*****
Robin Gud we Konfutsi
Meniň çagalyk gahrymanym “baýlardan ogurlap, garyplara paýlan” Robin Guddy.
Onuň ýerinde bolmak isleýärdim. Uniwersitetde hukuk dersini okanymda ogurlygyň
jenaýatdygyna göz ýetirdim. Bu gezek aklymda Konfutsiniň meşhur “balygy tutup
bermäň, balyk tutmagy öwrediň!” pähimi has täsir galdyrdy.
Bir gün hyýalymda Konfutsiniň paýhasy bilen Robin Gudyň ugurtapyjylygyny
birleşdirdim. Näme etmelidigim şondan soňra aýan boldy.
Meniň wezipäm:
Meşhur adamlaryň nähili meşhurlyk gazananyny öwrenmek we ol maglumatlary
toplap, seminarlaryň we kitabyň üsti bilen üstünlik gazanmak isleýänleriň dykgatyna
ýetirmek.
Bu ugurda meşhur adamlaryň az hem bolsa sanyny köpeltmek isledim.
“Üstünligiň syrlary” atly kitabyň beýleki kitaplardan artykmaçlygy:bu kitap
üstünligiň syrlary we hekaýalary bilen üstünlik idealogiýasyny goraýar.
Adamçylyga bolan garaýyş
Ýalňyşlyk
Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.
Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,
Durmuş algebradan çylşyrymly has,
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
G.Ezizow
Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk
eder diýip bilmeýäris. Her bir edilen iş netijesinde ol adama berlen baha ýalňyşlykdyr.
Garaýyş – bir adama berlen baha ýa-da ol adam hakynda oýlanmadyr. Emma,
adamçylyk mundan ybarat däldir.
Adamçylyk – garaýyşlardan has giň manyny berýär. Şol sebäpli-de käbir berlen
bahalar adama laýyk bolmaly. Meselem, ahlak taýdan kemçilik goýberdi diýip, ol adamy
sylanşyksyz ýa-da terbiýesiz adam diýip çaklamak dogry pikir däldir!
Diňleýji bolup gatnaşan seminarlarymyň birine ýanymda oturan mugallymlardan
birine jaň geldi. Oturanlar jaňyň sesini ýapmanlygy üçin ol mugallyma sylanşyksyz göz
bilen garadylar. Soňra ol mugallym zaldan çykdy we gelen jaňa jogap berdi. Soňra hiç zat
bolmadyk ýaly ýerine geçip oturdy we özüne söz gezeginiň berilmegine garaşdy. Söz
gezegi mugallyma ýetende, oňa biraz öňki gelen jaň bilen birlikde kakasynyň “aradan
çykdy” habarynyň gelenligi we şonuň üçin mejbury otagdan çykmaly bolandygyny aýtdy.
Ötünç soranynda, birnäçe minut mundan öň özüni sylanşyksyz hasap eden adamlar
tarpyndan gynanç bildirildi.- Ähli edilen hereketleriň düýp manysyna göz ýetirilmän berlen baha ýalňyşlykdyr.
Ynsan başaryp biljegine ynansa – ähli zady başarar
1. – Iň uly töwekgelçilik nämedir?
- Töwekgelçilik etmezlikdir.
2. – Iň erbet karar näme?
- Karasyzlyk!
3. – Hyýallaryňyz suwa düşende gamlanmazlyk üçin näme edersiňiz?
- Hyýallaryma başda ýüzmegi öwrederin.
4. – Üstünligiň ilkinji ädimi näme?
- Ynanmak.
5. – Bir türgen ýaryşdan öň nähili pikirlener?
- Çempion ýaly.
6. – Adamyň durmuşynda iň zerur wagty haçan?
- Häzirki ýaşaýan wagty.
7. – Arzuwlar nähili hakykata geçer?
- Isleg halyna gelmese, asla hakykata geçmez.
8. – Adamyň iň beýik garşydaşy kimdir?
- Özi.
9. – Dünýädäki iň zerur adam kimdir?
- Şol wagt aragatnaşykda bolan kişiňiz.
10.
– Bir dünýä çempionyny ýeňmek üçin birinji şert näme?
- Onuň kimdigini unutmak.
11.
– Haýsy gün siziň üçin pursatlar bilen doly başlanýar?
- Her gün.
12.
– Ähli zady başarmak isleýän adam nämäni başarýar?
- Hiç bir zady.
13.
– Bir zady başarmagy köp isleýän adam nämäni başarar?
- Ähli zady.
14.
– Pikirleriňi paýlaşdygyňça möçberi artýan zat näme?
- Aň-bilim.
15.
– Iň köp nämäni bilmeli?
- Näme isleýäniňi.
16.
– Wagtymyzy boş geçirmek näme?
- Zehinimizi biderek meşgul etmekdir.
17.
– Bir zynjyryň çydamlylygy näme bilen ölçener?
- Iň gowşak halkasy bilen.
18.
– Iň gysga ýol haýsy ýol?
Bilýän ýoluňyz.
19.
– Haýsy dawa ýeňiş gazanýar?
- Hiç bir dawa.
20.
– Iň kör ynsan kim?
- Görmek islemeýän.
21.
– Haçan bir adam aýaga galar?
- Ýykylandygyna göz ýetirenden soň.
22.
– Adamlar haçan ýeňildi diýip hasap edilýär?
- Haçan-da ýeňilenini kabul edende.
23.
– Sözleriňizden-de has zerur bolan zat näme?
- Sözleýiş şekiliňiz.
Unutmaň...
Gäminiň ugruny kapitan kesgitleýär. Durmuşyň ugruny düşünjeleriňiz,
düşünjeleriňiziň ugruny bolsa, diňe siz kesgitleýärsiňiz!...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.