Kerwensaraý (Taryhy şahsyýetler barada aýdylan rowaýatlar esasynda)
Türkmen tebigatyda, türkmen sährasyda şu topraga göbek gany siňen,
onda ösüpörňän her bir adam üçin
mährem hemde özüne çekiji. Megerem, ene topragam özünde ýaşaýan
ynsanlara, ynsanlaram daştöweregini gurşap alýan tebigata ysnyşan bolmaly. Şonuň üçin
türkmen halky tebigatyň özi ýaly joşgunly, şahandaz
millet. Ähli zady süzgüçden geçirýän duýgur tebigatam
öz gezeginde sy:gyranyňda heň edýän gargy tüýdügiň
gamşyny, kümüş taryna kakanyňda zarňyldap, köňül
içre gözel duýgulary döredýän dutary ýasamak üçin tut
agajyny goýnunda biminnet ýaşaýan ak göwünli ynsanlar
bolan bize, biziň nesillerimize peşgeş edipdir. Döredijilige sarpa goýýan halkymyz bolsa, döretmäge, gurmaga
ilgezik halk. Asyrlaryň dowamynda dünýäniň ösüşlerine
öz saldamly goşandyny goşan atababalarymyzam dö
retmegi, gurmagy sogap işler hasaplapdyrlar.
«Balam, döredip bilýän adam hem aň, hem ruhy, hem
beden taýdan güýçli bolýar» diýip, atam maňa hälişindi
öwüt berýär.
Bir gezek şu sözleri gulagyma gunt ýaly guýmagy
endik eden atamdan: «Ata, bu zatlary siz nireden bilýärsiňiz?» diýip soranymda, ol köpmanyly ýylgyrdy. Şonda
segseni tegeläp barýan atamyň ýüzündäki çylgamçylgam ýygyrtlar ýazylyp giden ýaly boldy.
— Köşegim, bu zatlary maňada atam gürrüň beripdi, oňada onuň garry atasy gürrüň beripdir, garry
atasynada onuň garry atasy gürrüň beren eken. Garaz,
şeýdeşeýde tebigy taýdan guýmagursak zehinli, döredijilige berlen, öz döwrüniň bilimini öwrenmegi ömürbo
ýy hemra edinen türkmen oglanjygy baradaky rowaýat
kysmy şol gürrüňleri eşitmek maňada miýesser etdi.
Menem şol arzyly gürrüňi saňa aýtmagyň çemini gözläp
ýördüm. Ynha, ahyry özüň dillendiň. Indi, şol wakany
saňa aýtmagyň müddeti geldi diýip pikir edýärin. Atam
maňada şol gezek şeýle gürrüň beripdi – diýdide, söze
başlady:
— Biz o döwürler gadymy Was düzlüginde, Akdepe
galasynyň golaýyndaky küren obada ýaşaýardyk. Obamyzyň üstünden uly kerwen ýoly geçýärdi. Şol ýoldan
biribiriniň yzyna tirkelen otuzkyrk düýeli, birnäçe atly
goragçylardan ybarat bolan agyr kerwenler obamyzyň
üsti bilen demirgazyk tarapa — Köneürgenç galasyna, gündogar tarapa — Hywa, Buhara, Samarkant ýaly
şäherlere geçýärdiler. Bu ýola ýaşulularymyz: «Beýik
Ýüpek ýolunyň» iň gatnawly şahamçasy» diýerdiler.
Obamyzdan o diýen uzak bolmadyk ýerde bolsa kiçiräk kerwensaraý bardy. Onuň golaýynda «Kerwen bazary»
hemde «Juma metjidi» bardy. Köplenç, kerwensaraýda
düşlän kerwenleriň söwdagärleri getiren del harytlaryny
şol bazara çykaryp, alyjylara hödürlärdiler. Şonuň üçin
hem bu bazar «Kerwen bazary» ady bilen şu jelagaýlarda
meşhurlyk gazanypdy. «Juma metjidi» diýilmeginiň asyl
sebäbi bolsa, hepdäniň penşenbe güni kerwensaraýda
düşlän kerwenlerdäki gonaklar, köplenç, bu metjitde
juma namazyny okaýardylar.
