Älemde medeniýetler biri-birini ýok edýärmi?
Bilşimiz ýaly, adamlar bilesigeliji jandarlar bolany üçin, has dogrusy ewolýusiýamyz şeýle işleýändigi üçin, bilmek isleýäris. Ynsan psihologiýasy bilen, hemme zadyň anyk bolmagyny isleýäris. Ýöne gynansakda, hiç zat anyk däl. Hemme kişi pikir edendir, "bizden başga ýaşaýyş barmy" diýip, bir wagt aklynda aýlan bolmagy mümkin. Bu, hemmämiziň bilmek isleýän meselämiz. Ýöne size gynandyryjy habarym, intek ylmy taýdan biz hijem beýle meselelere jogap tapyp bilmeýäris. Hiç-hilimi diýseňiz, hawwa, hiç-hili. Ýöne bu diýenim, şu wagtky ylym we tehnologiýany öz içine alýar. Şu wagtky ylym, näçe uly ýaly görünse-de, hiç zat. Ýöne bu barada mydama bilimiň ýanynda bolan teoriýalar bar elbetde, we gowy habar, olaryň köpüsi älemiň akyla sygmajak ululygynyň ýanynda "bolup biläýjek" teoriýalar. Biziňem işimiz, şol teoriýalaryň käbirini bilmek.
Başga planetalar barada gaty köp teoriýa bar, başga planeta diýilse, birhili çaga sözi ýaly bolýar, şo sebäpli biz oňa medeniýetler diýeli. Köpüňiz, ýagny bilim bilen arasy gowy bolan kişiler Fermi Paradoksy, Haýwanat bagy gipotezasy ýaly teoriýalara gabat gelendir. Biz şol ençeme teoriýadan käbirlerini belläp geçeli.
Birinji teoriýamyz, medeniýetleriň biri-birini ýok edişi bilen baglanyşykly. Size gaty uzak gelip biler, ýöne bolup biläýjek zat. Bu şeýle: Älemde medeniýetler bar (hatda gaty köpdir), ýöne bu medeniýetler belli bir tehnologik ösüşe eýe bolandygy üçin, älemde syýahat etmek mümkinçiligini tapandyrlar, we olar gitdigiçe güýçlenen tehnologiýalarynyňam kömegi bilen beýleki medeniýetleri ýok edýändirler. Belki bu biziň "näme üçin başga medeniýetler bilen garşylaşmadyk" diýmegimiziň jogaby bolmagam mümkin. Ikinji wersiýasy bolsa, medeniýetler öz-özüni ýok edýändir. Hany eşdensiňiz belki, Marsda ýaşaýyş bardy ýöne olar ösüp, ýadro ýarag ýaly ýaraglar bilen özlerini ýok etdiler diýip. Hatda Jon Branderburg muny biraz üýtgedip, Marsdaky ýaşaýşyň başga medeniýet tarapyndan ýok edilendigini aýdypdy. Belki medeniýetler belli bir ösüşe ýetip, aralaryndaky düşünişmezlikler sebäpli dörän uruş netijesinde, ýok ediji güýçdäki ýaraglar bilen öz-özlerini ýok edýändir. Belkem hemme medeniýetler öz-özüni ýok etmek üçin bir düzgün bilen ýöreýändirler. Ýagny, sagatly bombadyrlar. Bu, älemiň bir kanuny bolmagam mümkin. Ýa-da başga bir medeniýetler älemde gezip, gabat gelen başga medeniýetleri gol astyna alýandyr. Ýagny, basyp alyjy kolonia ýöretýändir. Meselem Dünýä seretsek, hemme jandarlar güýç üçin hereket edýär. Adamlaram güýç tapsa, taryhdan hem belli boluşy ýaly basyp alyp, bir ýerleri çüýredip ýörler. Umuman pelsepe tarapdan seretsek, adamlar ýakyp-ýykmany gowy görýärler.
Ikinji teoriýamyza görä: Medeniýetler näçe güýçlense-de, iň soňunda tebigy weýrançylygyň pidasy bolýandyrlar. Ýagny, filmiň iň soňunda bir asteroidiň, ýa-da kosmos jisminiň Ýere batly degmegi bilen ýaşaýyş ýok bolar. Size biraz gorkunjyrak habarym, şu dünýäde ençeme gezek boldy bu zatlar. Dinozawrlaryň ýok bolşy, beýleki adam görnüşleriniň, Neandertallaryň, H.Rudolfensis, H.Habilis ýaly ynsan görnüşleriniň ýok bolşy muňa subutnama bolup biler. Hatda dünýämiz, ençeme gezek ýok bolmagyň bäri ýanyndan gaýtdy. Älemdäki medeniýetlerem, iň soňunda şeýdip ýitýän bolmagy mümkin. Ýa-da tutuş galaktikany kontrollyk etmek derejesine ýetmänkäler ýok bolýandyrlar. Belki bu şeýle tegelek problemasy ýaly, çäksiz bir zatdyr, ýöne gaýtalanyp durandyr.
Üçünji teoriýamyz: Biz älemde medeniýetlere gabat gelip biljek ýerde ýerleşemzok. Biz belki, älemiň iň ümsüm, öli ýerinde ýaşaýandyrys. Başga medeniýetler gaty köpdir we biri-biri bilen gatnaşyk gurýan bolmaklaram ähtimal, ýöne biz iň çetde bolanymyz sebäpli, obanyň iň çetinde ýaşaýanlardan köp habar alynmaýandygy deý, medeniýetlerden habarly bolup bilýän däldiris. Sebäbi älemimiz gaty uly zat, niresinde ýerleşýändigimiz, ýa-da älem bir beden bolsa, ol bedeniň haýsy organynyň niresindäki öýjükleriniň haýsy atom bölekleridigimiz belli däl.
Bu makalada käbir, meşhur bolmaýan pikirleri beýan etdim. Bu zatlaryň ählisi, ýöne bir pikir. Hiç birem belli däl sebäbi ylmy taýdan bularyň haýsynyň çyndygyna degişli ýekeje-de delil, subutnama ýok.

15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.