Nämüçin?...

NÄMÜÇIN?..

Sen geldiň.
Şeýle bir üýtgedi zemin.
Sen geldiň.
Şeýle bir ýiteldi zehin.

Sen geldiň.
Bu jahan giňedi gitdi.
Sen geldiň.
Dünýämden ejizlik ýitdi.

Sen geldiň.
Güýz geldiň.
Obamyň bagy,
Etegin ýaprakdan dolduran çagy.

Geldiñ,
Bir jadygöý totyguş bolup.
Güýz geldiň,
Ýaz bolup.
Gitdiň,
Gyş bolup.

Bile durus,
Ýüz menzillik daşlaşyp.
Dilimize badak saldy hoşlaşyk.

Hat ýaz — ýok.
Hoş gal — ýok.
Görüşýänçäk — ýok.
Gamlanyp bolanok.
Gülüp bolanok.

Men mertlige saldym,
Bildirmedim syr.
Ýaşadyk ýarym aý,
Göwnüme — asyr.

Gaýgy-gam bazarna öwrulen dünýä
Gussasyn gözüme güjeňläp gülýä.

Hytaý diwaryna derdimi diräp,
Dymýan.
Oýa çümýän:
Nämüçin?
Nirä?

Göräýmäge
Sebäbem ýok,
Jogabam,
Göräýmäge
Günä-de ýok,
Sogabam.

Ýalñyz perzendini ugradyp jeňe,
Şeýdip gamlanýandyr eneler diňe.

A biz jeňe
Ne ugradýas,
Ne gidýäs,
A biz
Jeñe ýetmän,
Dönüklik edýäs.

Adamlar,
Ýyldyzlar,
Köçeler,
Jaýlar...
Söýgimi paýlaşyp,
Özünde jaýlar.

Gamlanyp bolanok,
Gülüp bolanok.
Dañ nämüçin atýa —
Bilip bolanok.

Şiraly NURMYRADOW

Çeşme: kitapçy.com
5 лайков 112 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
23 апр 2022, 20:44
Nähili ajaýyp goşgy! Poeziýa!