Bir gezek öňki endigimize görä, goňşymyz Anna sopynyň ogly Meretmät bilen gülli peçekden depmedykyn
doldurylan iki haltany mele taýharymyzyň üstüne ýükläp, «Kerwen bazaryna» gitdik. Edil kerwensaraýyň golaýragyndaky gazyklaryň birine taýharymyzy baglap, otly
haltalarymyzy ýoluň gyrasynda goýup, gezekligezegine
«Ýaňyja orlan terje peçek bar, geliň, alyň!», «Peçegimiz
seçekseçek, gülleri goçakgoçak» diýip, otlarymyzyň
öwgüsini ýetirip, satmaga durduk. Gün guşluga galyberende, Akdepe galasyndan gelen bir atly pyýada haltaly
otlarymyzy bir kümüş teňňä satyn aldy. Aýasyndaky
kümüş teňňä seredip, doňup galan Meretmädiň garaja
gözleri köke ýaly tegelendi, ol begenjinden owlak kimin
böküp durşuna:
— Agaly! Bu gün bazardan bu kümüş teňňä göwün
islän zadymyzy satyn alyp bileris. Gel, ilki bilen, içi künjüli ak halwa alaly! Soňrada Bekiniň çaýhanasyndan
nohutly çaý içeli, galan pulumyzada öýümüzdäkilere
nabat bilen gant satyn alarys – diýip, kümüş puly ezýaka
ak köýneginiň üstünden guşalan bilguşagyna gysdyrdy.
Söwdasy oňuna bolan iki oglanjyk bolup, «Niredesiň,
künjüli halwa, niredesiň, Bekiniň çaýhanasy?» diýip, gumak ýoluň üsti bilen ýelk ýasadyk. Biziň keýpimiz kökdi.
Ynha, bir seretsek, bazaryň beýleräginde oglanjyklar aşyk
oýnaýarlar. Kimiň kenekli aşygy alçy gopsa, bir aşyk
utugy bar. Öňem öýlerinde «Şu oglumyň aşyklaryndan
ýaňa öýüň içinde ýer ýok» diýip, ejesiniň iňirdilerini her
gün eşidýändigine garamazdan, Meretmät ýene «köne
keseline» eýerip, aşyk oýnaýan oglanjyklaryň ýanyna
bardyda, özüniňem aşyk oýnasynyň gelýändigini aýdyp,
jübüsinden iki sany aşygyny çykardy. Onuň aşyklaryna
gözi düşen oglanlar oňa «ýok» diýip bilmediler. Ol oý
na gyzyşdy. Onuň aşyk sülşi çeniňçakyň däldi. Menem
ýoldaş hökmünde onuň bir özüni taşlap, öýe gaýdyp bilemokdym. Taýharyň bagyndan tutup durşuma, käwagt
«Meretmät, indi öýümize gaýdaýaly!» diýip, dillenýärdim. Ol bolsa, «Agaly, baryýogy bäş aşyk süldüm, ýene
birazdan öýe gideris» diýýärdi. Şu sözlerden soň ahyry
men lapykeç halda bir çetde taýharym bilen onuň aşyk
oýnuna syn etdim. Ynhada, onuň bu gezek aşygy
çykmady. Şol barmana, kerwensaraýdan gelen onon iki
ýaşly bir oglanjyk aşyk oýnamak gezegini aldy. Ol şeýle
bir oýna ökde eken welin, mergenlikde, aşyk sülmekde
bu ýerdäki oglanlaryň hiç biride onuň öňüne düşüp
biljek däldi. Muňa belet bolan oglanlaryň hemmesi
agyzlaryny açyp, aňk bolup durdular. Her gezek onuň
aşygy alçy gopýardy. Soňabaka oýna gyzygan oglanlaryň
ählisiniň aşygyny utup, ýeňiji hökmünde ähli aşyklary
öz ýanyna süýşürdi. «Bu nätanyş oglan indi ähli aşyklary
ýany bilen alyp gider» diýen gorky biziň hemmämizi gur
şap alypdy. Men ýuwaşlyk bilen Meretmädiň ýeňinden
çekip, ortadaky aşyklary gözüm bilen ümledim.
Onýança oglanlaryň içinden özüne göwni ýetýän
ekabyrragy Ömüraly:
— Aşyk sülmekdehä ökdeligiňi görkezdiň. Hany,
myhman oglan, göreş tutmak bilen araň nähili? Gel,
gowusy göreşe çykaly! Belki, sen menden ýeňilersiň.
Öňünden aýdýan, ýeňdigim — aşyklary yzyna aldygymdyr – diýip, petekesini gaýşardyp, orta çykdy. Myhman
oglan:
— Ýöne, bu aşyklaryň ählisi seniňki däl, olary oglanlara deň paýlap bermegiň zerur – diýip, öz matlabyny
orta atdy. Ömüralynyň teklibi goldanyp, göreş başlandy.
