Dünýäniň iň reňkli 30 ýeri

Reňkleri halaýaňmy – gözýetimiň sary, gülgüne, gök hemem gyzyldan doly bolup durmagyny? Onda bu reňkli ýerlerden lezzet almaga taýýar bol.
30. Dallol, Efiopiýa
Ýerýüzündäki iň yssy ýerleriň biri bolsa-da bu ýer reňklerden doly. Sary kislotaly howuzlar, emele gelen gülgüne reňkli gaýalar hem-de terje ýaşyl otlar. Ýöne üns berilmeli zat, howanyň yssylygy sebäpli bu ýere gid (tur rehberi) bilen gitseňiz gowy bolar. Wagtyňyzy gowy geçireniňizde howply bolmaz ýaly.

29. Natron köli, Tanzaniýa
Örän gyzyl we juda gidrosidli başdan geçirmä taýýarmy? Natron köli size edil şony hödürlär. Bu 48 gradusdan hem ýokary bolan çuňňur gyzyl, duzly bir köl. Ýöne bärde görmäge iň gowy zat kenardaky gülgüne flamingolardyr.

28. Neal’s Yard, London
Seýilgähler saňa içgysgynçmy? Londondaky bu kiçi seýilgäh seniň pikriňi üýtgeder. Bu ýer janly panjurlar we reňkli kerpiçden jaýlar bilen bezelen. Bärde siz maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen bile surata düşüp bolanyňyzdan soň tagamly naharlary iýip bilersiňiz. Bäri Londonyň iň owadan köçesi diýip ýöne ýerden diýlenok.

27. Sighişoara, Ruminiýa
Ruminiýanyň bu şäherine gezelenje gideniňizde dürli reňkleri görersiňiz. Bu ýerde sara, gülgünä hem ýaşyla boýalan binalar bar. Bu şäheriň köçelerinde aýlananyňyzda ýatdan çykmajak pursatlar bolar.

26. Huskar, Ispaniýa
Smurfleri halaýaňyzmy? Hawa, Smurfler, gök obada ýaşaýan kiçijik gök adamlar. Huskar hem Smurfleriň obasyna meňzeýär. Bu obadaky hemme bina gök reňkde, jaýlar, ofislar hem ybadathanalar.

25. Old San Juan, Puerto Riko
Puerto Rikanyň bu şäheri romantik, baýramçylyk atmosferasy hemem ajaýyp naharlary bilen turistlary özüne çekýär. Bu ýeri gitseňiz reňkli binalara we asylgy reňkli saýawanlara seretmekden lezzet alyp bilersiňiz.

24. Little India, Singapur
Ybadathanalary “reňkli” sözi bilen baglanyşdyrypmydyňyz? Kameraňyzy taýýar ediň, sebäbi Singapurdaky Little India dünýä derejesindäki tagamlary we söwda nokatlary bilen bilelikde reňkli we juda owadan ybadathanalary bilen sizi haýran galdyrar.

23. Grand Central Terminal, New Ýork
Grand Central Terminal 2.500-den gowrak owadan şekillendirilen ajaýyp astronomiki potologa eýeçilik edýär. Iň gowy tarapy hem New Ýorkdaky beýleki görülmeli ýerleriň, Empaýr Steýt binasy, Taýms meýdany, Braýant seýilgähi we birnäçe beýlekileriň ýakynynda ýerleşýänligidir.

22. Tokýo, Ýaponiýa
Haýran galdyryjy yşyklar we neondan belgiler, Tokýoda görlüp bilinjek birnäçe zatlaryň biri. Bu ýerde siz ýaponlaryň üýtgeşik durmuşyna haýran galarsyňyz, şol bir wagtda hem reňkli şäher yşyklaryndan lezzet alarsyňyz. Kapsulalarda uklamak, 10 dollarlyk iň gowy restoranlarda iýip-içmek hem-de ýarygijeden soň sport ýaryşlaryna tomaşa etmek arkaly wagtyňyzy hoş geçiriň!

