Zenanlar we güller

ZENANLAR WE GÜLLER

Güller tebigatyň ajaýyp sowgatlarynyň biridir. Güller özüniň näzikligi weowadanlygy bilen her bir ynsana uly täsir edýär, her birimiziň göwnümizi göterýär. Mähriban zenanlaryň gözelliginiň güllere deňelmeginiň-de öz sebäpleri bar. Ony ýörite delillendirip, düşündirip durmagyň zerurlygy ýokdur.Ýöne geliň: «Zenanlar näme üçin gülleriň sowgat berilmegini halaýarlar?» diýen sowala jogap gözläliň.


Psihologlar bu barada näme diýýärler?
Tanymal psihologlar başga bir zatdan gül sowgat berlende zenanlaryň ýüzlerinde ýylgyryşyň iki
esse köp peýda bolýandygyny belleýärler. Bu bolsa zenanlaryň gülleri söýýändigini we gül sowgat alanlarynda örän şatlanýandyklaryny aňladýar. Sowgat berlen gül dessesi, penjiräniň alnynda okarajykda ýetişdirilen otag güli ýa-da baglardaky güller ähli adamlara ajaýyp duýgulary peşgeş edýär.
Gülleriň ynsan durmuşyna hem-de saglygyna, inçe duýgularyna ýetirýän oňyn täsiri biziň pikir edişimizden has ýokarydyr. Gadymy döwürlerde adamlary gülleriň täsiri bilen bejeripdirler.
Güller saglyga örän oňaýly täsirini ýetirýär. Göwnüňi şatlyga hem-de hoşamaý arzuw-oýlara besleýär. Haçan-da, gül sowgat berlende ynsan bedeninde «bagt» gormonynyň derejesi artýar. Şol sebäpli psihologlar özüňiz üçin gadyr-gymmatly zenanlara wagtal-wagtal gül çemenini sowgat bermegi maslahat berýärler.
Elbetde, käbirlerinde dürli ösümlikleriň bolşy ýaly, güller hem allergiýa berýär. Şol sebäpli-de gül sowgat almagy halamaýanlaryň bolup biljekdigi aýdyňdyr. Olara süýjüden ýasalan gül şekilli çemeni sowgat bermek ýeterlikdir. Hawa, zenanlaryň köp bölegi 8-nji mart baýramçylygyna, doglan gününe, beýleki şatlykly pursatlarda, esasy, gül çemenini sowgat almagy gowy görýärler.
— Gözellik näme? — diýen düşünjä her kimiň öz garaýşy bar. Emma onuň her birimiziň durmuşymyzy ýagty hem nurana, many-mazmunly edýändigi mälimdir. Güller gözellige örän baýdyr. Şol sebäpli zenanlar özleri ýaly gözellige baý gülleri halaýarlar.

Gülüň ýakymly ysy
Gülleriň hoşamaý ysy diňe bir göwnümize hoş ýakman, eýsem, beden saglygymyza-da peýdalydyr. Lukmançylykda gülleriň bu ýakymly täsirini öwrenýän ýörite ugur bar. Güllerden bölünip çykýan fitonsidler howany kesel dörediji bakteriýalardan tämizleýär, käbir yslar bolsa aýry-aýry beden agzalaryna hem-de tutuş beden üçin ýaramlydyr.
Mysal üçin:
• çopantelpegiň ysy nerw ulgamyna oňyn täsirini ýetirýär, rahatlandyrýar, ukusyzlyga garşy
göreşmekde peýdaly, gan basyşyny kadalaşdyrýar;
• bägülüň ysy baş aýlanmada, kellagyryda peýdaly.

Gülleriň reňkiniň täsiri
Gülleriň reňkiniň-de özboluşly täsirleri bardyr. Gyzyl gül çemeni güýçli energiýa eýedir. Ol gormonlaryň mukdarynyň artmagyna täsir edip, bedeniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Sary güller immuniteti güýçlendirýär, psihologiki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär, kalbymyzda hoşniýetliligi oýarýar. Ak güller bedeni we paýhasy berkidýär, mawy güller kalba tämizlik çaýýar, gaharjaňlygy ýazýar, ýaşyl reňkliler nerwleri rahatlandyrýar.

