Owadan ganhorlar-1

1) Uly ýaprakly Kalmiýa.
Bu ösümlik dag lawry diýip hem tanalýar we ýaz aýlarynyň ahyrlarynda ýumşak gülgüne ýada ak güllerini açýar. Bu gül ajaýyp, ýöne ajaýyp görküniň aşagynda ganhoryň ýüregi gizlenen. Gül andromedotoksin we arbutin diýen iki toksini öndürýär. Birinji has howply, sebäbi ol birwagtyň özünde ýüregiň bir gapdalyny çalt, beýleki gapdalyny welin haýal urdurýar. Sagdyn adamyň ýüreginde organdan gelýän elektrik impulslary saklaýan tebigy "derwezejikler" bar. Andromedotoksin bolsa şol "derwezejikleri" döwüp, daşyndan gelýän ähli impulslara ýürege ýol açýar we Wolff-Parkinson-White sindromyny emele getirýär. Netije? Duýdansyz ýürek durma.
Elbetde birwagtyň özünde ýüregiň duýdansyz durmagy üçin şol toksiniň aşa köp mukdary ýolukmaly, ýöne has az mukdaryny alsaňyz hem ölersiňiz. Ilki bir sagada golaý wagtyň içinde ýürek bulanma we gusma, dem alyşyň kynlaşmasy, myşsalaryň diýen etmezligi we koma hem-de ölüm.
Ýene-de şol güle gonan arynyň balyny hem iýmeli däl, sebäbi balada şol gülüň düzümindäki toksinler geçýär. Grekler bu bala - telbe baly diýip atlandyrypdyrlar we b.e. öňki 400-nji ýylda Ksenofondy basyp almak üçin ulanypdyrlar.
4 лайков 195 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
14 июн 2022, 19:56
Shu guli ysgap goresim geldi?
Maksat
14 июн 2022, 20:13
Bäh owadan gül eken. Iýseň zäherleýämikä, ýa ysgap elläp zat etseňem zäher geçýämikä?
S❤
14 июн 2022, 20:32
Owadan eken gul,, emma her gulin bir kemciligi ba diyilsi Yaly gorkunjurak eken
Nazar
14 июн 2022, 22:18
Bäyy bähh