"GULA GULLUK EDENLERIÑ ÝÜZÜNE KÖZ DEGSIN!"


Komediýanyñ ussady, beýik sungat işgäri Lewent Kyrjany alty ýyl öñ, 2015-nji ýylyñ 12-nji oktýabrynda ýitiripdik.
Altmyş bäş ýaşynda ölen hormata mynasyp artistimiziñ düýn altynjy ýylydy...
Dost-ýarlary jem bolup, ony hormat bilen ýat etdik. Ömrüniñ iñ döredijilikli çagynda ýolugan erbet keseli zerarly aramyzdan giden ussadyñ ölmezden öñ geçirilen bir baýrak gowşuryş agşamynda respublikanyñ bolmadyk ýerinde sungatyñam bolup bilmejegini aýdypdy.
Lewent Kyrjanyñ "jemgyýete sapak" mysalynda bolan bir çykyşyny dykgatyñyza ýetirmek isleýärin:

"Respublikanyñ ýok ýerinde sungatam bolmaz, kino-da... Onsoñam, siz züwwetdinleriñ sungat bilen ne işi? Sungat siziñ piñiñizemi?
Jenaplar, şu gün batyrgaý bolma, mert bolma, ýigit bolma günüdür!
Geliñ, agzybir bolalyñ, gün şu gündür!
Mertebe, ar-namys, buýsanç, şahsyýet, dogruçyllyk, gaýrat… Bular diñe haýwanlarda bolanok!
Meselem, sygyr mertebä düşünýärmi beri...
Öküz namysly bolanda näme üýtgeýär?
Heý at-abraýly düýe bar diýip eşitdiñizmi?
It şahsyýetli bolup bilýärmi?
Sözlüge seretseg-ä, bu artykmaçlyklaryñ diñe adamlarda bolup biljekdigi aýdylýar. Hamana adam bolmagyñ şerti ýaly...
Sizde artykmaçlyklar bolsa, çagalaryñyza näme öwredip bilersiñiz? Näme guýjak olaryñ añyna? Pul gazan, adamlary ez-horla, jadyla, soñam "akylly bol" diýjek bolýarsyñyzmy?
Haýp! Ýüzüñize köz degsin! Gula gulluk edenleriñ ýüzüne köz degsin!"

• "Goýun kimin sen, gardaşym"

Düýn aramyzdan gideniniñ altynjy ýylyny belläp, hormat bilen ýat eden beýik senetkärimiz Lewent Kyrjanyñ ölmeziniñ öñ ýany "Gula gulluk edenleriñ ýüzüne köz degsin" diýen sözleri beýik şahyrymyz Nazym Hikmetiñ (1902-1963) meşhur şygryny ýatlatdy:
Şahyryñ ýetmiş ýyl öñ ulanan sözleri ýetmiş ýyl soñam, şu gün üçinem ders mysalydyr:

Içýan ýaly sen, gardaşym,
gorkak bir tümlük içindäki içýan ýaly.
Serçe ýaly sen, gardaşym,
aljyraňňy serçe kimin.
Midiýa ýaly sen, gardaşym,
ýapyk gapak içinde, rahat.
Sönen wulkan agzy kimin elhenç sen, gardaşym.
Bir däl,
bäş däl,
ýüz millionlaryň birisi sen, eýwah…
Goýun kimin sen, gardaşym,
egni possunly gassap galgadanda taýagyn
derrew goşulyp gidýäň sürä
hem ylgaýaň buýsanç bile, damak çalynjak ýere.
Dünýäniň iň geň ýaradylany sen,
boluşyň geň, derýa içre ýaşap,
derýadan bihabar balykdan beter.
Şeýle-de bu dünýäde, bu zulum
seniň saýaňda.
Aç-suwsuz, ýadaw we gyrmyzy gan içinde bolsak eger
hem henizem bu şerap üçin, üzüm deý ezilýän bolsak
günä sende diýmäge dilimem baranok, emma
günäniň köpüsi sende, eziz gardaşym!*

• HENEK

Gorkynyñ peýdasy barmy?
Soñky ýyllarda ýurdumyzda uludan-kiçi hemmeler nämeden bir zatdan gorkup durar ýaly ýagdaýa geldi.
Demokratik we hukuk döwletinde ýerliksiz gorky-ünjilere ýer bolmaly däl, emma bizde bu zat artygy bilen bar, gynansak-da...
Gorky näme? Gorkynyñ soñy barmy? Peýdasy barmy ýa zyýany?
Bir hindi tymsalynda şeýle diýilýär:
Pişikden gorkup ýaşaýan bir syçan bar eken. Jadygöýiñ biri bu syçanjyga nebsi agyryp, ony pişige öwrüpdir.
Syçan pişige öwrülenine begenip oturmaly halyna indi itden gorkmaga başlapdyr.
Jadygöý bu gezek ony gaplaña öwrüpdir. Gaplaña öwrülen syçanjyk begenmeli halyna indi awçydan gorkup başlapdyr.
Jadygöý seredip görýär: näme etse peýdasy ýok - syçan özündäki gorkyny ýeñip bilenok. Şonuñ üçin ol syçany öñki keşbine dolap getirip, şeýle diýipdir:
- Sen züwwetdin gorkak ekeniñ. Sende diñe syçanyñ ýüregi bar! Şonuñ üçin saña kömek edenimiñ haýry ýok! Sen syçandan başga zat bolubilmersiñ!

• GÜNÜÑ SÖZI

Durmuşda belli bir maksadyñyz bolmasa anyk netije gazanyp bilme ähtimallygyñyz asla bolup bilmez!

Rahmi TURAN.

__________________________________
*Goşgynyñ terjimesi @Mango.

Çeşme: site
3 лайков 132 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 май 2022, 22:58
Adam hökmany birine gulluk etýär: ýa gula, ýa-da ideýa. Ygtybarlysy ygtybarly ideýa gulluk etmeklik, ýöne köne ideýalar öz möwrütini ötürdi, täze ideýalaram tasa gelip ýetişenoklar.