Otag gülleriniň täsiri
Otag gülleri öýüň howasyny gowulandyrýar. Birnäçe ösümlikleriň ynsan saglygy üçin melhemdigi mälimdir. Öýüň içine gözellik paýlaýan güllerdir dürli ösümlikler sowuklamada, gan aýlanyşyny gowulandyrmakda, nerw ulgamyny rahatlandyrmakda we beýleki ýagdaýlarda diýseň ýaramlydyr. Mysal üçin otagda ýetişdirilen limon bagjagazy beýniniň gan aýlanyşyny gowulandyrýar.

Dürli medeniýetlerde
Gadymy döwürlerden bäri dürli medeniýetlerde ösümliklere uly ähmiýet berlipdir. Ösümlik dünýäsiniň tebigy güýjüniň ynsan durmuşyna täsiriniň ýokarydygyna ynanypdyrlar. Adamlar bir-birine söýgüsini, hormat-sarpasyny ýüze çykarmak, saglyk we bagt arzuw etmek, hat-da duşuşykdan ýüz öwürmegi, arany üzmegi aňlatmak üçin gül çemenini beripdirler. Berlen sowgatlardan many çykarmaga synanyşmak häzirki döwrüň zenanlaryna-da mahsusdyr. Olar üçin «Gülli habaryň» sebäbi örän gyzykly.

Öz-özüňi ykrar etmek
Zenanyň elindäki gül çemeni onuň söýgi-hormat bilen gurşalandygyny aňladýar. Köp gelin-gyzlara özüniň söýülýändigini, arzylanýandygyny bilmegi gerek. Şol sebäpli göwünlerini has-da ganatlandyrmak isleseňiz, olara gül sowgat beriň.

Gözellik
Güllerden düzülen kompozisiýa tebigy gözellik hökmünde özboluşly lezzet eçilýär. Kimdir biri ýapraklarynyň näzikliginde, kimdir biri sowgadyň umumy görnüşinde ajaýyp gözelligi duýýar, gül çemenine biparh garap bilýän adam ýok.

Hoşniýetli arzuw-hyýallar
Medeniýet we söwda ulgamy gülleri romantikanyň aýrylmaz bir bölegine öwürdi. Edebiýatda, kinoda, aýdymlarda erkek kişiler dürli pursatlarda zenanlara ajaýyp gül desselerini sowgat berýärler. Hoşniýetli arzuw-hyýallar we bimöçber gadyr-gymmat goýmak bilen ýüzlenilmegi, olar üçin has ýakymlydyr.

Gadymy däpler
Irki döwürlerden bäri erkek kişiler maşgalanyň, öý- hojalygyň abatlygy, rysgal-berekedi üçin yhlasyny gaýgyrmandyrlar. Ýyllarboýy bu hakykat zenanlaryň aňyna siňip gidipdir. Haçan-da, zenanlara gül dessesi sowgat berlende, olar bu hadysany özleri hakynda yhlasly aladanyň nyşany hökmünde kabul edýärler.

Garaşylmadyk sowgat
Garaşylmadyk ýakymly waka elmydama şatlyk döredýär. Eger-de ýöne bir begendirmek üçin iş ýerine gül dessesini eltip bermegi sargyt etseňiz ýa-da öýe gelýärkäňiz owadan bir çemen satyn alyp öz mähribanyňyza gowşursaňyz, ilkibada, bu ýagdaý ony gep-gürrüňsiz haýran galdyrar we onuň tolgunan kalbynda ajaýyp duýgulary oýarar.
Ynha, bahar pasly gelip ýetdi. Tebigat al-elwan güllere beslendi. Bahar ýaly owadan, güller ýaly näzik hem-de nurana enelerimize, mamalarymyza, mähribanlarymyza, uýalarymyza, gyzlarymyza gül desselerini sowgat bermäge sebäp diýseň köp. Haýsy pursat bilen bagly bolanda-da, olary gül çemeniniň diýseň şatlandyrjakdygy aýdyňdyr!

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Annamyrat AKYÝEW.
4 лайков 184 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
25 июн 2022, 09:45
Zenanlar hany aydyñ gülmi ya pul?
Harmony
25 июн 2022, 11:36
Gül, sýurpriz, sowgat we ş.m. halamok. Romantika nerwä düşýä. Jigim çaga öýi her dürli edýä doglan günde weli, käşgä etmese we nämä gerek...
"Göwnüm üçin bir ýylgyraýow" diýip ýörýä soň. :))
Hiayress
Автор 25 июн 2022, 14:24
Granger,
Aşa romantikany menem halamok, ýöne käwagt, seýrek bolsa-da ýürek romantikanam küýseýär. :)