,,Eje hakynda''

Dokuz aý gynalyp, göwrede saklan,
Nämüçin ýazmaýyn eje hakynda?!
Kemala getirip, ak süýdün haklan,
Nämüçin ýazmaýyn eje hakynda?!

Seni önüp-ösdüren hem Käbäňdir,
,,Dogry ýola gir!’’ diýip ol käýändir,
Dünýäniň diregi hemmä aýandyr,
Nämüçin ýazmaýyn eje hakynda?!

Özi iýmän, bize iýdirendir ol,
Giç bolmanka, enäň gujagyna dol,
Kyn günüňde saňa uzandandyr gol,
Nämüçin ýazmaýyn ejehakynda?!

Mähir berşi, ähli zatdan üýtgeşik,
Nurana ýüzleri, göýä gül keşp,
Eneňdir unutma, iň gowy dertdeş,
Nämüçin ýazmaýyn eje hakynda?!

Sähelçe kyn günde ,,Eje’’ diýmezmiň,
Özi geýmän, geýdirenin geýmezmiň,
Ony ähli zatdan beter söýmezmiň,
Nämüçin ýazmaýyn eje hakynda?!

Söhbet Döwletow.
28.10.2021ý.
6 лайков 301 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
28 окт 2021, 23:20
Baryňyz eje hakda zörledip oturman kaka hakda-da ýazyňdarow...
Sohbet
Автор 28 окт 2021, 23:22
Jeksparro,
Nesip, 2 goşgudan soň kaka hakda-da ýazaryn
Şamuhammet
28 окт 2021, 23:26
Sohbet_Dowletow_official,

Bolýa bir çemçe ganyňa ötdim zaňňar!
nurana
29 окт 2021, 08:41
Like
Leyli Amanowa
29 окт 2021, 14:30
Kemala*
Enejan
29 окт 2021, 16:25
like