Ady belli dört at
1) Pegasus.
Gadymy grek mifologiýasyna görä Muz perileriniň iň söýgüli iki ganatly bedewi Pegasus, Gorgon Meduzasynyň kellesi kesilende onuň ganyndan dünýä inýär. Ol Andromedany halas etmeli epizodynda Perseýiň aty we Himerany öldürmekde Bellerofondyň kömekçisi bolup çykyş edýär. At ýeliň tizliginde uçýar we uçmazyndan ozal ýerde bat alýar hem-de toýnaklary bilen ýerasty çeşmeleri lerzana salýar. Şeýdibem şahyrlaryň ylham çeşmesi bolan Muzlaryň jülgesindäki Gippokrenany emele getirýär. Ýene-de Pegasus Gefestden Olimpa Zewsa ot ýyldyrymy eltýär. Templiýerler paýhaslylygyň, dilewarlygyň we şöhratyň nyşany hökmünde iki ganatly aty öz tugralaryna şekillendiripdirler.
2) Troýan aty
Taryh kitabyndan bilşimiz ýaly bu at - grek şasy Menelaýanyň şa zenany Ýelenany Troýaly Paris alyp gaçanyndan soň başlan söweşde greklere ýeňmäne kömek edýär. Grekler Troýa ýüzüp baryp, galanyň daşyny gabaga alýarlarda, käbir maglumatlara görä 50, beýlekilere görä 100, ýene birine görä 23 ýada 9 Spartaly iň gowy söweşiji ýerleşjek agaç at ýasaýarlar. Ynanjaň troýanlar derwezäniň alnynda duran agaç ata özlerine goýulyp gidilen sowgatdyr öýdüp şähere salýarlar we gije söweşijiler atdan çykyp, bukuda ýatan goşunlaryna şäheriň derwezesini açyp berýärler, şeýdibem şäheri basyp alýarlar. Wergileýanyň "Danalylardan gorkuň, hatda sowgat getirýän bolsalarda" diýen ýarym küpleti nakyla öwrülip gidýär. "Troýan aty" aýtgysy indi mekir, zalym planyň aňlatmasy hökmünde göz öňüne tutulýar.
3) Busefal
Busefal (grekçe "öküz kelleli") Aleksandr Makedonskiniň iň söýgüli aty. Rowaýatlara görä ýeketäk şazada Aleksandr bu aty on ýaşynda ellekileşdirmegi başarýar we soň Busefal diňe oňa öz üstüne münmäge rugsat berýär. Mundan başgada hemişe aty eýesiniň ýanyna getirenlerinde at dyzyna çöküp hojaýynyny garşy alýar. Aleksandr Busefaly şeýle bir gowy görýär welin ony söweşlerede münmän gorap saklaýar. Rowaýatlara görä pars wagşylary Busefaly alyp gaçýarlar, emma haçanda Aleksandr olaryň baryny ýoklamagy wada edende gorkuçlaryna derrew yzyna getirýäler. Ýene-de Busefal öz kölegesinden başga hiç zatdan gorkmanlygy aýdylýar.
4) Ýeke şahly (ýa-da Ýedinorog)
Bu mifiki jandar päkligiň nyşanydyr. Ol köp mifologiki ulgamlarda - köplenç atyň, kä halatlarda geçiniň, sugunyň ýa-da öküziň, käbir ýerlerde bolsa ganatly atyň görnüşinde şekillendirilýär. Üç aýakly, alty gözli, dokuz agyzly we altyn şahly pars jandary ýeke şahlylaryň arasynda iň täsinidir. Ýöne biz ýeke şahly at görnüşine has köp öwrenişendiris. Rowaýatlara görä ol yzarlananda hiç irmeýär, emma bekär gyz ýanyna ýakynlaşsa boýun egiji görnüşde ýere ýatýar. Umuman aýdanyňda ýeke şahlylary (ýedinorog) tutmak aňsat iş däl, eger şowly bolup tutmagy başarsaňyzda ony diňe altyn jylaw bilen saklap bilersiňiz. Onuň ähli güýji şahynda ýerleşen we dürli keselleri, şol sanda ýylan çakmasyny hem bejerip bilýär. Ýeke şahlylar (ýedinorog) güller bilen iýmitlenýär we säher çygyny içip oňýarlar. Ýene-de olar tokaýlaryň jümmüşindäki kiçijek köllerde suwa düşýärler we şonuň üçinem ol köller arassalanýarda janly-jandara em bolup hyzmat edýär.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.