswirde yazaydym pikirmi.

Düşündim..
Öwreniji
06 авг 2022, 23:44
PROLIGA
Umumy sayt barada aytyan mowzuk edip oturman teswirde yazaydym pikirmi.

Indi gowy mawzuk açýan agzalaram ýok, boldugyndan gyzykly tema açaýjak bolýaň, suwy çykan ýaly
Mahri
Автор 06 авг 2022, 23:48
Howa gyzykly zatlar kop bolsa sayt has-da gyzykly bolardy...dine diyen yaly gosgy goyulya
Remezan
PROLIGA
Umumy sayt barada aytyan mowzuk edip oturman teswirde yazaydym pikirmi.

Indi gowy mawzuk açýan agzalaram ýok, boldugyndan gyzykly tema açaýjak bolýaň, suwy çykan ýaly
Perman Izakow
07 авг 2022, 00:24
Saýtyň gyzyga bir gaçdy.Saýtyň işleýşem haýal.Şular okasyn bir zatlar öwrensin diýip mowzuk açýan agzalara ne sag bolsun goýup bolýa ne like goýup bolýa.
Mahri
Автор 07 авг 2022, 00:52
PROLIGA
Saýtyň gyzyga bir gaçdy.Saýtyň işleýşem haýal.Şular okasyn bir zatlar öwrensin diýip mowzuk açýan agzalara ne sag bolsun goýup bolýa ne like goýup bolýa.

Howa dogry! Düzedilsin dp mowzugam açyldy, ýöne adminden jgp gelmedi