Özüňi tanaryn diýseňiz #10
«Esger» gazeti 04.01.2018ý.
№1 (1292)
GÜLMEK – ÖMÜRDEN ÝA-DA GÜLKINIŇ HÄSIÝETIMIZ BILEN SAZLAŞYGY
Häzirki zaman saglygy goraýyş gullugy oňat duýgularyň bedeniň kesellere garşy durnuklylygyna, ýaramaz duýgularyň bolsa kesellerň döremegine sebäp bolýandygy dürli hili barlaglar esasynda ýüze çykardy. Şol barlaglaryň netijelerine görä, gülki degna dartgynlygyny aradan aýyrýar we ömrüňi uzaldýar. Gözüň ýaşarýança gülmek, tutuş bedeniň biologiki işini çaltlandyryp, döş kapasynyň we ýüregiň myşsalaryny berkidýär. Diýmek, gülki saglyk üçin örän peýdalydyr.
Dogrusy, siziň nähili gülýäniňiz köp babatda siziň häsiýetleriňize bagly bolýar. Muňa anyk göz ýetirmek üçin siz aşakdaky aýdylan hereketleriň özüňizde gabat gelýändigini ýa-da däldigini barlap görüň
Güleniňizde külembike barmagyňyzy dodaklaryňyza degirmekligiňiz, siziň köpçüligiň üns merkezinde bolmagy halaýanlygyňyzy aňladýar.
Güleniňizde agzyňyzy eliňiz bilen tutýan bolsaňyz, onda siz birneme çekinjeň, köplenç ýagdaýda ýygra häsiýetli adam.
Güleniňizde ýüzüňizi ýokary tutup gülmek, siziň ynanjaňlygyňyzy, şeýle-de sahylygyňyzy aňladýar.
Eger-de siz güleniňizde eliňizi ýüzüňize ýetirýän bolsaňyz, diýmek, siz arzuwçyl, hyýalbelent.
Güleniňizde burnuňyzy ýygyrýan bolsaňyz, siziň duýgularyňyz we garaýyşlaryňyz çalt üýtgeýär. Belki-de, siz duýguçyl adam ýa-da ynjyk adam, umuman aýdanyňda, keýpiňiz ýagdaýlara görä üýtgeýär.
Agzyny açyp, gaty gülýän adam hoşniýetli, wyždanly adam hasaplanýar. Adatça, olar duýgularyna we hereketlerine buýrup bilýärler, hiç kimiň göwnüne degmeýärler.
Siziň öz gülüş aýratynlygyňyz arkaly anyklanan häsiýetiňiz babatynda aýdylanlar bilen doly ylalaşmaýan bolmagyňyz mümkin. Eger şeýle bolsa, siz bu zatlary degişme hökmünde kabul ediň, ýöne her degişmede-de hakykatyň bardygyny-da ýatdan çykarmaň...
Taýýarlan Göwher HEMRAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş unwersitetiniň talyby.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.