Gara deşikler bar, ak deşikler bolup bilermi? Älem ak deşikler bilen döredimi?

Ynsan oglunyň aňy goýaldygyça, pikir etmek, pikir ýöretmek, bir zada düşünmek ýaly ukyplarymyz esasynda köp zatlary bildik, ýöne bilmegiň, öwrenmegiň çägi ýok. Şo sebäpli adamzat, älem-jahan, dünýä bilen baglanşykly pikirleri ýöretdigiçe, has dogrusy, köp zatlary bildigiçe has paradoksal, has problematik netijelere baryp ýetdi.
Kim ýaratdy?
Bu sorag taryhdan häzirki zamana çenli dowam edip gelen, bir meşhur sorag. Ýöne bu sorag, ýönekeý bir sorag däl. Içinde gaty giň manylary göterýär. Bu soraglaryň belli bir tertibi ýok. Şeýle-de belli bir jogaby ýok. Birnäçe jogaby bolan zadyň aslynda jogaby ýokdyr. Ýagny, lukmançylykda bir keseliň ençeme jogaby bolsa, şonuň jogaby ýokdyr, we keseliň çäresi ýokdyr. Şeýlelik bilen bu soraglar ujypsyz soraglar bolmaly. Absolýut zat ýokdyr. Ýöne biziň meselämiz, asyl başga gürrüň.
Gara girdaplar (gara deşik), hemme zady ýuwudyp, ýagtylygy öz içine çekýärler. Dartyş güýjüniň gaty ýokary bolmagy sebäpli hemme zat merkezinde jemlenýär. Bu zatlaryň ählisi, belki bir ýerden soň atylyp çykýandyr. Ýagny gara deşikleriň öz içine ýuwudan ähli jisimleri, başga bir merkezden çykýandyr. Ine, şu ýerde hem ak deşikler peýda bolýar. Ak deşikleriň bardygy näbelli, ýöne ol barada ýaradylyş bilen baglanşykly teoriýalar bar. Bu gysgaça şeýle beýan edilýär: Gara deşikleriň başga bir ýeri bolan ak deşikler hemme zatlary, gara deşikler ýaly ýuwutmaýar, daşyna çykarýar. Şeýlelik bilen ak deşikler bir älem ýaradýar. Ýagny, gara deşikler içine çekýär, ak deşikler bolsa tersine, uly partlama bilen her partlamagynda Big Bang emele gelýär.
Älemimiz ak deşikler bilen döredimi?
Ilki bilen bu zatlary saýgarmak üçin, gara deşikleri bilmeli.
Gara girdaplar (gara deşik) barada az-owlak bir zatlar okan bolmagyňyz ähtimal. Gysgaça aýdamyzda gara deşikler bir ýyldyzyň öz içine çökmegi (ýyldyzyň ölmegi) netijesinde emele gelýär. Meselem Gün ýaly bir ýyldyz wodorod elementini has agyr bolan geliý elementine öwürip töwereklerine ýylylyk ýaýradýarlar. Wagtyň geçmegi bilen ýyldyzyň wodorod ýangyçy azalýar we ýangyç hökmünde içindäki geliý elementini ulanmana başlaýar. Geliý ýandygyça özünden has agyr elementlere öwrülip başlaýar we demire öwrülýänçä şu ýagdaýda dowam edýär. Soňra ýyldyzyň merkezinde gaty köp mukdarda demir elementi birikýär we onuň ýogynlygy şeýle bir artýar welin ýyldyz merkezine tarap öz içine çökmäne başlaýar. Ýyldyz öz içine çöküp hemme zady sorup duran gara deşige öwrülýär. Bir wagtlar töweregine şöhle berip duran ýyldyzymyz indi uly ýogynlyga eýe bolan bir gara deşige öwrülendir.
Nädip özüne çekýär? 
Ýeriň öz massasynyň dartyş güýji bardyr, şo sebäpli adamlary Ýer özüne çekýändir. Meselem bir aýagymyzy ýokaryk galdyryp dursak aýagymyz gitdigiçe ýadar we ýere çekilip ugrar. Sebäbi Ýer özüne çekýändir. Biz muňa Ýeriň dartyş güýji diýýäris. Aslynda massasy bolan hemme jisimler biri-birini çekýärler. Meselem biz bir maşynyň ýanynda dursak maşyn bizi özüne çeker, ýöne maşynyň massasy gaty kiçi bolany üçin bu dartyş güýji iň soňky enjamlar bilenem ölçäp bolmajak derejede kiçidir we duýmagymyz mümkin däldir. Gara deşikler kosmos wagt egriligini şeýle bir bükýär welin, şular ýaly bükülen kosmos töweregini sorup ugraýar. Gara deşikleriň ýanynda wagt ýuwaşlaýar, hatda durýandyr.
