“Kyrk gyz” gowagy:
Türkmenistan döwletimiz baý taryhy hem-de medeniýeti bilen hemmeleri haýrana goýýar.
Şeýle ajaýyp ýurdumyzyň tebigy gözellikleri hem köpleriň ünsüni çekýär.
Tebigat, taryh we beýleki ugurly syýahatçylyk maksatly ajaýyp gözellikleriň köp sanlysyna biziň ýurdumyzda duş gelmek bolýar.
Hormatly okyjylarymyz! Golaýda siziň üçin döredijilik toparymyz bolup, ýurdumyzyň daglarynyň ajaýyp ýerine baryp, şol ýer barada wideo ýazgylar etdik.
Täsinlik görjek bolsaň, daglara bar diýlişi ýaly, hakykatdan hem daglarymyzdaky tebigy gowaklar hem syrly rowaýatlary bilen özüne bendi edýär.
Şeýle tebigy gowaklaryň biri hem Bäherden etrabynyň çäklerindäki “Kyrk gyz” gowagy hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
Bu ýerdäki dagdan gaýdyp gelýän şarlawuk, gowagyň içiniň ajaýyp täsinlikleri bu ýere gelýänleri haýrana goýjakdygy ikuçsyzdyr.
Taryhy rowaýata görä, kyrk gyzyň gizlenen gowagy hem-de olaryň gözýaşlary diýlip atlandyrylýan suw damjalarynyň wagtyň geçmegi bilen şarlawuga öwrülip, suw çeşmesi bolup durýar.
Paýtagtymyz Aşgabatdan 140 kilometre golaý daşlykda ýerleşýän bu ajaýyp tebigat gözelligi sizi hem haýrana goýar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.