TÄSIN ŞARLAWUK

Dünýäniň iň täsin ýerleriniň biri bolan Niagara
şarlawugy ABŞ­nyň we
Kanadanyň aralygynda
ýerleşýär. Üç bölekden durýan bu
şarlawugyň ady «şapyrdaýan suw»
diýlip terjime edilýär. Hakykatdan­da,
onuň şapyrdap akýan sesi şarlawugyň
özi görünmänkä eşidilip başlaýar, suw
bugunyň emele getirýän bulutlary
bolsa her bir myhmany şarlawugyň
özünden öňürti garşylaýar.
Niagara şarlawugynyň iň uly bölegi
«Uly nal» diýlip atlandyrylýar. Kanada degişli bolan bu uly bölegiň giňligi
800 metre çenli ýetýär. Şarlawugyň
galan iki bölegi bolsa ABŞ­a degişlidir.
Niagara şarlawugynyň üç böleginiň
beýikligi hem 50 metr töweregidir.
Tebigatyň döreden bu ajaýyp
täsinligini synlamak üçin her ýyl
millionlarça syýahatçylar gelýärler. Elbetde, şonça adamy kabul etmek üçin
şarlawuga golaý ýerlerde myhmanhanalaryň bolmagy zerurdyr. Bir günlük
gelen syýahatçylar üçin bolsa ýörite bir
günlük gezelençler gurnalýar.
Syýahatçylar şarlawugy üç ýerden
synlap bilýärler. Birinjisi — aşakdan,
ýagny şarlawugyň aşak inýän ýerine
gaýyklarda ýüzüp barýarlar. Ikinjisi — seýilgähdäki eýwanlarda durup
synlamak bolýar. Üçünjisi bolsa, oňa
guşuň uçýan belentliginden syn etmekdir. Ýagny, ýörite syýahatçylar
üçin hereket edýän dikuçarlar Niagagara şarlawugynyň üstünden uçup
geçýärler.
Şarlawugyň aýagujynda «Şemallaryň gowagy» diýlip atlandyrylýan
gowak ýerleşýär. Bu ýere düşmek üçin
ýörite lifler bardyr. Şarlawugyň batly
suwunyň serpikdirmeleri sebäpli, bu
ýerde durup, gury galmak mümkin
däldir. Şonuň üçin her bir syýahatçynyň egnine suw geçirmeýän materialdan taýýarlanan egin­eşikler berilýär.
Şeýle­de, şahsy goşlaryny salmak üçin
her kime suw geçirmeýän ýörite gaplar
paýlanylýar.
Niagara şarlawugy diňe bir syýahatçylygyň däl, eýsem, tehnikanyň
we inženerçiligiň hem ösmegine uly
itergi berdi. Suwdan energiýa almak
üçin niýetlenilen ilkinji gidroelektrostansiýa hem şu ýerde peýda bolupdyr. Tebigatyň bu ajaýyp täsinliginiň
daş­töweregini industriallaşdyrmak
geçen asyryň iň jedelli meseleleriniň
biri bolupdyr. Şarlawugyň golaýynda
häzirki zaman binalaryny dikmäge
garşy çykan adamlar bu ýeriň tebigatyny goramagyň we hemme zady
tebigy ýagdaýynda galdyrmagyň tarapyny tutýarlar. Häzir bu ýerde tebigy
goraghanalar ýerleşýär.
3 лайков 103 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şagyzy Şazada
16 июн 2022, 15:32
Gowy maglumat brawo
Telwas
16 июн 2022, 15:51
Täsinliklerden ýetirip dur jigimjan.