ERKEKLER WE AÝAL-GYZLAR ÜÇIN UMUMY ATLAR

ERKEKLER WE AÝAL-GYZLAR ÜÇIN
UMUMY ATLAR
Abat — Şikestsiz‚ bat.
Azat — erkana‚ azat.
Aman — sag-aman dünýä inen.
Anna (a.) — anna güni doglan.
Dursun‚ Tursun — ölmesin‚ uzak ýaşasyn‚ dursun.
Jöwher — gymmat bahaly.
Kekil‚ Käkil — çokul‚ depede goýulýan saç‚ ýagny
çokully.
Kiçi — çagalaryň iň kiçisi.
Körpe — iň kiçi çaga.
Maksat (a.) — makastly‚ maksat-myrada ýetiren.
Mamur (a.) — ýaşaýjy‚ gülleýän‚ ömür sürýän.
Meňli — meňi‚ haly bolan.
Mährem (p.) — 1) Muharram aýynda doglan (Bharam
ýa-da Mahram-Mars planetasy‚ ýaldyrawyk; 2) mährem‚
ýakyn.
Nazly‚ näzli — 1) «Nyýazly» diýen adyň gysga görnüşi; 2)
näz-kereşmeli gyz.
Nar (a.) — nary‚ ýagny bedeninde uly gyzgylt tegmili
bolan.
Nawruz (p.) — täze gün‚ ýagny täze ýylyň ilkinji güni doglan
Nur (a.) — şöhle‚ nur.
Nyýaz (p.) — diläp alnan‚ sowgat berlen (goşma atlaryň
sostaw bölegi).
Sabyr (a.) — sabyrly‚ takatly.
Saýat (a.) — awçy‚ adamlaryň göwnüni awlap bilýän.
Togta — dur‚ gitme‚ aýak çek‚ ölmesin.
Tuwak — tuwakly‚ perdeli doglan.
Täze (Täzebaý‚ Täzegül) — täzelendi‚ täzelensin (şu
ogluň yzyndan gyz ýa-da gyzyň yzyndan ogul bolsun).
Täç‚ Täçli‚ Täşli — 1) täji )uly garamatyl tegmili‚ haly)
bolan; 2) başymyzyň täji.
Umyt — umydy‚ islegi ödän.
Hally — haly tegmili bolan.
Şirin (p.) — süýji‚ tagamly‚ şirin dilli.
Erke — erkin ösýän‚ göwnüne degilmeýän.
Ýunus (ýewreýçe) — kepderi‚ ýagny owadan.
Ýagşy — oňat‚ gowy.
3 лайков 262 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.