Ak deşiklere bolsa girmek mümkin däl, ol zyňmak bilen iş alyp barýar. Şeýle-de biziňem älemimiz giňeýär. Älem 3,26 million ýagtylyk tizliginde sekuntda 74 km giňeýär. Gara deşikler bilen ak deşikleriň arasyny birikdirýän bir çykalga deşiginiň bardygam aýdylýar. Bu bir diňe teoriýa, hatda fizika ylmy bilen analiz edilende hiç bir ylmy maglumat toplamak başartmady. Bu teoriýanyň düýbi Albert Eýnşteýniň otnositellik teoriýasyna daýanýar. Şonda-da köp fizikçiler bu teoriýanyň köp zady üýtgedip biljekdigini, we älemiňem şeýle bir sebäp bilen, tötänleýin dörändigine ynanýarlar. Älemiň tötänleýin dörändigi diňe ak deşikler bilen baglanyşdyrylmaly däl. Bu barada uly ylmy açyşlar, akademiki makalalar bar, we bu maglumatlar ençeme pelsepe ideologiýasynyň gözbaşydyr.
6 лайков 403 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
11 июн 2022, 22:15
Başlangyçsyz zat ýok. Uly partlamadan öň näme bardyka?
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:23
Pegas,
Bu soragam ynsanlyk taryhynyň iň wajyp soragy. Şu wagt islendik ýerde älem we ewolýusiýa bilen baglanşykly, ýa-da islendik pelsepe düşünjesinde şu soraga direýäris. Bu soragyň jogaby açyk aýdamyzda ýok. Hawwa, ýok. Siziň bu diýýäniňiz sebäpler zynjyry bilen baglanşykly, hemme zadyň sebäbi bolmaly. Sebäpsiz zat ýok. Umuman bu barada käbir teoriýalar bar, bularyň biri kosmiki, ýagny gara energiýa bilen baglanşykly. Bu zatlar älemiň başlangyjyndaky kiçijek ody ýakmagyna sebäp bolan bolmagy ahmal. Ikinjisem we iň meşhur ýönekeý düşündiriş bolsa, älemiň sebäbi ýok. Ýagny älem sebäpsiz ýeke-täk zat. Şol sebäpli köp adam, şol sanda deizmiň esasy ynanjy, älem bir taňry, ýagny olar taňry diýenokda bir ýaradyjy diýýärler, bir güýç diýýärler. Soňky düşündirişleriň birem biziň fiziki kanunlarymyz älem we onuň daşyna degişli däl, ýagny ol ýeriň fiziki kanunlary üýtgeşik bolup biler. Älem hiçlikden döredi, sebäbi belki hiçligem bir barlykdyr, bilip bilmeýäris. Umuman bu gaty jedelli, çylşyrymly sorag we mesele. Iň uly mesele. Başardygymça ýönekeý jogap berjek boldum.
Pegas
11 июн 2022, 22:25
Kelläm agyrýar...
Hiayress
11 июн 2022, 22:26
Gara deşik dälde - gara girdap...
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:27
Pegas,
Biziňem, bu zatlar çylşyrymly zat sebäbi.
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:28
Hiayress,
Hawwa, ýöne gara deşik diýmäni gowy görýän, düşnükli bolýar, ýaýyň içinde başda ýazdyma şonuň üçin.
Hiayress
11 июн 2022, 22:32
Keaip_begcon,
Her zadyň öz atlandyrylyşy bar. Umumy atlandyrylyşa uýulsada gowy boljak.
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:33
Hiayress,
Gara deşik diýip, astronomiýa kitabynda-da agzalýar.
Hiayress
11 июн 2022, 22:42
Keaip_begcon,
Kitaphana-den üç sany astranomiýa kitabyny ýükläp alyp gördim, hemmesinde-de gara girdap, "gara deşik" diýip zat ýok. Türkmen wikipediýasy hem gara girdap diýip görkezýär. Sen haýsy astranomiýa kitapda okadyň "gara deşik" diýip?!
