Gurjakmy sen? (Söýgi)

Kirpikleriň yrgyldap dur,
A gyz ,,Barby'' gurjakmy sen?
Ýüzüñde ýok ýekeje nur,
Lak atylsaň urjakmy sen?

Özuñ ykjam elleriň ak,
Gül göwräňde kem ýeriň ýok,
Buýra saçyň goýýañ dolap,
Ýa ösensoň örjekmi sen?

Gulakhalkaň ýalpyldaýar,
Ala gözleň balkyldaýar,
Göwnüň nirde pelpelleýar,
Bize jogap berjekmi sen?

Çala çekip köýnejigňi,
Söýdürýäňle söýmejegi,
Diýdirdiň gyz diýmejegmi,
Ýa ýürege girjekmi sen?

Akja dişiň bezeg ýüze,
Sen ýakymly her bir göze,
Çyny ýazmak adat bize,
Goşgymy geñ görjekmi sen?

Sözi söze men sepleýän,
Sen owlak deý bökjekleýäň,
Nehä dymýañ ne gepleýäñ,
Mydam şeýdip ýörjekmi sen?

Gyz çykypsyň ýetişipsiň,
Çagalykdan ötüşüpsiň,
Durmuş bilen öpüşüpsiň,
Bagt öýüne barjakmy sen?
( Awtoryny bilemok, bilýän bolsaňyz ýazaýyň)
5 лайков 137 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
08 июн 2022, 22:00
:-/
Resul
Автор 09 июн 2022, 08:03
Ýok men siziň aýdýan programmagyzdan däl "Dört Şem" diýen kitapdan paýlaşýan. Ýalňyşmasam ol kitaby Kitaphanadan ýa-da KitapTm dan alypdym.
Perizat_25
10 июн 2022, 16:26
Resul nç ýyl sen??