KÜŞT OÝNUNYŇ TARYHY
Küşt oýnunyň taryhy örän gadymy hasap edilýär. Birnäçe müňýyllyklar mundan ozal nirededigi we haçandygy belli bolmadyk adamlaryň
oýna bolan höwesi, ymtylmasy esasynda oýny döretmek maksady bilen,
ilkiilkiler ýönekeýje tagtalary ýasapdyrlar. Onuň ýüzünde çyzyklar we
öýjükler emele getirip, belli bir kada esasynda meýdança döräpdir.
Öýjüklerde ýada çyzyklaryň kesişýän ýerinde daşjagazlar, agaç
ownuklary goýlup, ilkinji şaşka oýny döräpdir. Elbetde, ol düşnükli, ilkinji oýunlar ýönekeý görnüşde bolupdyr. Tagtanyň ýada ýerde
döredilen meýdançanyň üstünde oýnalýan oýunlaryň, başda hemmesi hem örän ýönekeý bolupdyr. Şonuň üçin hem küşt oýny gadymy
hem bolsa, şeýle oýunlaryň beýleki oýunlardan has soň dörändigini
bu ugurda iş alyp baran adamlar, alymlar subut edipdirler.
Şeýle oýunlaryň taryhynyň mundan, takmynan, 4000 ýyl öňdü
gine gadymy Müsür piramidasynyň diwarlaryndaky şekiller esas bolup biler. Hytaý oýunlarynyň biriniň şol wagtky dörän aýdymlarynyň
sözlerinde hem küşt barada maglumatyň bardygy anyklanypdyr.
Hindistanda dörän diýlip hasap edilýän küşt oýnunyň taryhy
2000 ýyldan hem öň dörändir diýlip hasap edilýär.
Aziýadan soňra küşt oýny Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr.
Elbetde, oýnuň ilkinji düzgünleri üýtgeýär, kämilleşýär. Küşt oý
nunyň ösüşinde esasy döwür XVI asyr bolupdyr. Şol döwürde dünýä
niň dürli ýurtlarynda oýun düzgünleri biribirinden tapawutly bolsada,
bir kada getirmäge çalşylypdyr. Muny biz soňra «Türkmen küştüniň
düzgünleriniň tapawutlylygy» baradaky bölümimizde durup geçeris.
XIX asyryň ortalaryna çenli umumy kabul edilen küşt oýnunyň
belli düzgüni bolmandyr. Emma umumy ösüşe baglylykda şol döwürde bir netijä gelnip, küşt oýnunyň häzirki görnüşi emele gelýär we kabul edilýär. Döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň has ýygjamlanmagy,
küşt oýnunyň ösüşine öz täsirini ýetiripdir. Küştçüleriň aragatnaşyklary ululykiçili ýaryşlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi, küşt oýnunyň
häzirki durnukly ýagdaýyna getiripdir. Eýýäm iki asyr bäri küşt oýnunyň ýagdaýy berk bir tapda dowam edýär.
Dogrusy, soňky dürli ýyllarda oýna düzediş girizmekçi bolan adamlar hem tapyldy. Ýöne köpçülik we küşt hünärmenleri ony ret etdiler.
Küşt oýny ilki dörände esasy maksat, garşydaşyň şasynyň «ömri» gyzyklandyrýardy. Oýun ilki uruş görnüşinde alnyp barylýardy.
Esasy güýçler piller we atlar bolup durýardy. Emma soňra oýunda
şasynyň uly bähbidiniň bardygy, pilleriň güýçleriniň gaçýandygy, kä
bir ýerlerde onuň ýokdugy, küşt oýnunyň düzgünlerine täsiri bolmagy
mümkin. Emma şeýlede bolsa başda dörän küşt oýnundaky mallar öz
güýjünde, iki tarapda hem perzi, iki ruh, pyýada goşuny galdyryldy.
Küşt oýnunyň hakyky uruşdan tapawudy kändir. Birinjiden, iki
tarapyň hem goşun sany deňdir. Hakyky uruşda, elbetde, güýçler deň
bolmaýar. Ikinjiden, küşt oýnunda göçümler (orun üýtgetmek) gezekligezekligine bolýar. Başgada tapawutly ýerleri, elbetde bar. Mysal
üçin, hakyky uruşda pilleriň hüjümleri bolmaýar, bu barada hiç hili
maglumat ýok. Emma küşt oýnunyň başky durkuny saklamak maksady bilen, pil esasy mallaryň biri bolup galýar.
1886njy ýylda ilkinji gezek dünýäniň resmi çempiony Wilgelm
Steýnis diýlip yglan edilipdir we küşt oýnunyň örän çalt dünýäniň
dürli künjegine ýaýramagy bilen uly depginde ösüşi başlapdyr.
Küşt oýnunyň asyrlardan asyrlara geçip, oýnalyş düzgünleriniň üýtgemegi, kämilleşmegi nähili bolupdyr, haýsy özgertmeler bolup geçipdir?
Küşt oýnunyň ösüşiniň dowamynda, esasan, mallaryň göçümlerini
dürli ýerlerde, ýurtlarda özleriçe üýtgedipdirler. Mysal üçin, pil ilkiilkiler pyýadalaryň üstünden böküp geçip bilýär eken. Ýöne, bu düzgün
hemme ýerde kabul edilmändir. Soňra şaruhuň (rokirowka), pyýadanyň
duşundan geçmek, pat düzgünleri goşulypdyr. Piliň bir malyň, pyýadanyň üstaşyr geçmegini aýrypdyrlar. Pyýadanyň soňky setire ýetmegi
bilen emele gelýän ýagdaý hem düzgünleşdirilipdir. Bütindünýä küşt
federasiýasynyň döremegi bilen düzgünler tertipleşdirilipdir.
Her bir ýurtda küşt oýnunyň düzgünleriniň üýtgeşik bolan döwründe türkmeniň öz küşt oýnunda hem aýratynlygy örän guwanarlylykdyr. Ondan başgada öz döwründe (IXX asyr) ady dünýä ýaý
ran Abu Bekir AsSulynyň küşt oýnunyň döremeginde türkmenleriň
hem belli derejede dahylynyň bardygy baradaky pikiri arkaýyn orta
atmaklyga şert döredýär

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.