Harmony
11 июн 2022, 22:45
Ýazyp duruň öz pikirleriňizi. Okarys. Kelläm agyranok. Çylşyrymly zatlar gyzykly bolýa.
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:47
Hiayress,
Dosdum, senem ujypsyzja zatlar üçin şeýle edýäňmi?! Astronomiýa 10-njy klaslaryň kitabynda gabat gelipdim. Internede gara deşik ýazsaňam gara girdap sözünden köp bolmasa az däldir, makalalar çykýar.
Ötegçi
11 июн 2022, 22:50
Pegas,
Hawkiñ daýydan bir zat çil, Albert daýydan birzat. Akyl satyber onnoñ. Kelläñ agyrysy illere gećip başlamagam ahmal :D
Hiayress
11 июн 2022, 22:51
Keaip_begcon,
Google ýazyp gördim ýekeje "gara deşik" çykdy. Meňki bilen iki borda, soňam ýene biri-ikisi ýazsa diýenimem dogry bolar diýäýme.) Ondan galanam "Göwündäki gara deşik", "Ýürekdäki gara deşik" daže "Gara şehitem" bar eken.
Harmony
11 июн 2022, 22:52
Menem "gara deşik" diýip köp gabat gelipdim.
Maksat
Автор 11 июн 2022, 22:53
Ötegçi,
Men akyl satýarynmy?!
Hiayress
11 июн 2022, 23:06
Granger,
Menem bir sapar kitapçyda-da gabat gelipdim. Ýöne bu göni terjime sebäpli şeýle terjime edilendir diýipdim. Arada biriniň "Belosnežkany", "Akjagarjagaz" diýip terjime edişi ýaly. (Inşalla terjime eden okasy ýokla:))
Ötegçi
11 июн 2022, 23:18
Keaip_begcon, saña yüzlenmedim! Onsañam gep eýesini tapar, dbem bir zat aýdypdyr, ýaşany ýaşamadygy belli bolmadyk, mazaram bolmadyk kimdir biri!
Maksat
Автор 11 июн 2022, 23:20
Ötegçi,
Düşündim.
Harmony
11 июн 2022, 23:20
Hiayress
Granger,
Menem bir sapar kitapçyda-da gabat gelipdim. Ýöne bu göni terjime sebäpli şeýle terjime edilendir diýipdim. Arada biriniň "Belosnežkany", "Akjagarjagaz" diýip terjime edişi ýaly. (Inşalla terjime eden okasy ýokla:))

Düşündim :)
Megerem, Sneguroçka bilen Belosnežkany atdaş edesi gelen däldir :)
Harmony
11 июн 2022, 23:26
Hiayress
Granger,
Menem bir sapar kitapçyda-da gabat gelipdim. Ýöne bu göni terjime sebäpli şeýle terjime edilendir diýipdim. Arada biriniň "Belosnežkany", "Akjagarjagaz" diýip terjime edişi ýaly. (Inşalla terjime eden okasy ýokla:))

Şo saýt açylmasa gynanjak.
Ötegçi
11 июн 2022, 23:33
Granger,
Durşuna orsyçamydyr, türkiçemi zatlardan dolupdyr soñky dowur-ä şo sayt. Aýda bir goz aýlap gaydaymam bar.
Hiayress
11 июн 2022, 23:33
Granger,
Açylar... Ýöne belli bir saý-sebäplere görä ýapylandyr.))
Hiayress
11 июн 2022, 23:34
Sapa habar tutjak diýipdi welin habar ýokmuka?!
ajy
11 июн 2022, 23:47
Ýer tekiz bolsa, näme ücin aý togalak bolup görünýä bize? Khanture...
ajy
11 июн 2022, 23:48
ýa aý talerke ýalymyka ýalpajyk
matematik
12 июн 2022, 02:17
Soňra ýyldyzyň merkezinde gaty köp mukdarda demir elementi birikýär we onuň ýogynlygy şeýle bir artýar weli
Ýogynlygy dälde dykyzlygy bolmaly
Öwreniji
12 июн 2022, 08:25
Bu dunyade yitip yok bolyan zat yok, ahli zat dine oz durkuny uytgedyar. Gara girdabap, menin pikirimce cykalga bolmagy mumkin, bu bir caklama
Soho
12 июн 2022, 12:24
"sotnya" teleserialyny gordunizmi, astronomiya gaty gowy dushunemson, men:a dushunip bilmedim sonky sezondaky bolyan zatlara