Ýalñyşlyk

Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer, Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!

Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekýärler hökman!

Olara duruw ýok.
Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.

Durmuş Kiselýowyň “Algebrasy” däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, -
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar, Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.

Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense – otdur. Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.

Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse, Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!
13 лайков 197 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
21 дек 2021, 22:49
Iň gowy göryän goşgymy aglajak bolup otyrkam yetireniň un sag bol hormatly agza! Like
Zver
Автор 21 дек 2021, 23:09
Цитата: Nairobi
Iň gowy göryän goşgymy aglajak bolup otyrkam yetireniň un sag bol hormatly agza! Like

Sagbol senem shlyapa
Leyli Amanowa
21 дек 2021, 23:11
Zver_tm,
sagbolun
Melike
21 дек 2021, 23:23
LIKE
Neyna_005
21 дек 2021, 23:28
Zver_tm bahaber
Zver
Автор 21 дек 2021, 23:34
Цитата: Lalisa
LIKE

dalii
Enegul
22 дек 2021, 06:07
like
Maksat
22 дек 2021, 07:33
Berekella like+++++
Ejegyz.
22 дек 2021, 08:40
"Ýalñyaýan adam akylly däldir,Ýalñyşyny gaýtalamaýan adam akyllydyr "

"Hiç ýalñyşmadyk adam hiç zat edip görmedik adamdyr "
Ejegyz.
22 дек 2021, 08:40
Ýalñyşmayan *