ILKI BILEN ÖZIMIZI DÜZELTMELI!

Adamlar bir biriniň durmuşyny kynlaşdyrýar
Bu sözleri gaty dogry hasaplap, şu hakda ýazmagy makul bildim . Ilki bilen daş töweregimize üns berip görsek, biziň durmuşymyzy kynlaşdyrýan zatlary ýeke- ýeke sanasak köpüsiniň sebäbi öz adamlarymyz, öz halkymyzyň içinden çykan adamlar bolup durýar.
Meselem işsizlik. Bu belkem iň uly meseleleriň biri ýurdymyzda. Halk hökmünde Döwletden işe garaşýas. Ýöne ösen ýurtlara seretsek bu ýerde adamlar döwlet işinde işlemek hem islänok. Olar öz işini gurýarlar, bir zat öndürýän fabrika, zawod, kompaniýa we ş.m gurup döwlet işinde işländen has ýokary aýlyk alyp bilýärler. Bizde bolsa söwdanyň esasan bir görnüşi bar. Olam daşary ýurdyň öndüren zatlaryny arzan alyp getirip gymmat satmak. Bulara söwda dälde spekulýasiýa (arzan alyp gymmat satyp arasynda peýda görmek) diýip bolar.
Sebäbi ýurdyň ösmegi üçin ilki bilen öz halkyny öz öndürýän zatlary bilen üpjin edip bilmegi, mundan daşary başga halklara hem satyp peýda görüp öz ýurdyny baýlaşdyrmagy gerek. Biziň bolsa gaz ýaly taýýar tebigy baýlygymyz, pagta ýaly gara zähmet gerekdirýän önümler bolaýmasa ullakan öndürijiligimiz ýok. El ýuwulýan sabyndan, geýýän jorabymyzdan başlap, ulanýan telewizorymyz, maşynymyz, el telefonymyz hemmesi beýleki ýurdyň önümleri.
Käbir ýurtlarda hatda Türkiýe, Eýran ýaly ýurtlarda hem ýurdyň ähli ilaty üçin orta mekdebi okamak mümkinçiligi ýok. Bizde bolsa halkyň 99%-i orta mekebi gutarýar, halkyň 99%-i sowatly ýagny ýazyp okap bilýar. Mundan başga-da ene-atalar nädibem bolsa çagalarynyň uniwersitetlerde okamagy üçin janygýar. Bu ýaşlaryň içinde okuwy gutaryp gelensoň öz işini gurmak isleýänleri we guranlary hem bar. Daşary ýurtda okan wagty gören bir önümini Türkmenistanda hem öndürmek ýa bir hyzmaty hödürlemek pikiri gelýär.
Ýa-da meselem, benzin guýdurmak üçin bardyňyz, gyrpyp çyrpyp size 50 litre derek 40 litr guýýan adam, döwlet däl, döwletiň, halkyň oňa ynanan kärini öz bähbidine ulanýan adam. Ýa-da size içine gaz goşulan, ýa-da başga has arzan hilli benzini gymmatbahadan guýup göýerberýändir.
Elbetde bular ýaly meseleleriň çözülmegi üçin önüm öndürip fabrika gurmak isleýänlere döwlet tarapyndan aňsat karz berilip, olara herhili goldaw berilse. We başga-da döwletiň edip biljek işlerini sanasak köp , ýöne özümizem halk hökmünde şu meseleleriň parhynda bolsak we düzetmäge çalyşsak bu prosess has çalt bolardy
6 лайков 110 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
23 фев 2023, 12:34
wahh bolýada
Гость
23 фев 2023, 18:40
Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Berdinazar Hudaýnazarow