Özüňi tanaryn diýseňiz #11

«Nesil» gazeti 10.06.2018ý.
№72 (3941)
GÜLLERIŇ DÜNÝÄSI

Güller nähili manylary berýärler? Ýakynlaryňyza nähili reňkli gülleri sowgat bermeli? Nähili reňkli gülüň üsti bilen söýgüňi beýan edip bolýar? Söýýän gyzyňa gyzyl gülden başga nähili reňkli güli sowgat edip bolar? Nähili reňkli gül gabanjaňlygy aňladýar?
Käbir güller söýgüni aňladýan bolsa, käbiri kinäni, gynanjy aňladýar. Käbir güller wepalylygy we päkligi aňladýan bolsa, käbiri aýralygy beýan edýär.
Güller zenanlar üçin hemme döwürleriň iň owadan sowgadydyr. Eger zenanlarda täsir galdyrmagyň, sögüňi iň ajaýyp şekilde suratlandyrmagyň esasy ýollaryny gözleýän bolsaňyz, gülleriň geň galdyryjy güýjüne daýanmaly bolarsyňyz! Çünki gülleriň hem özboluşly dili we aňladýan manylary bar. Ýakynlaryňyza ýa-da söýýän gyzyňyza bolan ajaýyp sögüňizi, mähriňizi, begenjiňizi gynanjyňyzy we ötünjiňizi iň ajaýyp gülleriň üsti bilen beýan edip bilersiňiz!
Ak reňkli güller. Ak reňk tämizligiň, päkligiň reňkidir. Güller ynsana bagyş edilen iň ajaýyp duýgularyň biri bolan söýgüni beýan etmek üçin ulanylýar. Ak gül hyjuwdan doly söýgüni, päkligi beýän edýär. Ak gül sowgat alýan ynsan päk ýürekli, ajaýyp duýgularyň eýesidiginden habar berýär. Şol bir wagtyň özünde ak gül nika toýlarynda hem giňden ulanylýar.
Gülgüne reňkli güller. Eger öz duýgularyňyza ynamly bolsaňyz, onda ilki bilen söýýän gyzyňyzyň size bolan garaýşyny bilmeli bolar. Şonuň üçin hem «Seni halaýaryn!» diýip duýdurmak isleýän bolsaňyz, onda oňa gülgüne reňkli güli sowgat ediň. Sebäbi gülgüne reňkli gül «Seni halaýaryn!», «Seni örän gowy görýärin!» diýen manyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde gülgüne reňkli gülleriň minnetdarlyk, haýran galmak manylary hem bardyr.
Gök reňkli güller. Söwer ýaryňyzy dünýäde deňi-taýy bolmadyk ynsan, kalbymyzyň eýesi hasaplaýan bolsaňyz, onda söýýän gyzyňyza gök reňkli güli sowgat ediň. Şonda onuň siziň üçin nähili gadyrdandygyny habar berersiňiz. Eger söýýän gyzyňyzyň doglan gününe sowgat taýýarlaýan bolsaňyz, onda oňa gök reňkli güli sowgat ediň!
Mämişi reňkli güller. Gyzyl, gök, ak, gülgüne güller ýali mämişi reňkli güller hem özboluşly manyny aňladýar. Mämişi reňkli gül geň galdyryjy gözelligiň alamatydyr. Şeýle hem söýýän gyzyňyza bolan haýran galyjy duýgyňyzy aňladýar. Aşyk bolan her bir ynsan özüniň söýýän ýarynyň haýrany dälmi näme?
Sary reňkli güller. Söýýän gyzyňyzy örän gabanýan bolsaňyz we gabanjaňlygyňyzy oňa duýdurmak isleýän bolsaňyz, onda sary güllerden çemen bogmaly bolarsyňyz.
Taýýarlan Gözel BAZARBAÝEWA,
talyp.
5 лайков 107 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.