Adamçylyga bolan garaýyş

Ýalňyşlyk
Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.

Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,
Durmuş algebradan çylşyrymly has,
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
G.Ezizow

Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris. Her bir edilen iş netijesinde ol adama berlen baha ýalňyşlykdyr.
Garaýyş – bir adama berlen baha ýa-da ol adam hakynda oýlanmadyr. Emma, adamçylyk mundan ybarat däldir.
Adamçylyk – garaýyşlardan has giň manyny berýär. Şol sebäpli-de käbir berlen bahalar adama laýyk bolmaly. Meselem, ahlak taýdan kemçilik goýberdi diýip, ol adamy sylanşyksyz ýa-da terbiýesiz adam diýip çaklamak dogry pikir däldir!
Diňleýji bolup gatnaşan seminarlarymyň birine ýanymda oturan mugallymlardan birine jaň geldi. Oturanlar jaňyň sesini ýapmanlygy üçin ol mugallyma sylanşyksyz göz bilen garadylar. Soňra ol mugallym zaldan çykdy we gelen jaňa jogap berdi. Soňra hiç zat bolmadyk ýaly ýerine geçip oturdy we özüne söz gezeginiň berilmegine garaşdy. Söz gezegi mugallyma ýetende, oňa biraz öňki gelen jaň bilen birlikde kakasynyň “aradan çykdy” habarynyň gelenligi we şonuň üçin mejbury otagdan çykmaly bolandygyny aýtdy. Ötünç soranynda, birnäçe minut mundan öň özüni sylanşyksyz hasap eden adamlar
tarpyndan gynanç bildirildi.

Ähli edilen hereketleriň düýp manysyna göz ýetirilmän berlen baha ýalňyşlykdyr.
8 лайков 231 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
22 дек 2021, 12:24
Dogry
Maksat
22 дек 2021, 12:25
Hakyky brawo
Pegas
22 дек 2021, 12:29
Şeýle durmuşy ýazgylary köpräk ýazmaly. Biz ýaşajyk oglankak şeýle ýazgylary ýazýanlaram, okaýanlaram köpdi. Soňky döwür gaty azaldy ýöne. Mowzuga ullakan LIKE! Awtor köp sag bolsun.
Enegul
22 дек 2021, 12:34
like
Liwerpul_fc
22 дек 2021, 12:45
Daýanç Abaşow "öňkilerdenmi"?
Liwerpul_fc
22 дек 2021, 12:50
Цитата: Pegas
Şeýle durmuşy ýazgylary köpräk ýazmaly. Biz ýaşajyk oglankak şeýle ýazgylary ýazýanlaram, okaýanlaram köpdi. Soňky döwür gaty azaldy ýöne. Mowzuga ullakan LIKE! Awtor köp sag bolsun.


- Altyn asyrda dogulan altyn nesiller bular.Altyn nesil üçin bu birtopar sözlem ýazylan içgysgynç ýazgy
Maksat
22 дек 2021, 12:56
Liwerpul_fc,
)))
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:00
Käbir edilen yekeje yalňyşlygy ölyänçäň bagyşlap bolanok şol adam eden işini boyun alyp ökunyändigini boyun alsa-da bagyşlap bolanok şony!!! Diňe ölensoň "Pahyr gowydy" diyip bilen geçiren wagtlaryny yatlar!
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:01
Liwerpul_fc,
Şu mowzugy paylaşan Altyn asyryň çagasy hemmäni deň ayakdan surme
Liwerpul_fc
22 дек 2021, 13:04
Nairobi,
Bardyr,ýok diýjek däl.Ýöne az şeýle ýaşlar i tak görnüp duran zat ol men aýdaýyn aýtmaýyn.
Liwerpul_fc
22 дек 2021, 13:06
Bagul_Atayeva,
Näme üçin?!
Liwerpul_fc
22 дек 2021, 13:10
Bagul_Atayeva,
Aç çekinme, söz sanyň 20 den geçsin ýöne açan temaňda azyndan ))
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:10
Bagul_Atayeva,
men urşup başlayan gerek ? bor inni akylly boljak boloryn
Maksat
22 дек 2021, 13:17
Цитата: Nairobi
Bagul_Atayeva,
men urşup başlayan gerek ? bor inni akylly boljak boloryn

))) Gaýrat et.
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:19
Bayker,
uyşup žalf ediň ustumden Abaddona
Maksat
22 дек 2021, 13:19
Цитата: Bagul_Atayeva
Men-ä indi mowzuk açmaga-da çekinýän.

Manyly mowzuklar açýaňyz, biderek göwnüňizi bölmäň.
Maksat
22 дек 2021, 13:21
Цитата: Nairobi
Bayker,
uyşup žalf ediň ustumden Abaddona
Menä ýöne degişdim, bez obid.?
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:24
Bayker,
yok-la menwir giň derya öykeläp bilemok iliň öykesini yazjak bolubam zaybal indi
Maksat
22 дек 2021, 13:34
Nairobi,
Menem oýun edýän şugünä ýyrşaryp ýadadym öýdäki geň görýä telefon saýt zat bilmeýänem gowy köpüsi iňirdäbem ýykardy.
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 13:36
Bayker,
sen ony aydyaň men-ä gijäň yarynda hahaylap yer sarsdyryp gulyänem arasynda
Maksat
22 дек 2021, 13:45
Nairobi,
Bäh ýenede ejem urýa diýýäň däli ýaly gülüp aglap otursaň molla äkidip okadaram.
Leyli Amanowa
22 дек 2021, 14:00
Bayker,
o yatyp galyara)))
My life
22 дек 2021, 22:54
Mowzuk gowy eken, haladym!