ŞATLANMAK BAÝRAM GÜNÜNDE-DE BIZE ÝAT!
Şu gün mübärek Remezan baýramynyñ birinji güni... Baýram gününde şatlanmaly, ýüzler gülmeli, begenmeli.
Eýsem şatlanýarysmy, begenýärismi?
Ýok! Şatlanmak, begenmek diýen zat bize ýat!
Adamlaryñ boýny bükük, jübüsi boş, gapjygynda it uwlaýar!
Köp kişi "Baýram bolanda bize näme, ýüregimize gan damýar!" diýýär...
* * *
Ýurdumyzyñ adamlaryna näme boldy? Nämüçin olar özlerini şular ýaly derejede betbagt duýýarlar?
Nämüçin toparlara bölündik, ownadyk?
Nämüçin adamkärçilikden binesip galanlar ýaly biri-birimiz bilen gyrlyşýarys?
Aýal-gyzlara garşy edilýän jenaýatlar näme sebäpli azalanok?
Aýal-gyzlara garşy edilýän zorluk-sütemiñ öñüni almagy maksat edinýän Halkara Stambul şertnamasy näme sebäpli goýbolsun edildi?
Negözel däp-dessurlarymyza, ýörelgelerimize näme boldy?
Ynançlarymyz gowşap, ähli ajaýyplyklar unduldymy ýa?
* * *
Pul üçin, wezipe üçin ar-namysyny we mertebesini aýak astyna alanlar köpeldi.
Her dürli peslige gujagyny gerenler jemgyýeti Allanyñ adyny öñe tutup aldamagy "girdeji çeşmesine" öwürdiler.
Döwrebaplykdan daşlaşdyk! Adamlaryñ çekýän gaýgy-hasratlaryna biparhlaşdyk.
Bize bu ýurdy peşgeş etmek üçin ganlaryny döken Atatürk we onuñ egindeşleri şu günleri görseler dagy näme diýerlerdi?
Iñlis ýazyjysy George Orwell şu sözleri göýä şu günüñ Türkiýesi üçin aýdan ýaly:
"Hemmeler deñ ýaradylypdyr, emma käbirleri has deñ!"
Hawa, ýurdumyzda şugünki gün hemme adamlar deñ, emma köşgüñ adamlary has beter deñ!
* * *
“Alla hak we adalat bilen edara edenleri söýýär” (Kurany Kerimiñ "Nisa" süresiniñ 135-nji aýaty)
Ähli döwlet ýolbaşçylarynyñ bu sözi unutmazlygy gerek.
Köşkäjiler bäş-üç manat hak-heşdek alýanam bolsalar, biziñ hiç kimiñ pulunda gözümiz ýogam welin, şonda-da...
Bahalaryñ keýigiñ şahyna çykandygy sebäpli horlanýan pensionerleriñ we ähli pes aýlyklylaryñ göz öñüne tutulmagyny, olara maddy zulum edilmezligini isleýäris.
Şu gün mübärek Remezan baýramy... Bar bolan ähli kynçylyklara garamazdan "Allatagala dogrularyñ ýardamçysydyr, hemmäñiziñ baýramyñyz gutly bolsun" diýýäris.
• Teleýaýlymlardaky nahar mahabatlary!
Orduly şahyr Ali Öztürk teleýaýlymlarda adamlaryñ işdäsini ymsyndyrýan iýme-içme mahabatlaryny şu setirler bilen ýazgarýar:
Mahabatda şöhlatlar gyzardylýar nar ýaly,
Pikir edýäñ mugtdyr, näme gapsañ kär ýaly.
Sa:çda duran şöhlata çakylýar üç ýumurtga
"Noş bolsun" diýişip, uly iliñ ortasynda!
Mümkin bolsa, eger-de, ýaýratjaklar her gezek
Ys-tagamyn şöhlatyñ şekili bilen her ýere.
Mahabatda görülen gowrulanja şöhlaty,
Düýşünde iýýär diñe garyplaryñ çagasy.
Ortagürp ýaşaýanam nädip alsam diýip dur,
Mahabata seredip ýöne gury tamşanýar...
Öwende şöhlatlaryñ lezzetini, tagamyn,
Pikir ediñ, garyp külbede aş saýlaýan zenany.
Adamsy nädip alsyn? Hiç kim etmez mürähet,
Beýler, günädir günä, etmäñ beýle mahabat!
• HENEK: Eneleriñ çilesi!
Nasreddin Ependiniñ iki sany kämillik ýaşyna ýeten ogly bar eken... Ol ilki uly oglunyñ ýanyna baryp, hal-ahwal soraşypdyr. Ogly aýdypdyr:
- Töwekgelçilik edip, bar pulumy kerpije goýdum, kaka. Guýan kerpiçlerimi günüñ aşagynda guradýaryn. Emma guramanka ýagyş ýagaýsa, waý ejemiñ gününe! Göni batýan!
Ependi ikinji oglunyñ ýanyna gidipdir:
- Işler neneñ, oglum?
Ogly:
- Töwekgellik edip, bolanja puluma bugdaý alyp ekdim. Emma ýagyş ýagmasa, eken ekinim boý almaz, waý ejemiñ gününe! Göni batýan! - diýipdir.
Ependi öýüne gelende, aýaly sorapdyr:
- Ýeri, oglanlar neneñ?
- Biri umydyny ýagyşyñ ýagmasyna, beýlekisi-de ýagmazlygyna baglapdyr. Ýagyş ýagsa-da, ýagmasa-da, biriniñ ejesi aglamaly boljak. Ýagny, sen aglamaly bolarsyñ, keýwany!
• GÜNÜÑ SÖZI
Kemçilikleriñ iñ ulusy öz kemçiligiñden bihabar bolmakdyr!
Rahmi TURAN.
"SÖZCÜ" gazeti, 02.05.2022 ý.
http://kitapcy. com/news/bagtyyarlyk_bayram_gununde_de_bize_yat/2022-05-02-20839
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.