Ol göreşiň «badak atmak», «çilip ýykmak» ýaly tilsimlerini näçe ussatlyk bilen ulansada, myhman oglandan
asgyn geldi. Ahyryndada, ondan ýeňildi. Ara dymyşlyk
düşdi. Dymyşlygy Meretmädiň aýgytlaýjy sözleri bozdy:
— Myhman oglan, sen kim bolarsyň? Indi, bu aşyklaryň hemmesini alyp gitmekçimiň, eger şeýtseň, soň
biz näme oýnarys? – diýip, onuň üstüne sowal baryny
ýagdyrdy. Meretmäde beýleki oglanlar hem goşuldy. Bu
sowallara garaşyp duran ýaly, myhman oglan üstbaşyny
düzedişdirip durşuna howlukman söze başlady:
— Men bu ýerlerden gaty uzakda, beýik daglaryň
arasyndan akýan Sumbar derýasynyň ýakasynda ýerleş
ýän Hajygowşan diýen ýerden geldim. Doglan badyma
obamyzda sylanylýan we keramatly saýylýan bir magtymyň etegine salnanymdan soň, enematam adyma
Magtymguly goýupdyrlar. Görşüňiz ýaly, aşyklaryňyzy
arassa oýnap, halal utdum. Eger isleseňiz, men olary go
ýubam gidip bilerin. Ýöne, bir şert bilen! – diýende, ähli
oglanjyklar bilesigelijilik bilen «o nähili şertde, o nähili
şert?» diýşip, ala wagyrdy boldular.
— Şertim şeýle! Egerde siziň araňyzda elipden başy
çykýan bar bolsa, özem meniň sowallaryma jogap berip bilse, her jogabyna bir aşyk paýy bar— diýdi. Muny
eşiden Meretmät «Men bilýän» diýip, derrew ekezlendi.
— Hany, onda aýt, bakaly, arap elipbiýiniň başky
harpy haýsy harpdan başlanýar?
— Elipden – diýip, Meretmät «elip» harpynyň şekilini gumaksy ýere sag eliniň süýem barmagy bilen çyzyp
görkezdide, bir aşyga eýe boldy.
— Ikinjisi?
— Bi
— Üçünjisi?
— Si...
Garaz şol gün elipden başy çykýan oglanjyklara aşyklaryny yzyna almak başartdy. Bilmeýänlere bolsa, myhman oglanjyk çyny bilen bilmäge kömek etdi.
Öýe gaýtjak bolup durkak, Meretmät:
— Aýtsana, Magtymguly! Sen arapçany kimden
öwrendiň? – diýip, onuň ýüzüne bilesigelijilik bilen
dikanlady.
— Atam Azady ahundan.
— Diýmek, seniň kakaň meniň kakamyň gürrüň ber
ýän Azady işany bolýarda – diýip, Meretmät joşgunly
gürledi.
— Şeýledir. Bu gün metjidiň ymamy atam Azadydan
metjitde juma namazyny okap bermegi towakga etdi.
Oglanlar, şonuň üçin meniň bu ýerden gitmegim lazym.
Enşalla, ertir daň bilen Köneürgenje tarap ýola rowana
bolmakçy — diýip, bizden rugsat soraýan şekilde ýüzü
mize seretdi.
Ol şol gezek atasy Azady ahun bilen kerwendäkilere
goşulyp, Köneürgenje zyýarata barýan eken.
Oglanlar onuň bilen ýekeýekeden elleşip, doganlarça,
dostlarça hoşlaşdylar. Maňa gezek gelende, men ilki bilen, taýharymyň bagyny ýerde goýup, elimiň tozanlaryny
kakyşdyryp, aýalarymy donumyň synyna sürtdüm. Sagbollaşjak mahalym, gonagymyzyň akyldan doly goýun
gözlerinde umman ýaly çuňlugy, dünýä ýaly manymazmuny gördüm. Onuň elini elim bilen gysyp durşuma:
— Magtymguly, indi haçan yzyňa dolanarsyň? Indiki
gezek gelýänçäň menem elipbiýi doly öwrenip, labyzly
okamagy başararyn – diýip, oňa söz berdim.
— Men saňa ynanýan, körpeje! Okamak – bu bilmekdir, bilmek bolsa her bir bilimli adamyň bezegidir. Bilimli
adamlar näçe köp bolsa, dünýäde şonça gözeldir — di
ýip, Magtymguly ellerimi gysdy.
Şondan soň men ürç edip kitap okadym. Her gezek
kerwen geldigi, kerwensaraýa ylgadym. Şol kerwenleriň
içinden meň durmuşymda bir salymyň içinde ýat oglandan ýakyn dostuma öwrülen Magtymgulyny gözledim.
Görüp otursam, şol gezek men beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilen didarlaşan ekenim. Bu meň ykbalymyň maňa beren bagt paýydy. Ol diňe bir şahyr dälde,
jahankeşdede eken. Diňe bir ruhy taýdan dälde, eýsem,
beden taýdanam berk terbiýäni özleşdiren ynsan eken.
Onuň ady dünýäni aýlanýar, aýlanmagyny dowam edýär.
Bu şeýlede bolmaly. Çünki be
ýik şahsyýetleriň ady, ruhy, dö
reden eserleri ölmezýitmezdir...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.