**************

Agaja ynanyp bilersiň, meselem alma agajy alma berer.? Asla erik bermez. Haýwanlarada ynanyp bilersiň, meselem çünki gaplaň gaplaň bolar, asla maýmynlyk etmez.? Emma adama ynanyp bolmaz. Çünki ol ýüzüňe gülse-de arkasynda pyçak? saklap bilýän ýeke-täk jandardyr...?


Bulutlar aglarmy diýdim, aglaýar diýdiler.
Agaçlar gynanýarmy diýdim,
ýapraklaryny hem dökdi diýdiler.
Şemal gaharlanýarmy diýdim,
gaharlanmasa beýle-de öwsermi diýdiler.
Ol meni söýýärmi diýdim, başyny öňe egdiler,
Söýýän bolsady ýanyňda bolardy diýdiler, "Dymdym"


" Ölüm öýe girende, sag galanlaram biraz öldürýär." diýýär Peýami Safa.
Bu ýagdaýyň nähilidigini iň gowy, bir ýakynyňy öýüňden tabyty bilen çykaranlarynda görenler biler.


Durmuş bu sähelçe salym. Ony başda garalamada ýazyp, soň arassa kagyza geçirip bolmaýar.
_Anton Çehow


Käşgä sen meniň ýerimde bolsaň, seni söýmegiň nähili kyndygyny görseň.
Menem seniň ýeriňde bolsam, şunuň ýaly söýülmegiň lezzetini duýsam.
_Söýgi


Öňüňe geleni dälde, ugruňda öleni söý.
Saňa bakany dälde, seni tapany söý.
Seni agladany dälde, seniň üçin aglany söý.
Söýýän diýeni dälde köýýän diýeni söý.
_Söýgi



Söýýän adamyňdan sowamak.
Özdemir Asaf şeýle diýýär:
" Bir wagtlar seniň erbet taraplaryňam owadandy.
Indi bolsa owadan taraplaryňam erbet."


"Gürleşmek" bilen "Gürleşmegi bilmek" arasynda uly tapawut bardyr.
Meselem köp ynsan ikinjisini bilmez.
_Psihologiýa.
12 лайков 259 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şagyzy Şazada
14 июн 2022, 20:35
Gowy eken yetirip durun bahaber
Babahanowa_g
14 июн 2022, 20:43
Gürleşmek" bilen "Gürleşmegi bilmek" arasynda uly tapawut bardyr.
Meselem köp ynsan ikinjisini bilmez.
_Psihologiýa.
Yetirip durun
Nurmuhammet
Автор 14 июн 2022, 23:38
Şagyzy Şazada,
Babahanowa_g,
sagbol sizede
My life
15 июн 2022, 11:21
Ozdemir Asafyñ gowy sozleri bar.
Lale
15 июн 2022, 11:47
++++++++++
the_end
15 июн 2022, 15:49
бу пикир йоратмен,мысал алман ерликсиз горян мена..........алма агажы бар асла миве беренок,мен нахили гормели,еке алма бермесе......
Nurmuhammet
Автор 15 июн 2022, 17:48
the_end,алма агажы бар асла миве беренок

alma agajy miwe berenok diyenok. bu yerde alma agajy alma berer. erik bermez diyya. tazeden okap goray.
gaty ansat dilde dusundirya