21. Zalipie, Polşa
Polşanyň bu obasynda ullakan hem kiçi gülleri görmek bolýar. Nesilden nesile geçip gelen däpleriň netijesinde jaýlarda we agaçlarda çekilen gülüň suratlaryna herkim haýran. Hemem şol däp-dessur sebäpli bu oba Ýewropadaky iň owadan obalaryň biri hasaplanylýar.

20. Oia, Santorini adasy, Gresiýa
Reňkli dükanlar, restoranlar we kafelar Oianyň köçelerinde düzülen. Gök gümmezler, gyzyl panjurlar we gülgüne diwarlar bilen Santorini hemme kişini özüne söýdürjek bir ada. Bu ýerde siz sosial mediada paýlaşmak üçin owadan suratlara düşüp bilersiňiz.

19. Willemstad, Kurasao
Willemstad UNESKO-nyň sanawyna girizilen we bu owadan reňkli ýerde iň owadan nemes koloniýalarnyň stilinde gurlan binalar bar. Bu ýerde köp sanly dükanlar, galareýalar, buthanalar, otellar we restoranlar bar. Iň gowy tarapy hem nämedir diýýäňiz? Eger ýüzmek islegiňiz bolsa ajaýyp plýažlar bar.

18. Bo Kaap, Keýptaun
Bo Kaap, öň Malaý kwartaly diýip bilinýän ýer diňe daşyndan janly bolmagy bilen çäklenmän onuň taryhy hem reňkli. Ozal gullara ýaşamaga berlen ýer bolup, bu ýer gullaryň erkinligini aňladýar. Gullar ak öýleri erkinlikleriniň nyşany hökmünde dürli reňklere boýapdyrlar. Şol reňkli jaýlar sebäpli hem bu ýer Keýptaunda iň köp surata düşürilýän ýerleriň biri.

17. Keramatly Bazil sobory, Moskwa, Russiýa
Russiýadaky iň tanymal bina. Bu sobor hakykatdanam dürli reňkli gümmezleri bilen özüne haýran edýär. Parižiň Eýfeli ýaly bu sobor hem ýurduň janly taryhyny aňladýar.

16. Izamal, Meksika
Gök reňkli obany haladyňyzmy? Indi bolsa gezek sary şäherde. Izamaldaky hemme bina gorçisanyň reňkindäki sara boýalan. Mundan başga-da siz Maýa harabaçylyklarynyň taryhy ýadygärliklerini görüp bilersiňiz.

15. Luosi Fild, Luoping, Hytaý
Indi bolsa sary binaly şäherden sary gülli meýdana geldik. Fewral-Mart aralygynda bu ýer sary güllerden dolýar. Bu ýere ýetmek üçin köpräk energiýa sarp etmeli bolýar, ýöne hakykatdanam göreniňe degýär.

14. Chiang Mai, Taýland
Uçýan çyralaryň jadyly görnüşine şaýatlyk edesiň gelýärmi? Ýylda bir gezek Taýlandyň bu şäherinde beýle zady görmek bolýar. Ol çyndanam garaşanyňa degjek ajaýyp bir görnüş. Üstli-üstüne-de reňkli daglar, ybadathanalar hemem depeler, ýatdan çykmajak tejribe!

13. Prowans, Fransiýa
Gyrmyzy reňk we lawantanyň jana ýakymly ysy Fransiýada görlüp biljek iň gowy zatlaryň biri. Daşdan binalar hem otly depeler bilen birlikde bu güllerden lezzet almak örän ajaýyp. Fransiýanyň bu tarapynda tagamly naharlardan hem lezzet alyp bilersiňiz.

12. Şefşaouen, Marokko
Gözýetimdäki her bir binanyň asmanyň reňkine boýalan bu şäher Marokkoda ýerleşýär. Binalary reňkine boýamak ýewreýler tarapyndan başladylypdyr. Bu sebäpden bu şähere Gök Perl (жемчуг) ady berilýär.

