Menem kämil ogluň bolaryn bir gün...
-Nämüçin ýazýarsyň özüňi gynap,
Gowşak şygyrlaryň sanyn artdyryp.
Öňem şeýle goşgulardan bez bolan,
Poeziýaň göz ýaşyny akdyryp.
Şahyrlyga dawa etme, eý, ýigit!
Bu ýol agyr, seň çeýnejek çöpüň däl,
Henizem bir pille, aklyňa aýlan,
Soňra saňa peýda bermez ökünmäň.
Ýazýan zatlaryň-a göwnüň ýetenok,
Ýazmaýyn diýseňem, gursagyňda ot,
Körzehiniň näçe gynanyň bilen,
Zehinlileň arasynda ornuň ýok.
Poeziýa yşkyň nusgasy,
Göýä
otly bakyşlarda eglenen nazar,
"Goşgy" diýilýän zat kämil bolmaly,
Kämil goşgulary kämiller ýazar.
-Ýok ykbal! ýazaryn, ýazmasam oňman,
Gowy ýazmak üçin ymtylýan her gün.
Söýgi, ylham, ynam, umyt ber maňa,
Menem kämil ogluň bolaryn bir gün.
Maksat ESENOW.
Gowşak şygyrlaryň sanyn artdyryp.
Öňem şeýle goşgulardan bez bolan,
Poeziýaň göz ýaşyny akdyryp.
Şahyrlyga dawa etme, eý, ýigit!
Bu ýol agyr, seň çeýnejek çöpüň däl,
Henizem bir pille, aklyňa aýlan,
Soňra saňa peýda bermez ökünmäň.
Ýazýan zatlaryň-a göwnüň ýetenok,
Ýazmaýyn diýseňem, gursagyňda ot,
Körzehiniň näçe gynanyň bilen,
Zehinlileň arasynda ornuň ýok.
Poeziýa yşkyň nusgasy,
Göýä
otly bakyşlarda eglenen nazar,
"Goşgy" diýilýän zat kämil bolmaly,
Kämil goşgulary kämiller ýazar.
-Ýok ykbal! ýazaryn, ýazmasam oňman,
Gowy ýazmak üçin ymtylýan her gün.
Söýgi, ylham, ynam, umyt ber maňa,
Menem kämil ogluň bolaryn bir gün.
Maksat ESENOW.
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.