Kömek gerek!

Durmush Kiselyowyn algebrasy dal.
Durmush algebradan cylshyrymly has.
Onda yalnyshmagam asyl, guna dal.
Cunki yalnyshmazlyk ucin yalnyshyas.
Şu gaşgynyň dolysyny, awtoryny,adyny birýän barmy ýazaýyň.Köpp köp gerekdi.Haýyşt Гость
4 лайков 135 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Resul
Автор 08 июн 2022, 20:53
"Haýyşt *******" sözünden soň #username ulanylan
Mümkin
08 июн 2022, 21:10
Ýalñyşlyk

Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!

Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!

Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.

Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.

Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.

Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!

Gurbannazar Ezizow
1964
Pegas
08 июн 2022, 21:12
Gurbannazar Ezizowyň "Ýalňyşlyk" diýen goşgusy.
Resul
Автор 08 июн 2022, 21:48
Mümkin,
Pegas,
Sagboluň!