11. Great Barrier Reef, Awstraliýa
Reňkli merjenleri, balyklary we ösümlikleri bilen Awstraliýadaky Great Barrier Reef 2.300km uzalyp gidýär. Bärde siz owadan gök suwa çümmekden lezzet alyp bilersiňiz.

10. Grand Prizmatik Spring, Waýomiň, Amerika
Ýellouston National Parkda ýerleşýän bu gyzgyn çeşme dünýäniň iň uly 3-nji gyzgyn çeşmesidir, Amerikada bolsa birinji. Munuň aýratynlygy çeşmäniň dürli reňklerde bolmasydyr, gyzyl, sary, ýaşyl, gök. Köli ýakyndan görmek üçin ýöräp ýa-da depäniň üstüne çykyp bilersiňiz.

9. Neon Bonýard, Las Wegas, Amerika
Neon Bonýard Las Wegasda ýerleşýän neon yşykly skwalka. Skwalka bolsa-da bärsi iň reňkli skwalka. Bu ýer şäherdäki iň esasy neonlara eýeçilik edýär.

8. Caño Cristales köli, Kolumbiýa
“5 reňkiň köli” diýlip tanalýan bu kölde janly gyzyl reňk, sary gum, ýaşyl suw otlary we gara gaýalary görmek bolýar. Iň janly, reňkli wagty bolsa iýundan dekabra çenli.

7. Hillier köli, Awstraliýa
Köpürjik reňkli köl görüpdiňizmi? Awstraliýanyň günbatarynda ýerleşýän bu kölde mikro-suwotylaryň bir görnüşi bolan organizmalardan emele gelýän gülgüne fuksiýa bar. Köl dykyz agaçlar bilen gurşalan, şonuň üçin bu ýeri görmegiň iň gowy ýoly dikuçar bilen.

6. Klikuk “menekli” köl, Kanada
Minerallar, kalsiý, natriý sulfatlar we magniý sulfatlarynyň “menekleri” başga bir planetadan ýaly görünýän üýtgeşik nagyşlary emele getirýär.

5. Bäş gül köli, Jiuzhaigou jülgesi, Hytaý
Hytaýyň Syçuan welaýatynyň Jiuzhaigou jülgesinde ýerleşýän bu kölde gök, ýaşyl, sary we gyzyl reňkleri bar. Reňkleriň garyşymy kölde döwülen aýna effekti döredýär. Bu owadan ýere awtobus bilen baryp bilersiňiz.

4. Älemgoşar obasy, Taýwan
Ozal harby ýaşaýyş meýdany bolan bu oba tutuşlugyna çekilen suratlardan doly. Ilkibaşda bu suratlar obanyň ýykylmazlygy üçin döredilipdir. Häzirki wagtda bolsa bu ýer dünýäniň iň reňkli ýerleriniň biri.

3. Northern Lights, Norwegiýa
Asmanyň jadysyna Norwegiýada tomaşa edip görüň. Bu ýerde siz Arktik asmanyna tarap süýşýän ýagty reňkleri görüp bilersiňiz. Bu ajaýyp ýeri Sentýabryň soňlaryndan martyň soňlaryna çenli görüp bolýar. Deňi-taýy bolmadyk bu ýeri hökman tejribe edip görüň.

2. Retba köli, Senegal
Gülgüne seniň halaýan reňkiňmi? Eger şeýle bolsa bu ýer tüýs saňa görä. Atlantik okeanynyň ýanynda ýerleşýän bu surreal kölüň merjen gülgüne reňki aktiw mikroorganizmadan emele gelýär. Iýul bilen oktýabr aralygy bu ýer hasam janly bolýar.

1.Zhangye Danxia Landform Geologigiki parky, Hytaý
Bu ýer bolsa dünýäniň iň reňkli ýeri. Bu ýeriň iň esasy aýratynlyklarynyň biri bu ýeriň emeli däldigidir. Reňkliligi çägeli daşlardan we minerallardan emele gelýär. Älemgoşary dagyň üstünde görmek ýaly. Şol sebäpden hem bärsi 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizildi.
0 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.